Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÇAGA ÝAN SUWLARYNYŇ HAPALANMAGY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.10 (10 Ses)

Hormatly okyjy!

Çaganyň ýan suwlarynyň hapalanmagy onuň dowamly kislorod ýetmezçilikli ýagdaýa düşenliginden habar berýär. Enäniň dürli keselleri- ýörek-damar we peşew-çykaryş ulgamynyň keselleri, gan azlylyk, süýji keseli, dürli ýokançlyklar ene-çörekçe-çaga gan aýlanşygynda bozulmalaryň döremegine getirip, kislorod ýetmezçiliginiň sebäbi bolýandyr. Kislorod ýetmezçiligi çaganyň artbujagynyň gysylyp, ilkinji çaga täretiniň-ýaşylymtyl reňkli mekoniniň çykyp ýan suwlarynyň hapalanmagyna getirýär.

Bu ýagdaýyň bejergisinde sebäp bolan keseli bejermek, ýatgy-çaga gan aýlanşygy gowulandyrýan (aktowegin, trental), çörekçäniň kislorody kabul edişini ýeňillerşdirýän(essensiale), kislorod üpçünçiligini ýokarlandyrýan (glýukoza, C witamini, E witamini) serişdeleri kabul etmek peýdaly netijeleri berer. Bejergi tapgyry geçenden soň, gaýtadan çaganyň ultrases barlagyny, 19-24 hepde aralygy doppler barlagyny geçme, çaganyň we onuň ýan suwlarynyň, gan aýlançygynyň ýagdaýyna gözegçilik etmäge kömek eder. Öz lukmanyňyzyň gözegçiliginde boluň.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 4183 gezek okalan