Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
DOGUMDAN SOŇ HAÇAN ÝATGA SPIRAL GOÝUP BOLÝAR?
"Salam lukman. Dogumdan soň haçan ýatga spiral goýup bolýar?"
Saýtyň okyjysy
Hormatly okyjy,
Dogumdan soň ýatgynyň içki gatlagynyň bitişip täzelenmegi, ýatgynyň ýygrylyp, adaty ölçeglerine gelmegi, ýatgy boýunjygynyň dikelmegi üçin 6-7 hepde dowamlylykda wagt gerek bolýar. Göwreliligiň öňüni almak üçin ýatga spirali hem 6 hepdeden az bolmadyk wagtdan soň goýmak maslahat berilýändir. Dogum kesar kesimi arkaly geçirilen bolsa, ýatga spiral serişdesini 5-6 aýdan goýmak maslahat berilýär.
Ýatga spiral goýdurmazdan öň ginekolog lukmanynyň barlagyndan geçip, maslahatyny almak zerurdyr. Jyns agzalarynyň sowuklama keselleri, şol sanda jyns gatnaşygy arkaly geçýän keseller, ýatgydan disfunksional gan akmalaryň bolmagy, ýatgy boýunjygynyň keselleri ýatgynyň içine spiral goýmaga garşy görkezmeler bolup durýandyr.
Hormat bilen, saýtyň lukmany
- 307 gezek okalan