Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

KESAREWO KESIMI WE SOŇKY GÖWRELILIKLER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.14 (7 Ses)

Hormatly okyjy!

Lukmançylykda kesarewo operasiýasyndan soň, 2-3 gezek göwreli bolmak rugsat berilýändir. Ýöne lukmanlar geçirilen operasiýadan soň, indiki göwreliligi 2-2,5 ýyldan meýilleşdirmegiň zerurlygyny belleýärler. Bu möhleti aşa uzak çekmegiň gereginiň ýoklugyny hem aýtmalygyr. Lukmanlar ony wagtyň geçmegi bilen kesilen tyg ýeriniň birleşdiriji dokuma bilen örtülip, süýnmäge mümkinçiligiň bolmaýandygy bilen düşündirýärler.

Lukmançylykda ýatgynyň goşa (iki şahly) bolan ýagdaýynda, ýatgynyň boýunjygynyň hem goşa, hatda jynshananyň hem iki bolýan halatlaryna duş gelip bolýandyr. Bu ýagdaýlar doga kemçiliklere degişli edilip, olaryň esasynda 12 hepdä çenli möhletde jyns agzalaryň emele gelşiniň bozulmalary ýatýandyr. Ýatgynyň bedeni kadaly anatomiki görnüşde bolup, onuň boýunjygy goşa bolan ýagdaýynda, çaga kesarewo kesimi arkaly dünýä indirilip bilner. Jyns agzalaryň doga kemisliklerinde, görkezme bilen plastiki operasiýalaryň dürli görnüşleri ulanylýandyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 4459 gezek okalan