
İlkinji göwrelilikde göwredaki çaga düşürlende (abort edilende) ikinji gezek çaga galmaýar diýýärler. Bu dogrumyka?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam hormatly lukman. Men siziñ saýtyñyzy höwes bilen okaýan. Mende şeýle sorag bar. Meniñ gelnimiñ ilkinji göwreliliginiň 33-34 hepdesi dowam edýär. Gelnimiñ aýagynda hem-de elinde çişler peýda boldy. Bu howplumy? Çişleri aýyrmak üçin nämeleri etmek peýdaly bolarka?
Saýtyň okyjysy, Kerim.
Jogaby oka

Salam hormatly lukman! Men 19 hepdelik göwreli gelin. USB-ny geçemde göwrämdäki çaganyñ ýan suwunyñ hapalanandygyny aÿtdylar. Munuñ nähili ÿüze çykyšyny we howplulygy barada düşündiriş bermegiňizi haýyş edýärin.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam lukman! Men 18 hepdelik göwreli gelin. Men ÿüregimi EHO barlagyndan geçirsem göwrämdäki çaga zyÿany barmyka?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Hormatly lukman! Aýal maşgala çagany dogrup bilmedik ýagdaýynda kesar kesimi operasiýasy geçirilýär. Şeýle operasiýadan soň aýal maşgala nace gezek göwreli bolmak rugsat berilyär? Meni ýene bir sorag gyzyklandyrýar: eger ýatgyň agzy iki bolsa zyyany barmyka we bu lukmançylykda bolýan zatmy?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam lukman! Men gowreli gelin. Gowrelilik döwri mende agyr geçýär. Şeyle bolsa-da 37 hepde yzda galdy. Indi az wagtym galdy. Göwrelilik başlanandan bari gan azlylyk I derejede, gipertonus, bowreklerimde kemçilik, sag aýagymda warikoz damarlaryň çykmagy biynjalyk etdi. Lukmanyň ýanyna ýygy-ýygydan barýan we bellän bejergilerini doly alýaryn. USB-yň netijeleri: yatgynyň çep arteriýasynda gan aýlanşygynyň bozulmagy. Göwrelilik 36-37 hepde. Suwy gomogen, ýoldaşy yzky diwarda, suwy kadaly, düwünçek 1 sany, çaga dogulys synasy kelleleýin, ýürek urgusy 144, ýoldaşynyn galyňlygy 3,5 sm. Netije: ýatgy-ýoldas gan aýlanşygynyn bozulmagynyň I A derejesi. Şeýle netije bilen, eger howply bolmasa men keselhana yatmakçy dal. Umuman gan aylanşygyň bozulmagy name? Bu barada düşündiraýseňiz! Bilşiňiz ýaly, 2 hepde ýaly wagtym galdy. Eger hiç bir howply zady bolmasa, men dogrum wagtyma çenli öyde galmakçy. Sizin jogabyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam lukman! Men daşary ýurtda okayan we her ýyl öye gidip okaýan ýurduma gaýdamsoň bilimiň geliş tertibi üýtgeýär. Ýöne bu gezek 4 ay bilimiň gelmändigi sebäpli ciklodinon gerdejigini kabul edemsoň aýbaşym 1 hepde geldi. Indi hem ýene 2 aýlap gelmänsoň men USB-ny geçdim. Maňa "nedostatoçnost 2 fazy" diýen kesel kesgidini goýdular. Bu nämäni aňladýarka we men nähili bejergi almaly bolaryn?
Saýtyň okyjysy, Aýläle.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukmanlar! Türkmen halkynyň ýaşaýyş medeniýetinde müňlerçe yrymlara duş gelinýär. Käbirleri lukmançylyk taýdan tassyklanýan bolsa, käbirleri lukmanlarda gülki döredýär. Meniň şeýle soragym bar. Ýaşy uly zenanlarymyz aýala çaga doguran badyna uklamagy gadagan edýärler. Eger derrew uka gidäýse, aýal maşgalanyň psihikasyna zeper ýetýärmişin. Şu toslamamy ýa-da hakykat? Jogabyňyza öňünden minnetdarlygymy bildirýärin.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam. Men 19 yaşymda, özüm hem 6 aýlyk göwreli. 4 aýymy doldurup (18 hepdelik) USB-ny geçdim. Şonda göwrämdäki çaganyn gyzjagazdygyny aýtdylar. Meni gyzyklandyrýan zat- şol möhletde çaganyň jynsyny anyk bilip bolýarmy?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam hormatly lukman! Çaga kesilip alnandan son aýalyň saglygy babatynda nählil çäreleri geçirmeli? Şu barada giňişleýin gürrüň beraýseňiz sizden hoşal bolardym!
Saýtyň okyjysy, Guwanç.
Jogaby oka