• Makalalar
  • Göwrelilik
  • Sagdyn göwrelilik
  • SEBITIMIZDÄKI GÖBEK ENELER BARADA NÄME BILÝÄRSIŇ?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

SEBITIMIZDÄKI GÖBEK ENELER BARADA NÄME BILÝÄRSIŇ?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.20 (5 Ses)

gobek eneler barada name bilyarsin"Gündogar Ýewropada we Merkezi Aziýada göbek enelik edýän işçi güýjüniň ýagdaýy" atly hasabat sebitde jynsy, reproduktiw, eneleriň, täze doglan bäbekleriň we ýetginjekleriň saglygyny (JRETÝS) gowulandyrmakda göbek enelik edýän işçi güýjüniň ýagdaýy we potensialy barada maglumat we düşünje berýär. 

Hasabat soňky 20 ýylyň içinde Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa (GÝMA) sebitinde, şol sanda Türkmenistanda, JRETÝS-i gowulandyrmakda uly öňegidişliklere ýetilendigini belleýär. Şeýle-de bolsa, sebit käbir ugurlarda, şol sonda eneleriň ölümçiligi we neonatal ölümleri (çaganyň ömrüniň ilkinji 28 güni içinde ölmegi) azaltmakda heniz hem Ýewropa Bileleşigindäki döwletlerden yza galýar. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň içinde Türkmenistanda neonatal ölümler iň ýokary derejede bolup, ol 1990-njy ýyldan 2020-nji ýyla çenli diňe 12% azalypdyr. Şeýle-de, 2019-njy ýylyň hasabatyna görä, Türkmenistan öli dogulýan çagalaryň sany boýunça hem Täjigistan bilen bilelikde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň başyny çekýär. Iki ýurtda hem her 1000 çagadan 9 sanysy öli dogulýar.

2000-2017 ýyllar aralygynda bütin dünýäde eneleriň ölümçiligi 38% azaldy. Şol bir döwürde, GÝMA ýurtlary eneleriň ölümçiligini 42% azaltmagy başardy. Sebitdäki ýurtlaryň ählisi hem bu görkezijini peseltmekde uly üstünliklere ýetdi, aýratyn-da Belarussiýa (91% azalma), Gazagystan (84% azalma), Türkmenistan (76% azalma) we Täjigistan (68% azalma) eneleriň ölümçiliginde iň ýokary peselmeleri gazandy.

Göbek eneleriniň jemgyýetde uly ähmiýeti

Dünýäde eneleriň ölümçiliginiň, neonatal ölümçilikleriň we çaganyň öli dogulmasynyň aglabasynyň hasaba alynýan 88 ýurdunda geçirilen barlag işiniň netijelerine görä, göbek eneleriň hemmelere elýeter edilmegi we olaryň üpjün edýän hyzmatlary bu ölümleriň üçden iki böleginiň öňüni alyp, 2035-nji ýyla çenli 4.3 million adamyň janyny halas edip biler.

Sebitde ýeterlik göbek ene barmy?

Sebitdäki 1.7 million JRETÝS işgärleriniň diňe 8 göterimini göbek eneleri ýa-da şepagat uýasy/agasy bolan göbek eneleri düzýär. Göbek eneleriň üpjünçiligi her ýurtda birbaşga bolup, GÝMA ýurtlarynyň ýarysynda, şol sanda Türkmenistanda hem göbek eneleriň üpjünçiligi ortaça global derejeden (her 10,000 ilata 4.4 göbek ene) pes bolup galýar. 2014-nji ýylyň maglumatlaryna görä, Türkmenistanda her 10,000 adama 1.8 göbek ene düşýär. Bu görkeziji Gazagystan üçin: 5, Özbegistan: 5.8, Täjigistan: 6.5, Gyrgyzystan: 3.7. Muňa garamazdan, GÝMA ýurtlarynda köpüsinde JRETÝS hyzmatlaryny üpjün etmek üçin ýeterlik göbek ene bar. Emma, köplenç göbek eneleriň berip bilýän hyzmatlary üçin hem adamlar lukmanlara ýüz tutýarlar. Dünýä standartlaryna görä bilim alan we şolara görä işini ýöredýän göbek ene aşaky hyzmatlary berip bilýär:

Göwreliligiň dowamynda geçirilmeli yzygiderli gözegçilik;

↪ Ultrases barlaglary we göwrelilik döwründe gan barlaglary;

↪ Çaga dogumyna gatnaşmak we täze doglan bäbege ideg etmek;

↪ Enelere dogrumdan soň berilýän ideg;

↪ Iýmitlenme, laktasiýa, önelgelik we reproduktiw saglygyň beýleki ugurlary boýunça maslahat bermek;

Göwreliligiň öňüni almak we maşgalany meýilleşdirmek;

PAP-testleri we göwüs barlaglary;

↪ Jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän keselleriň we beýleki waginal infeksiýalaryň we keselleriň barlagy.

2030-njy ýyla çenli GÝMA ýurtlarynyň köpüsinde göbek eneleriň, şepagat uýalarynyň/agalarynyň we JRETÝS işgärleriniň sany gereginden has artyp, olara ýeterlik iş ýerlerini üpjün etmek kynlaşar. Netijede, bu pudakda işsizlik köpelip biler. Emma, ýurtlaryň üçüsi 2030-njy ýylda hem göbek eneleriň ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolar: Gruziýa (100 töweregi göbek ene ýetmezçiligi), Moldowa (10 göbek ene ýetmezçiligi) we Türkmenistan (1000 töweregi göbek ene ýetmezçiligi). 

