Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNDA LUKMANÇYLYK UGRUNDAN OKUW MEÝILNAMALARYNYŇ AÝRATYNLYKLARY

  • Ýaşlukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.58 (19 Ses)

Türkiýedäki lukmançylyk fakultetleriniň birinde daşary ýurt raýaty bolup okaýan talyp hökmünde, bu ýurtdaky ýokary lukmançylyk okuwyna degişli esasy maglumatlary türkmen okyjylaryna ýetirmek isledim.

Türkiýäniň uniwersitetleri dürli ugurlar boýunça birnäçe fakultetleri özünde jemleýär, şol sanda dürli ugurly lukmanlary, farmakologlary, diş lukmanlaryny, şepagat uýalaryny taýýarlaýan bölümler hem bir uniwersitetiň içindäki aýry-aýry fakultetlerdir. Okuw möhleti lukmançylyk fakulteti üçin 6 ýyl, diş lukmançylygy we farmakologiýa fakultetleri üçin 5 ýyl, şepagat uýalaryny, dietolog lukmanlary taýýarlaýan saglyk bilimleri fakulteti üçin 4 ýyldyr.

Türkiýede Ýokary Lukmançylyk Okuwy

Lukmançylyk fakultetinde okuwyň ilkinji 3 ýylynda sapaklaryň agramly bölegini teoretiki sapaklary düzüp, okuwda öwrenilenler anatomiýa, gistologiýa-embriýologiýa, biohimiýa, mikrobiologiýa, lukmançylyk tejribesi, fiziologiýa, parazitalogiýa, genetika okuw-barlaghanalarynda geçirilýän amaly sapaklar bilen berkidilýär. Okuw maksatnamasyndan daşary öwrenmäge höwesjeň talyplar üçin ýokarda agzalan barlaghanalaryň amaly-kliniki bölüminde tejribe gazanmaga mümkinçilik döredilýär.

Okuwyň 4-nji we 5-nji ýyllarynda okuw okuw-kliniki hassahananyň bölümleriniň lukman-mugallymlarynyň sapaklary bilen bir hatarda, hassahanalara degişli bölümlerde amaly türgenleşmeleri geçmek şekilinde alnyp barylýar. Bu okuw ýyllarynda geçirilýän amaly türgenleşmeleriň maksady diňe bir amaly hünär başarnygyny bermek bilen çäklenmän, näsaglaryň kesellerini seljerme we näsagy bejeriş usullary giňişleýin öwretmek bolup durýar.

6-njy ýyl internatura geçilip, esasan lukman mugallymlarynyň gözegçiliginde hassahananyň birnäçe bölüminde lukmançylyk we halk saglygy we epidemiologiýa     boýunça amaly tejribeleri öwretmek maksat edilendir.

Bu 6 ýyllyk okuwy gutaran lukmanlar umumy bejeriş lukmany derejesi bilen Türkiýäniň saglyk ulgamynyň dürli sektorlarynda işlemäne hukuk gazanýarlar.

Geçilen 6 ýyllyk okuwdan soňra aýratyn bir ugurda ýöriteleşmek isleýän lukmanlar TUS synag düzgünnamasynda ady ýazylan synaglaryň birinden ýeterlik bal alyp, Lukmançylykda Hünärmentlik Synagy (türkçe – "TUS-Tıpda Uzmanlık Sinavı") diýip atlandyrylýan synaga girmeli bolýarlar. Bu synagdan üstünlikli geçen lukmanlar, öz saýlan uniwersitetlerinde we ugurlarynda assistent derejesinde işläp, bilim alýarlar. Asistentligini subut eden lukmanlar öz ugurlaryndan hünärmen hasaplanýarlar.

Dalaşgärler üçin düzgünler

Her ýylyň mart-aprel aýlaryndan soň Türkiýedäki uniwersitetler daşary ýurduň raýatlary bolan talyplary kabul edilşigiň düzgünnamasyny täzeleýärler. Uniwersitetleriň käbirleri her ýyl özleri synag geçirmek bilen bir hatarda, SAT (Scholastic Aptitude Test ), GCE (General Certificate Examination), ACT (American College Testing), IT (International Baccalauréat) ýaly halkara synaglaryň netijelerini hem kabul edýärler.

