Howanyň sowamagy, çaltdan sowuk howa bilen ýyly howanyň çalşyp durmagy sebäpli uly adamlaryň, ylaýta-da ýaş çagalaryň arasynda burun dykylma alamatly näsaglar köpelip başlady.
Burun näme sebäpden dykylýar?
Burun dykylmanyň sebäbi rinit – bu burun boşlugynyň nemli bardasynyň gaýnaglamasy bolup, dürli derejede ýüze çykýan burun dem almasynyň kynlaşmagy (burun dykylma), burundan dürli reňkde bölünip çykmalar, asgyrmak, gözüň ýaşarmagy ýaly alamatlar bilen häsiýetlendirilýär.
Dowamy
Gigiýena ylmynyň, lukmançylygyň saglygy goramak maksady bilen tebigy gurşawyň, ýaşaýşyň we zähmetiň adam bedenine ýetirýän täsirini öwrenýän bölümidigi köpümize belli bolsa gerek. Biziň her birimiz gigiýenanyň düzgünlerini bilmäge hem-de berjaý etmäge ymtylmalydyrys. Eýsem, biziň günlerimizde mekdep okuwçylarynyň hemmesi (olaryň ene-atalary hem) mekdep gigiýenasynyň talaplary babatda habarlymyka? Mekdep dersleriniň köpsanlylygy we olary özleşdirmäge bildirilýän talaplar, okuwçy çagalara hödürlenýän ägirt uly maglumatlar toplumy çagalardan uly fiziki we ruhy işjeňligi talap edýär. Mekdep okuwçysynyň gün tertibiniň dogry gurnalmagy, beden agzalarynyň ýagdaýyna kadaly gözegçilik etmek, dogry iýmitlenmek, taplanmak, bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmek, zyýanly endiklerden ýüz öwürmek ýaly gigiýenanyň düzgünleri çaganyň saglygyny goramaga hem-de ony mekdep düzgünlerine uýgunlaşdyrmaga ýardam berýär.
Dowamy
Siz iň ünjüli we birahat adamlaryň hataryna kimiň girýändigini bilýärsiňizmi? Elbetde, ähli ata-eneler. Bu maglumat hiç birimiz üçin geň däldir, sebäbi perzendi bar bolan adamlarda günüň-gününe howsala düşmek üçin täze-täze sebäpler döräp durýar. Şolaryň biri-de çagalarda ukynyň bozulmagydyr. Hemmetaraplaýyn mähir-muhabbet, alada bilen gurşalan körpejelerde bu ýagdaý ýüze çykmajak ýaly. Eýsem, – "edil bäbek ýaly uka gidipdir", – diýip ýöne ýere aýdylan däldir ahyry. Sebäbi adatça, belli bir kada laýyklykda çagalar:
Dowamy
Nerw ulgamynyň esasy wezipeleri bedende bolup geçýän ähli fiziologiki tapgyrlary sazlamagy we daşky gurşawyň täsirine üznüksiz uýgunlaşmagy üpjün etmekden ybaratdyr. Nerw ulgamynyň entek adamyň ösüşiniň başlangyjynda – düwünçek döwri (2-3 hepdeden) düýbi tutulyp, enäniň göwresindäki geçiren galan wagtynda yzygiderli ösýär hem kämilleşýär.
Çaga dünýä kämilleşmedik görnüşdäki beýni bilen doglup, onuň galan ösüşi daşky gurşawyň täsiri esasynda 20-25 ýaşa çenli dowam edýär. Körpejäniň nerw-psihiki ösüşüne, işlenilip taýýarlanan ölçegler esasynda, ýaşaýşynyň birinji ýylynda her aýda, ikinji ýylynda dört aýdan bir gezek, üçünji ýylynda bolsa ýarym ýylda bir gezek baha berilýär.
Dowamy

Häzirki döwrüň çagalary 10-20 ýyl mundan ozalky çagalar bilen deňeşdirlende giç dil açýarlar. Öň çaga 1,5 ýaşynda gepläp başlaýan bolsa, indi ol 2-2,5 ýaşynda, oglanjyklar bolsa käte 3 ýaşynda gepläp başlaýar. Munuň esasy sebäbi maglumatlaryň agdyklygynda, ekologiýanyň ýaramazlygynda, geljekgi eneleriň saglygynyň gowşaklygynda bolmagy mümkin.
Çaganyň ösüşi bilen bagly meseleleriň içinde onuň sözleýişi ene-atany iň biynjalyk edýän meseleleriň biridir. Wagtynda gepläp başlamadyk çaga kadaly ösmeýän ýaly görünýär. Körpe geplemese ýa-da öz deň-duşlaryndan az geplese, ene-ata howsala düşýär. Bu esasan hem maşgalada ilkinji çaga degişli bolýar. Mümkin, bu mesele ilkinji çaganyň ösüşi babatda ene-atanyň tejribesiniň heniz ýeterlik bolmaýanlygy bilen baglydyr.