COVID we göbek eneler

COVID-19 pandemiýasy JRETÝS hyzmatlarynda bökdençlikleriň döremegine getirdi we saglygy goraýyş işgärleriniň, şol sanda göbek eneleriň ýüküni has-da agraltdy. Olaryň köplenç şahsy gorag esbaplary ýetmän, işden galmaklaryna alyp bardy. 

Göbek eneleriň bilimi we türgenleşigi

GÝMA ýurtlarynyň ençemesi, şol sanda Türkmenistan hem gönümel girip bolýan göbek enelik okuwlaryny hödürleýär. Emma welin, ýurtlaryň diňe ýaryna golaýy bakalawr derejesinde ýa-da şoňa kybapdaş derejede göbek enelik bilimini hödürleýär. Birnäçe GÝMA döwletlerinde göbek enelik bilimini berýän mugallymlaryň diňe ýarysynda göbek ene kwalifikasiýasy bar. Ýewropa Bileleşiginde welin, göbek enelik okadýan mugallymlaryň ählisiniň diýen ýaly özleri hem bilimli göbek eneler.

GÝMA ýurtlarynyň ýarysynyň kanunlarynda göbek enelik we şepagat uýalygy/agalygy aýratyn hünärler hasaplanylýar, emma beýlekilerinde bu iki hünär utgaşdyrylan. Şeýle-de, sebitiň köp ýerlerinde diňe göbek eneleri tarapyndan berilýän hyzmatlar elýeter däl, çünki göbek eneleriň berip bilýän hyzmatlaryna çäklendirmeler girizilen. Türkmenistanda göbek enelere gözegçilik edýän aýratyn edara, göbek enelik hakynda aýratyn kanunlar we göbek eneleriň professional birleşikleri ýok we göbek ene bolmak üçin ygtyýarnama almak talap edilmeýär. 

Göbek eneleriň ýokary hilli bilimine we hyzmatlaryna maýa goýmak ilatyň saglygyny we abadançylygyny ösdürmegiň netijeli ýollarynyň biridir. Göbek eneler ilkinji lukmançylyk kömegini üpjün etmekde ähmiýetli orun eýeläp, GÝMA ýurtlarynda giňden ýaýran gereksiz kesarewo kesimlerini azaltmakda uly rol oýnaýarlar. 

Sebitde göbek eneligi ösdürmek üçin maslahatlar:

↪ Hasabat esasy 4 ugra maýa goýmaga çagyrýar:

1. saglyk işgärlerini we olaryň iş ýerlerini taýýarlamak, dolandyrmak we düzgünleşdirmek;

2. göbek enelere ýokary hilli bilim we türgenleşik bermek;

3. JRETÝS hyzmatlaryny göbek eneleriniň kömegi bilen gowulandyrmak;

4. göbek eneleriň ýolbaşçylygy we dolandyryşygy.

↪ Göbek eneleriniň global standartlar boýunça bilim almagyny we ýokary hilli hyzmat bermegini gazanmaly;

↪ Şepagat uýalary/agalary bilen göbek eneleriň hünärlerini aýralamaly;

↪ Hyzmatlaryň elýeter bolan modellerini gaýtadan gözden geçirmeli we olary kämilleşdirmek we täsirini ýokarlandyrmak üçin borçlar we ýumuşlar paýlaşylmaly;

↪ Bilimde we iş ýerinde dürli wezipeleriň arasynda hyzmatdaşlyga ýol açmaly;

↪ Berilýän bilimiň görnüşlerini gözden geçirmek arkaly kabul edilen çäklendirmelere çäre görmeli: pes derejeli kwalifikasiýalar, başarjaňlyga esaslanýan meýilnamalaryň kemçiligi, teoretik bilim we amaly tejribe edinmäge berilýän iterginiň ýetersizligi, okatmaga kwalifikasiýasy bolan göbek eneleriň kemçiligi;

↪ Uniwersitetleriň göbek enelik fakultetlerini pugtalandyrmaly, şol sanda aspirantlyk okuwlaryna we ylmy iş mümkinçiliklerine maýa goýmaly.

↪ Göbek enelik hünärine degişli düzgün-kadalaryň päsgelçiliklerine, şol sanda göbek enäniň borçlaryna goýlan gereksiz çäklendirmelere çäre görmeli.

↪ Göbek enelik işiniň peýdalary barada ilat arasynda habardarlygy artdyrmak üçin çäreleri geçirmeli we göbek enelere saglygy goraýyş professionallary hökmünde gadyr-gymmat berilmeli. Munuň içine göbek enelik işi barada halk arasynda we işçileriň arasynda ýaýran ýalňyş düşünjelere çäre görmek hem girýär.

↪ JRETÝS hyzmatlaryny hödürleýän guramalaryň içinde göbek eneleri ýolbaşçylyk wezipelerinde goýmaly.

↪ Göbek eneler üçin ýerlikli iş şertlerini üpjün etmeli we COVID-19 hem-de gelejekki saglyk krizisleri döwründe olary goramak we goldamak üçin çäre görmeli.

↪ Ýokarky maslahatlary durmuşa geçirmekde professional göbek eneleriň birleşikleriniň goldawyndan peýdalanmaly, meselem, ÝGMA döwletleriniň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak arkaly.

  • 375 gezek okalan