Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
ENE-ATALAR MEKDEBI: BÄBEJIK BILEN ARAGATNAŞYGY NÄHILI ÝOLA GOÝMALY?
Siziň dokuz aýlyk azaplaryňyz, aladalaryňyz, arzuwlaryňyz ýerine gowuşýar – siz owadan gundaga dolanan bäbejik bilen öýňüze gaýdyp gelýärsiňiz. Size öýde bir topar aladalar garaşýar: çaganyň iýmitini ýola goýmak, arlykdyr-eşiklerini ýuwmak, ony suwa düşürmek, gezelenç etmek, öýüň işlerini ýerine ýetirmek. Başagaýlykda esasy zady ýatdan çykarmaly däldir: körpejik bilen aragatnaşygy ýola goýmak. Bu çaganyň fiziki we emosional taýdan dogry kämilleşmegine, berk aragatnaşygyň ýola goýulmagyna ýardam berer.
Bäbejige düşünmäge çalşyň
Ýaňy dogan bäbejik üçin daşky gurşaw bilen aragatnaşyk saklamagyň ýeke-täk usuly aglama bolup durýandyr. Diňe aglama netijesinde bäbejik açlygyny, biynjalyklygyny, yssylygyny, bir ýeriniň agyrýandygyny görkezmeli bolýar. Ýylgyryp, dürli sesleri çykaryp, owsunyp öz islegini ol biraz soňrak bildirmäge çalşar. Entek bolsa onuň köpdürli aglaýşyndan näme isleýändigini kesgitlemegi öwreniň. Ilkibada bu kyn ýaly görünse-de, birnäçe hepdeden siz öz bäbejigiňiziň "diline" düşünip bilersiňiz.
Aragatnaşygy ýola goýmak synanşygy birtaraplaýyn bolmaýar. Körpeje hem birnäçe wagtdan haýsy sese ene-atasynyň çalt üns berýändigine, haçan emdirýändiklerine, haçan ellerine alýandyklaryna düşünip, olary ýygy ulanyp başlar.
Bäbejik bilen köpräk gepleşjek boluň
Bäbejigiň ýatmaýan wagty, onuň bilen gepleşjek boluň. Ol sözleriň asyl manysyna entek düşünmese hem, siziň äheňiňizi, keýpiňizi kesgitlemäge çalşar. Ömrüniň birinji günlerinden körpeje siziň sesiňize, özüňizi alyp barşyňyza jogap bermäge endik edinip başlar. Çaga bilen gepleşme netijesinde siz onda goldaw bermek, asudalyk, ýakynlyk duýgusyny döredýärsiňiz.
Siz körpejeler üçin niýetlenen kitapçalary okap berip bilersiňiz. Ýa-da görýän zatlaryňyzy we edýän hereketleriňizi düşündirip, çaga bilen gepleşmäge çalşyň. Körpejäniň lak atmalaryna, sesine jogap beriň. Uly çagalara ýüzlenýän ýaly, oňa soraglary beriň. Şeýle ýüzlenmeler çaga size düşünmäge kömek eder, çalt gepläp başlamaga mümkinçilik döreder.
Dogry geplemäge çalşyň
Bäbejik bilen gepleşeňizde çagalaryň diline öýkünmän, sözleri dogry we anyk aýtmaga çalşyň. Sözleri üýtgedip, bogunlary göýberip çagalara öýkünip geplemeden gaça duruň. Çaga sizden geplemegi öwrenýär. Soňundan düzetmeli boljak zadyňyzy çaga öwretmegiň geregi ýokdur.
Asudalygy saklaň
Bäbejigiň ýanynda aljyraňňyllyga, gaharlanma ýol bermejek boluň. Çagany söýgi, asudalyk, rahatlyk bilen gurşap alyň. Çagajyk hemme zada düşünmese hem, köp zady duýýar. Siziň aljyramalaryňyz, howsalaňyz oňa hem geçip biler. Eger siz hemme öý aladalaryna, işlerine ýetişmeýän bolsaňyz, ýakynlaryňyzy kömege çagyrmadan çekinmäň.
Körpejäni hüwdüläň
Körpejäni uka gitmezden öň hüwdüläň. Eger hüwdüleme kada öwrülse, çaga ulalanda hem size ony ýatyrma ýeňil düşer. Ýakymly sazy açsaňyz hem, özüňiz aýtsaňyz hem bolar. Hüwdüleme-de sözleşmäniň bir görnüşi bolup durýandyr.
Kakasy bilen aragatnaşyga ýol beriň
Mümkinçilik bolsa, bäbejigiň kakasy bilen hem aragatnaşygyny ýola goýuň. Ilkibada kakasy bilen gatnaşyk ol diýen "ysnyşykly" bolman hem biler, sebäbi çaga köp wagty ejesi bilen geçirýär. Ýöne tersine bolýan wagty hem bolýar. Körpeje ene-atasynyň bilelikdäki aladasyny, söýgüsini, oňa bolan ymtylmalaryny duýmalydyr.
Goşmaça oka: ENE-ATALAR MEKDEBI: BÄBEJIK NÄME ÜÇIN AGLAÝAR?
- 116 gezek okalan