Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

ELLERIM NÄME ÜÇIN GIJEÝÄR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.83 (18 Ses)

Salam lukman. Meniň 2,5 ýyl bäri elim gijileýär. Lukmanlara ýüzlensem ekzema ýa-da gribok diýdiler. Prednizolon melhemi ulanmagy bellediler, ýöne ony ulansam aýrylýar, ulanmasam ýene başlaýar. Sowuklamany bejermek üçin "otly ukol" diýilýänini aldym. Şondan boldumyka ýa-da iýmit-siňdiriş agzalarda kemçilik barmyka? Maslahatyňyza mätäç.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 1848 gezek okalan

DERÄ ÇÜMEN DEL JISIMLER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.46 (13 Ses)

Salam lukman. Men üç ýyl mundan öñ deňze gidemde iki göwsümiň aşagyndaky derä aýna bölejikleri çümdi. Olar meni biynjalyk edenok. Ýöne olaryň çykarylman galdyrylmasy howply dälmi?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 1774 gezek okalan

BUTLARYŇ TENMEGINE GARŞY ÇÄRELER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.12 (17 Ses)

Hormatly lukman! Yssy howalarda gyzlaryň köpüsiniň butlarynyň iç ýüzi tenýär we olaryň arasy gyzaryp, soňundan garalmak bilen bolýar. Bu ýagday bizi utandyrýar. Dörän gara tegmilli yzy aýyrmak üçin nämeler ulanyp bolýar?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 1883 gezek okalan

ÝÜZÜM NÄME ÜÇIN GYZARÝAR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.58 (19 Ses)

Salam hormatly lukman!  Meniň ýüzümiň reňki endamymyň başga ýerleriniň reňkine seredeniňde has gyzyl reňkli. Haçanda sowuk ýa-da yssy howa bolanda, güne çykanymda reňkim gyzarýar. Meniň yssa we sowuga bolan allergiýam bar öýdýän. Munuň sebabi nämeden bolup biler? Haýsydyr bir ýol bilen bejerip bolarmy ?

Hormatlamak bilen, saýtyň okyjysy.

Hormatly okyjy!

Her kimiň bedeniniň dürli bolşy ýaly, derisi hem dürli häsiýetlidir. Kim arassa akýagyz  derili bolsa, başgalar bugdaýreňk bolýar. Üçünjileriň dulugyndan gan damjak bolsa, käbirleri sebäpli we sebäpsiz gyzarýarlar. Ýüzüň derisiniň gyzarmagy kimde aşa tolgunmalaryň netijesinde bolup geçse, başgalarda sebäpsiz döräp, kadaly ýagdaýa eýe bolýar we adam oňa erk edip bilmeýär. Bu ýagdaý adamy oňaýsyz ýagdaýa salyp, ony özüne kembaha garamagyna, aljyraňňylyga getirip biler.

Eger siz bu ýaramaz ýagdaýdan dynmagy ýüregiňize düwen bolsaňyz, onuň sebäbini anyklamaga çalşyň.

Jogabyň dowamyny oka

  • 3590 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.20 (5 Ses)

Salam lukman! Meniň elimiň birinji barmagyna örgün örüp başlap, Ilki gijedi, soň ýüzi kesmekläp jaýrylyp başlady. Başda kän ünsem bermedim, adaty el kremlerini çalan boldum. Soň beýleki barmaklarymada geçip başlady. Üýtgeşik ellän zadym hem ýok. Onsoň lukmana ýüz tutdum. Bejergi ýazdy:natriý tiosulfat ergininiň sanjymy 1 wagtyna 5 gün, mezim 3 wagtyna, suprastin 2 wagtyna, salisil turşulygy, Sinoflanyň melhemi. 5 günden elim düzeldi. Ýene-de 1 hepde geçensoň gaýtadan bildirip başlady. Sinoflan melhemini 3 gün çaldym welin aýryldy. Biraz wagtdan örgün ýene gaýtalanýar. Bu barada maslahat berseňiz hoşal bolardym.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 3443 gezek okalan

ÝANYKDAN SOŇ ÝARANYŇ BITMEGI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.20 (5 Ses)

Salam lukman! Menin elim bilen ýüzüm otda ýandy. Lukmanlar 2 derejeli ýanykdygyny kesgitlediler. Bejermek üçin ulanan dermanlarym – lewomekol, dermazin, oblepiha ýagy, ýaşyl ýod. Hazir bepanten plýus melhemini hem-de Berzeňňi şypahanasynyn suwuny ulanýaryn. Ýöne ep-esli wagt geçendigine garamazdan ýüzüme täze deri bitmesi haýal we ýanygyn yzy gyzaryp dur. Sizden maslahat bermeginizi haýys edýärin.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 2100 gezek okalan

DERI KESELLERINE DEGIŞLI MASLAHAT

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.11 (9 Ses)

Salam lukman! Men 27 yaşymda. Takmynan 19-20 yaşymdan bari bedende allergiýa netijesinde dörän gijilewükden ejir cekip gelýärin. Gijilewük gyşda has guýjäp, ýazyna bolsa azalýar. Kabul edýän dermanlarym: natriniň hlor erginini damja görnüşde, kalsiý glýukonaty sanjymda, deksametazon (has beterleşen wagty) we her gün suprastin gerdejikleri. Iymitlenmede ajy, süýji we süýt önümleri ýaramaýar. Sowuk howa ýagdaýyma ýaramaýar, yssy howa ýaraýar, ýöne derlän wagtym gijileme güýjäp, derim kepek görnüşde soýlup dökülýär. Men keselim psoriazmyka diyip gorkýan. Eger psoriaz bolsa bejerip bolanok diýýärler. Şol sebäpli deri keselleri hassahanasyna barmakdan çekinýärin. Dine ýaz aýlary bejergi almak maksady bilen Arçman şypahanasyna we Ýyly suwa gidýärin. Maňa bu keselden dynmagyň çäreleri barada maslahat bermegiňizi haýyş edýärin.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4441 gezek okalan