Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GÖWRELILIKDE DÖREÝÄN GIJILEWIK ZYÝANLYMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.94 (16 Ses)

Hormatly okyjy!

Göwrelilik döwründe deride döreýän dürli örgünler, şolar netijesinde biynjalyk edýän  gijilewik gormonal üýtgemeler netijesinde ýüze çykýandyr we estrogen gormonynyň derejesiniň peselmegi bilen düşündirilýändir.

Göwrelilik döwründe gijilewigi iteşen (krapiwnisa) örgüniniň emele gelmegi hem döredip biler. Bu ýagdaýda ilkibada garynda, soňra ýanbaşda, butlarda, döşde we ellerde çişginli, gyzyl tegmil görnüşli örgünler peýda bolýar. Bu örgünleri allergiki täsirliligi peseldýän umumy we ýerli ulanylýan serişdeleriň kömegi bilen bejerip bolýandyr.

Göwrelilik döwründe garnyň ýüzünde döreýän owunjak örgünlere bolsa göwreliligiň ýasmajyklary ýa-da göwreliligiň dermatozy diýilýär. Döreýän gijilewigi aýyrmak üçin salkyn ýapgylar, antigistamin serişdeler we losýonlar ulanylýandyr. Kähalatlarda göwreliligiň dermatozy örgünler ýüze çykmazdan, diňe gijeme bilen ýüze çykyp bilýändir.

Gijilewik alamatyny ýörite berhiziň tutulmagy peseldip biler. Iýmitden düzüminde alawlama we allergiki täsirlilige getirýän gistamin işjeň maddany saklaýan önümleri (kofe, şokolad, çakyr) aýyrmak maslahat berilýär. Bu ýagdaýda pektin saklaýan önümler (meselem, gök alma) we ösumlik süýümleri peýdaly bolup biler.

Gijilewik alamaty çaga üçin hem, ene üçin  hem howpsuzdyr. Lukmanyň maslahatyndan soň, ýörite bellenen derman serişdeleriň kömegi bilen gijilewigi aýryp bolýandyr we bu alamat göwrelilikden soň geçip gidýändir.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 4570 gezek okalan