Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ABORTA DEGIŞLI DERMANLARY HAÝSY DERMANHANADAN ALYP BOLÝAR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

aborta degisli dermanlar"Aborta degişli dermanlary haýsy dermanhanadan alyp bolýar?"

Saýtyň okyjysy

Hormatly okyjy,

Sizi gyzyklandyrýan medikamentoz (dermanlaryň ulanylmagy bilen geçirilýän) abort-ýatgynyň içindäki çaga düwünçegini hirurgiki usul bilen däl-de, dermanlaryň kömegi bilen aýyrmakdyr.

Onuň üçin mifepriston we mizopristol derman serişdeleriniň utgaşmasy ulanylýar.

Medikamentoz aborty özbaşdak geçirmek maslahat berilmeýär we bu aýalyň saglygy üçin howply bolup biler. Çünki dermanlar bilen geçiriljek abort üçin şertleri, aýal tarapyndan döräp biljek gaýraüzülmeleri, geçirmäge garşy görkezmeleri diňe ginekolog lukmany kesgitläp biler. Bolup geçen abortyň netijeliligini hem lukman kesgitlemelidir.

Edil şonuň üçin hem, bu derman serişdeleri dermanhanalarda açyk satylmaýar. Ýaşaýan ýeriňize hyzmat edýän Saglyk Öýüň ginekolog lukmany degişli barlaglary geçirip, aýala derman serişdelerini bellenen tertipde we wagtda berip biler.

Derman bilen geçirilýän abort barada giňişleýin maglumat almak üçin saýtymyzda ýerleşdirilen "Medikamentoz abort: artykmaçlygy, geçiriliş aýratynlyklary, gaýraüzülmeleri" makalasy bilen tanyşmagy maslahat berýärin.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 124 gezek okalan