Dowamy
Maşgalada çaga dünýä inen gününden, ene-ata diňe şonuň aladasy bilen ýaşap başlaýar. Olar öz çagasynyň akylly, fiziki we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny isleýär.
Çaganyň kadaly ösmegine, umumy sagdynlygyna maşgala asudalygy, emosional gurşaw bilen birlikde onuň iýmitlenmesi hem täsir edýändir. Çaga ömrüniň ilkinji günlerinden 1, 5-2 ýaşaýança, ene süýdi bilen iýmitlenýär. Ene süýdüniň ornuny tutup biljek zat ýokdur, sebäbi onuň düzüminde çaga gerekli ähli ýokumly maddalar bolýar.
Dowamy
Çaga ömrüniň oňat başlanyp, bütin ömrüne sagdyn bolmagy üçin ene süýdi örän ähmiýetlidir. Ene süýdi körpe üçin tebigy we peýdalydyr. Onuň düzüminde körpäniň beden we akyl taýdan kadaly ösmegi üçin ýokumly maddalar bolup, ony hemmetaraplaýyn goraýandyr.
Ýöne, gynansak-da, käbir tejribesiz eneler "bilimsireýän" adamlaryň gepine gidip, "süýdüm ýok" bahanasy bilen, bäbegi emdirmegi bes edýärler. Ýöne körpäni ene süýdi bilen emdirmeklik gaty wajyp bolansoň, bu babatda eliňden geleni aýamaly däldir. Lukmançylyk çeşmeleriň-de köpüsi ene süýdi bilen iýmitlendirmegi maslahat berýärler. Näme üçin? Geliň, munuň sebäplerine garap geçeliň.
Dowamy
Tutgaýlaryň döremegi çagalarda nerw ulgamynyň bozulmalarynyň has ýygy duş gelýän alamaty bolup, onuň ýüze çykmagyna göwrelilik döwründe we dogrum wagtynda, çaganyň ömrüniň birinji günlerinde we aýlarynda täsir edýän faktorlar sebäp bolup biler.
Has anyk häsiýetnama berlende, tutgaýlar dürli derejede huşuň bozulmalary bilen utgaşýan we beden myşsalarynyň ygtyýarsyz, birden ýygrylmagy bilen geçýän ýagdaýdyr.
Çagalarda tutgaýlaryň duş gelme ýygylygy 1000 çaga ilatyna 17-20 ýagdaýy düşýändir.
Dowamy
Hili erbet bolan azygyň iýilmeginiň netijesinde iýmiti siňdiriş ulgamynyň işi bozulyp, iýmit zäherlenmesi ýüze çykýar. Lukmanlar bu ýagdaýy içege ýokançlyklary zerarly döreýän kesellerdiýip atlandyrýarlar. Içege ýokançlyklaryny dürli bakteriýalar we wiruslar döredýändir. Şeýle ýokançly kesellere: ganly içgeçme, salmonellýoz, eşerihioz, kampilobakterioz, iýersinioz degişlidir.
Içege ýokançlyklaryna islendik ýaşdaky adam ýolugyp bilýändir. Ýöne çagalar bu kesele has aňsat ýolugyp, keseli has agyr geçirýändirler.
Keseliň döremeginiň sebäpleri
Tomus döwründe çagalar içege ýokançlyklaryna, esasan-da, kesel dörediji mikroblaryň "mesgen tutunan" suwyny, iýmitini kabul etme arkaly uçraýarlar. Mysal üçin, bir käse gaýnadylmadyk suwuň ýa-da süýdüň içilen ýagdaýynda, gatygyň, dorogyň, gaýmagyň ýa-da ýuwulmadyk ir-iýmişleriň, miweleriň, gök önümleriň iýlen ýagdaýynda ganly içgeçmäniň başlamagy ahmal.
Dowamy

Belli bolşy ýaly, çaganyň derisi onuň sagdynlygynyň esasy görkezijileriniň biridir. Körpejäniň ýaňaklarynyň misli al alma ýaly gyzaryp durmagy, gynansak-da, onuň diateza ýolugandygynyň alamaty bolup, bizi ynjalyksyzlanmaga mejbur edýär.
Diatez gadymy grek sözünden (diatezus) gelip çykýar we meýilli, ýykgyn etmek diýmegi aňladýar. Halk arasynda diatez diýip çaganyň derisinde peýda bolýan allergiki örgüne aýdylýar. Diatez lukmançylykda keselleriň hataryna girmän, diňe bedeniň haýsydyr bir derde ýolukmaga ýykgyn etme ukybyny häsiýetlendirilýär.
Dowamy