"Biz üç ýyldan bäri çagasyzlykdan kösenýäs. Barlaglarda her gezek dürli jogap alýarys: sowuklama, çaga ýatgysy, gyşyk ýatgy we ş.m ýaly sözler. Indi gelnim bilen EKT etdireli diyen pikire geldik. EKT nirede geçirip bolar?"
Saýtyň okyjysy
Jogaby Oka

"Yatgynyň boýunjygynda eroziýa bolanda önelgesizlige sebäp bolup bilermi? Egerde eroziýany dürli ýollar bilen aýyrsaň önelgesizlige getirip bilermi? Çaga dogurmadan öň eroziýa bar bolsa, ony şeýle ýagdaýda galdyrmalymy ya-da aýyrmalymy?"
Saýtyň okyjysy
Okamany dowam et
"Salam lukman. Dogumdan soň haçan ýatga spiral goýup bolýar?"
Saýtyň okyjysy
Jogaby oka
"Aborta degişli dermanlary haýsy dermanhanadan alyp bolýar?"
Saýtyň okyjysy
Jogaby oka

"Salam lukman! Göwrelilik döwründe menin burnum dykylyp, demimi berenok. Burnumdan suw akýar. Bu ýagdaý çaga üçin howplumy?"
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

"Meniň gelnim göwreli. Göwreliligiň 15-nji hepdesinde bedeninde gijilewik alamatlary peyda boldy. Gowrelilik dowrunde gözegçilik edýän lukmana ýüz tutduk. Ol gelnime kalsiy glýukonat gerdejiklerini günde 3 gezekden 10 gün içmegi maslahat berdi. Gelnim olary kabul etdi, emma gijilewige peýda etmedi. Ondan soň dermatolog lukmanyna ýüz tutanymyzda, ol gelnimiň ganynyň arassadygyny aýtdy we benzilbenzoat melhemini ulanmagy belledi hem-de kömek etmedik ýagdaýynda gijilewigiň göwrelilikden bolup bilmeginiň ähtimaldygyny duýdurdy. Göwrelilikde döreýän gijilewigiň çaga zyýany barmy?"
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam lukman. Meniň durmuşa çykanyma 5 ýyl bolup barýar. Durmuşa çykanymdan 2 ýyl soň göwramde caga galdy. Göwreliligiň 9 aýyndan alanymda içimden sanjy tutup başlady we biz dogrum öýüne baranymyzda, çagamyň içimde ölendigini aýtdylar. Ondan bäri 2 ýyl geçdi, ýöne göwrämde çaga galanok. Onuň sebäbi nämeden bolup biler?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam lukman. Meni gyzyklandyrýan soraga jogap bermegiňizi haýyş edýärin. Menin gan toparym rezus otrisatel. Hazir çagamy göwüsden emdirýarin. Bu çagam üçin zyýanlymy?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

"Salam lukman. Meniñ 2 aýlyk çagam bar. Çep göwsüm bilen emdirip bilemok, emdirsem tirse-tirse ýarylýar we emzik içine gidýär. Bu nämeden şeýle bolup biler? Ýöne göwsümde gatylyk ýok. Men çaga emdirýän döwrüm bejergi alyp bilerinmi?"
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Hormatly lukman! Men bir aýlyk göwreli. Içimiň gatamagyndan kösenýärin. Bu döwürde içiňi ýöreder ýaly nähili dermanlardan peýdalanmak howpsuz?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka