![](/images/stories/2012/sorag-f.jpg)
Salam, hormatly lukman! Ellerimde birki sany siňňil bardy we olar wagtyň geçmegi bilen köpelip başlady. Olara nähili bejergi almalydygyny maslahat bermegiňizi Sizden haýyş edýärin.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
![](/images/stories/2012/sorag-f.jpg)
Salam, lukman aga! Gaýrat edip, şu soraglaryma jogap bermegiňizi haýyş edýärin: Goňak näme sebäpden çykýar? Ony nädip we näme bilen aýryp bolýar? Jikme-jik berjek jogabyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
![](/images/stories/2012/sorag-f.jpg)
Salam, hormatly lukman! Meniň joramyň ýüzi çişip, lukmana görkezende, oňa ýüzünde kista bar diýip aýtdylar. Şular ýaly kesel adamda bolýarmy? Ol nämeden döreýärkä? Jogabyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
![](/images/stories/2012/sorag-f.jpg)
Salam, hormatly lukman! Men goňaklaryň nähili emele gelýäni, näme sebäpden döreýänini we ondan nädip dynyp bolýandygy barada bilesim gelýär. Şular barada maglumat bermegiňizi haýyş edýärin.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
![](/images/stories/2012/sorag-f.jpg)
Salam, hormatly lukman! Meniñ bedenimiñ käbir ýerlerinde dürli ölçegdäki düwün ýaly çişjagazlar bar. Gören adamlar olara "žirowik" bolaýmasa diýýärler. Olaryñ agyrysam ýok welin, onda-da aýryp bolmaýarmyka? Maslahatyñyza garaşýaryn, sag boluñ!
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
![](/images/stories/2012/sorag-f.jpg)
Salam, hormatly lukman! Meň näme? Ol nädip emele gelýär? Meñleri aýryp bolýarmy? Ony gysyp aýyrsaň bolýarmy?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
![](/images/stories/2012/sorag-f.jpg)
Salam, hormatly lukman!
Meniň jigimde göni iki gaşynyň arasynda nar bardy, doglanda kiçijek nokat ýalydy. Indi 5 aý doldy welin, naryň ölçegi gitdigiçe ulalyp barýar. Halk arasynda nar diýseň aýrylýar diýýärler welin, lukmançylykda nähili maslahat berilýärkä? Ýene-de onuň ýeňse tarap saçy sakar we sary saç ýerinde tüýleri ýukajyk. Saçy syrylandan soňra garalarmyka? Şu soraglarymyza jogap berseňiz hoşal bolardyk.
Hormat bilen, saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
![](/images/stories/2012/sorag-f.jpg)
Hormatly lukman!
Il arasynda "pis açma" ady bilen belli bolan kesel nähili kesel? Ony bejerip bolýarmy?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
![](/images/stories/2012/sorag-f.jpg)
Yüzdäki, arkadaky düwürtikleri, yüzüň yagyny nädip aýyrmaly? Olar meni gaty heläk edýär! Maslahat bermegiňizi hayyş edýärin.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka