KORONAWIRUS BILEN BAGLY ÝAGDAÝLAR (03.07.2020)

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.32 (96 Ses)
Image

ÜNS BER!

Biz COVID-19 baradaky fakt-barlaglarymyzda halkara derejede tanalýan saglyk guramalaryna we saglyk hünärmenlerine esaslanýarys. Epidemiýa baradaky maglumatlaryň yzygiderli täzelenip durýandygy sebäpli, biziň hem fakt-barlaglarymyz şolara görä täzelenip durýar. Eger-de lukmançylyk maslahatyny gözleýän bolsaňyz, lukmana ýüz tutuň. COVID-19 barada goşmaça maglumat almak üçin Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň websaýtyny okaň.

HABARLAŞMAK KONTAKTLARY

Türkmenistanyň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň salgysy: tel: +993 12 28-14-47, 28-22-04;

Türkmenistanyň Saglygy Goraýyş ministrligi: tel: +993 12 40-04-16, +993 12 40-04-07;

1-nji aprel: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi 24 sagat işleýän koronawirus boýunça sorag-jogap gyzgyn liniýasyny açdy – 73-95-35;

BSGG Türkmenistan: +993 12 48-83-25;

@BSSG Turkmenistan (Instagram), @UN_Turkmenistan, @UNDPTM, @UNRССA (UN Regional Center for Preventive Diplomacy for Central Asia)

27 IÝUN - 03 IÝUL 2020

Koronawirus (COVID-19) bilen bagly ýagdaýlara syn:

John Hopkins University and Mediсine: : 188 ýurtda kesellänler: 10906822, ýogalanlar: 522112, sagalanlar: 5783954.

BSGG/WHO: Gazagystan: kesellänler: 42574, ýogalanlar 188, Gyrgyzstan 6261 (66), Özbegistan 8904 (26), Täjigistan 6005 (52), Russiýa 661165 (9683), Owganystan 32022 (807), Türkiýe 201098 (5150), Azerbaýjan 18112 (220), Eýran: 230211 (10958).

Daşary işler ministri R. Meredow: "Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hünärmenlerine garaşýarys. Geliň, biziň bilen işleşsin we Türkmenistandaky ýagdaýlara obýektiw baha beriň. Biz muňa taýyn!" 23-nji aprelda BSGG-nyň Ýewropa regiony boýunça edarasynyň direktory Hans Klýugen takyk seneleri görkezmän sapara taýarlanýandygyny yglan edipdi.

↪ Saglyk.org: "Biz Saglygy Goraýyş Ministrliginden mediýa we ilata olaryň saglygy we howpsuzlygy barada ideologiýa däl-de, ylmy faktlara esaslanýan maglumatlary ýetirip durmagyny soraýarys". Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ministrligine teklipler.

BMG Türkmenistan bilen söhbetdeşlik: "Näme üçin Türkmenistanda COVID-19 ýok?"

Human Rights Watсh: "Türkmenistan häkimiýetleri koronawirusyň ýüze çykandygyny inkär etmek bilen ilatyň saglygyna howp salýar. Türkmen hökümeti ýurtda keseliň gidişi barada maglumatlary gyssagly ýygnamaly we ýaýratmaly, COVID-19 testlerini giňden elýeterli etmeli we saglyk işgärlerini ýazgarmagy bes etmeli".

↪ Bütündünýä Saglygy Goraýyş Guramasy lukmanlar üçin onlaýn, rus, türk dillerinde, tölegsiz COVID-19 okuw kurslaryny alyp barýar.

Daşary Işler Ministrligi: Daşary ýurt döwletlerinde bolýan Türkmenistanyň raýatlarynyň özlerine bagly bolmadyk ýagdaýlaryň ýüze çykmagy sebäpli Türkmenistana dolanyp barmak üçin şahadatnamanyň hereket edýän möhleti 1 (bir) aýdan 6 (alty) aýa çenli uzaldyldy.

BSGG-nyň baş müdiri Dr. Tedros: "COVID-19-iň erbet ýagdaýlar öňümizde" we "bölünen, agzala dünýämiz" onuň ýaýramagyny çaltlaşdyrýar.

HelpAge International: Bütin dünýäde pandemiýanyň döwründe bejerişde, idegde ýaş hassalaryň ileri tutýlýandygy sebäpli garry, uly ýaşly hassalara gerekli ideg berilmeýändigi aýdyň boldy.

Imperial College London: Italiýanyň bir şäherinde geçirilen barlagda COVID-19 hassalarynyň 40%-de keseliň alamatlarynyň bolmandygy anyklandy; netijeler asimptomatiki (alamatsyz) adamlaryň wirusy ýaýratmagyň açarydygyny subut edýär.

↪ Ýewropa Geňeşi 1-nji iýuldan başlap 15 ýurt üçin COVID bilen bagly syýahat çäklendirmelerini ýatyrjakdygyny habar berdi.

BAŞGA HABARLARDA:

↪ Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) ýerine ýetiriji direktory Natalýa Kanem türkmen hökümetiniň ilatyň reproduktiw saglygyna ünsi artdyrmaklyga gönükdirilen çäreleriniň netijeliligini nygtady. Türkmenistanda eneleriň ölüminiň derejesi – her 100000 diri dogrumda 10 ölüm (2017 ýyl). Türkmenistanda bäş ýaşdan kiçi bolan çagalaryň ölüminiň derejesi – her 1000 çagadan 46 ölüm (2018 ýyl). BSGG-nyň hasabatyna görä Türkmenistandaky aýallaryň takmynan ýarysy semiz, 17% aşa semiz.

↪ Türkmenistanyň "Saglyk" döwlet maksatnamasy 25 ýaşady. Maksatnama doly görnüşde ilata onlaýn elýeterli däl. 2019 Global Health Security Index (GHS) hasabaty dünýäde 195 ýurtlaryň saglyk howpsuzlygyna, olaryň epidemiýalara, ýokanç kesellere garşy taýýarlygyna baha berýär. Türkmenistan bu ugurda 195 ýurduň arasynda 135-nji orunda ýerleşdirildi. GHS indeksi Ýadro howpy initiatiwasy (NTI) we Johns Hopkins Saglyk Howpsuzlyk Merkeziniň (JHU) taslamasy bolup, Economist Intelligence Unit (EIU) bilen işlenip düzüldi.

UNFPA guramasy türkmenistanlylary #arzylyzenan ( #shecounts ) kampaniýasyna gatnaşmaga çagyrýar. Pikirler: "Men bu ýürekgysgynç, howaýy, owadan sözleri manyly hereketlere öwürmegimizi möhüm hasaplaýaryn". UNICEF we TurkmenStat (MICS) barlaglaryna görä, 15-49 ýaş aralygyndaky türkmenistanly zenanlarynyň 35%-i ýanýoldaşlarynyň olara el galdyrmaga haky bar diýip ynanýarlar.

Saglyk.orgСOVID-19 ähli soraglaryňa jogaplar. Oka, goran, paýlaş! Bizi IMO-da hem yzarlaň! (Group Name: Saglyk; Group ID: 15022763

ELLERI NÄDIP DOGRY ÝUWMALY?

SEN NÄDIP SALAMLAŞÝARSYŇ?

Image

Salamlaşanyňyzda

BOLMAÝAR:

Elleşmek;

Gujaklaşmak;

Öpüşmek.

BOLÝAR:

Baş egmek;

Mylaýym ýylgyrmak;

Eliňi galgatmak;

Eliňi ýüregiňe goýup egilmek.

A SEN NÄDIP SALAMLAŞÝARSYŇ?

#salamlaşmak #koronawirus