Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

BUTLARYŇ TENMEGINE GARŞY ÇÄRELER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.21 (19 Ses)

Hormatly okyjy!

Köplenç uzak ýöremeler netijesinde, iki butlaryň arasynda tenmeler we olaryň netijesinde gara yzly tegmiller döreýär. Bu gara tegmiller elbetde, deňziň kenaryna suwa düşmäge çykylanda oňaýsyzlyk döredip bilerler.

Butlaryň iç ýüzüniň garalmagy bedeniň artymaç agramlylygy ýa-da deriniň kömelekli zeperlenmesi netijesinde döräp biler.

Eger uzak ýöremeler, ylaýtada yssy günleri bu ýagdaýyň döremeginiň ýeke-täk sebäbi bolýan bolsa, onda tenmekligi azaltmakda we butlaryň garalan (pigmentirlenen) ýerlerini aýyrmakda peýdaly bolup biljek maslahatlary berip bolar:

► Içki eşikleri dogry saýlama. Ol sizin ölçegleriňize laýyklykda saýlanyp, sintetiki süýümleri saklamaly däldir we butlaryň iç ýüzüni degip sürtüp biljek oňaýsyz tikinleri bolmaly däldir.

► Derlegenlige we tenmeklige garşy öňden belli bolan serişdeler – ýeralma krahmaly, çagalar üçin niýetlenen guradyjy toz (prisypka), kosmetiki talk hem netijeli ulanylýandyr. Şeýle kynçylyklaryň öňüni almak üçin krahmal we prisypka welosiped sürüjiler tarapyndan hem ulanylýar.

► Şeýle ýagdaýlarda talk saklaýan, çalynýan ýa-da pürkülýän görnüşde öndürilýän antipersperantlari hem netijeli ulanyp bolýar. Bu serişdeleri arassa ýuwulan we gowy guradylan derä çalmak maslahat berilýär.

► Ýagdaýa görä derman serişdelerini ulanyň. Tenmek netijesinde deriniň zeperlenmesi (dermatit) dörän bolsa, alawlama hadysalaryny aýyrmak üçin "Boro-plýus", "Pantestin", "Desitin" melhemlerini, şikeslenen derini dikeltmek üçin allantoin we pantenol saklaýan melhemleri ulanma maslahat berilýär. Garalan deri örtügini agartmak üçin bolsa, her gün yzygiderlikde idetme çärelerini geçirmek maslahat berilýär: duş kabul edip, garalan ýerleri guradyň we C witaminini, hyýar suwuny, gidrohinon saklaýan kremleri çalyň. Agartmak maksady bilen garalan derä limon bölejiklerini goýma ýa-da salisil spirt, wodorodyň öteturşy ergini bilen süpürme (ýöne derini ýakaýmaň) hem bolýandyr.

Garalan derini agartmakda kosmetologlar tarapyndan turşylyklaryň utgaşmasyndan ybarat derman serişdesini ulanma we lazer bilen agartma çäreleri hem ulanylýar. Ýöne gynansakda, Aşgabat şäherinde şeýle agardyş usullary ulanýan kosmetolog otaglary barada bizde maglumat ýok.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 3346 gezek okalan