Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
"AÝAL JYNS AGZALARYŇ SOWUKLAMASY" DIÝIP NÄMÄ DÜŞÜNMELI?
"Salam lukman, aýallarda jynsy agzalaryň sowuklamasy diýlen sözleri köp eşidýäris. Bu ýagdaýy giňişleýin düşündiräýseňiz".
Saýtyň okyjysy
Hormatly okyjy,
Aýal jyns agzalaryň sowuklama keselleri ginekologiki keselleriň düzüminiň saldamly bölegini tutýandyr. Ol umumy düşünje bolup, öz içine aýal jyns agzalaryna girýän her aýal agzasynyň sowuklama hadysasyny alýandyr.
Anatomiki ýerleşişine baglylykda aýal jyns agzalary iki bölekden durýandyr: aşaky we ýokarky.
Aşaky jyns agzalaryň keselleri:
↪ Wulwit – daşky jyns dodaklaryň we jynshana girelgesiniň nemli gatlagynyň sowuklamasy;
↪ Waginit – jynshananyň nemli gatlagynyň sowuklamasy;
↪ Serwisit – ýatgy boýunjygynyň serwikal kanalynyň sowuklamasy;
↪ Bartolinit – jynshana girelgesinde ýerleşýän bartolin mäzleriniň sowuklamasy.
Sebäpleri: Daşky jyns agzalarynyň nädogry gigiýenasy, antibiotikleriň kadasyz ulanylmagy, daşky jyns agzalaryň şikeslenmegi, endokrin (süýji keseli, semizlik, metaboliki sindrom) ulgamyň keselleri, gigiýena serişdelerine bolan allergiki täsirliligiň döremegi aşaky jyns agzalaryň sowuklama hadysalarynyň esasy sebäpleri bolup bilerler.
Ýokarky jyns agzalaryň keselleri:
↪ Endometrit – ýatgynyň içki gatlagynyň sowuklamasy;
↪ Pelwioperitonit – kiçi çanaklygyň ýylmanak perdesiniň sowuklama hadysasy;
↪ Parametrit – ýatgynyň ýanyndaky öýjükli gatlagyň sowuklamasy;
↪ Salpingooforit – ýatgy turbalarynyň we ýumurtgalyklaryň sowuklamasy;
↪ Tuboowarial abssesi – ýatgynyň goşundylarynyň irişli sowuklamasy.
Sebäpleri: Ýokarky jyns agzalarynyň sowuklama hadysalarynyň döremegine bejerilmedik jyns gatnaşygy arkaly geçýän keselleriň bolmagy, ýatgynyň içinde geçirilen lukmançylyk emleri, ýatgynyň içine spiral goýmak, dürli adamlar bilen jynsy gatnaşyk geçirmek ýaly sebäpler itergi berip biler.
Görşümiz ýaly, "aýal jyns agzalarynyň sowuklama keselleri" umumy düşünje bolup, kesel kesgidi goýlanda lukman hökman onuň dörän agzasyny, bar bolan gaýraüzülmeleri bellemelidir.
Hormat bilen, saýtyň lukmany
- 306 gezek okalan