Beýleki ugurlarda bolşy ýaly, lukmançylyk ugrundan okajak uniwersitetiňi saýlaňda hem okuw tölegi, uniwersitetiň ýerleşýän şäheri we fakultetiň talyplara bilim beriş derejesi göz öňüne tutulmalydyr. Şeýle hem, döwlet uniwersitetlerinde sapaklar türk dilinde okadylyp, az sanly fakultetlerde we käbir hususy lukmançylyk uniwersitetlerinde sapaklar iňlis dilinde alnyp barylýar.

Lukmançylyk fakultetleriniň ählisiniň okuw maksatnamasy Türkiýäniň lukmançylyk okuw ulgamynyň düzgünnamalary esasynda alnyp barylýandygy sebäpli biri-birinden kän tapawutlanmaýar. Elbet-de, her ýokary okuw jaýynyň öz tejribesi, ýurt içindäki abraýy, öňde barýan ugurlary bar hem bolsa, bu talyplaryň bilim derejesine ol diýen uly täsirini ýetirmeýär.

Dalaşgärler üçin Türkiýedäki lukmançylyk fakultetlerini mugallymlaryň akademiki ylmy işleriniň derejesine görä we şol fakultete okuwa geçen talyplaryň bal derejesi şeklinde iki usulda derejelendirip bolar. Birinji usul (maglumat üçin) lukmançylyk fakultetiniň Türkiýedäki ylmy-kliniki derejesini görkezýän bolsa, ikinji usul (maglumat üçin) türk raýaty dalaşgärleriniň bal derejeleri boýunça saýlan fakultetlerini görkezýär. Daşary ýurtly dalaşgärler üçin birinji derejelendirmäni ulanmak has ýerliklidir.

Her lukmançylyk fakulteti barada has anyk maglumatlary almak üçin uniwersitetleriň web sahypalaryndan peýdalanyp bolýandyr.

Kynçylyklar

Türkiýedäki lukmançylyk fakultetlerinde okaýan talyplaryň sanynyň gün geçdigiçe artdyrylmagy talyp-mugallym gatnaşyklaryna oňaýsyz täsirini ýetirýär. Talyp sanynyň fakultetleriň mümkinçiliklerini nazara alynmazdan artdyrylmagy, okuw synaglarynda esasy kesgitleýijiniň test ekzameni şeklinde bolmagy amaly tejribäni ýeterlik öwrenmegiň öňüne böwet bolýar. Şeýle hem okuw tölegleriniň ýyldan ýyla ýokarlanmagy (okuw tölegi boýunça uniwersitetleriň arasynda uly tapawutlar bar) Türkiýede lukmançylyk ugrundan okamak isleýän daşary ýurtly raýatlaryň öňündäki başga bir uly päsgelçilikdir.

Makalada beýan edilýän pikirler, garaýyşlar hem-de teklipler awtoryň özüne degişli bolup, olar Saglyk.org saýtynyň garaýyşlary hökmünde kabul edilmeli däldir.

  • 2763 gezek okalan

Teswirler (11)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
  1. Talyp bolmakçy

Bilim gaty talap ederlermi

 
  1. selbi

Ol okuwda nahili sorag gerek hemde name dakment gerek bolarka

 
  1. den

hayfan <br />figürlü örgü modelleri

 
  1. den

dsadas

 
  1. Tahyr.

Talyp sanlarynyň fakuktetlerde her ýylda artdyrylmagy okuw synaglaryny kynlaşdyrýandygy ikiuçsyzdyr. Test, ekzamenler arkaly okuw synaglarynyň kesgitlenmegi lukmançylyk ugrundan amaly tejribäni ýeterlik öwrenmäge päsgel berýänligi tölegler bilen...

Talyp sanlarynyň fakuktetlerde her ýylda artdyrylmagy okuw synaglaryny kynlaşdyrýandygy ikiuçsyzdyr. Test, ekzamenler arkaly okuw synaglarynyň kesgitlenmegi lukmançylyk ugrundan amaly tejribäni ýeterlik öwrenmäge päsgel berýänligi tölegler bilen bagly bolmagy mümkin.

Dowamy
 
  1. rude

Hm

 
  1. Yaşlukman

[quote name="tach"]Köp sag boluň makalanyň awtory bilen nähili habarlaşyp bolarka? Jogap bermegiňizi haýyş edýän![/quote]<br /><br />şu mail üsti bilen habarlaşyp bilersiniz, mail: msahetov@yandex.ru

 
  1. Talyp.

Dalaşgärler üçin okuwa geçen talyplaryň bal derejesiniň iki usulda derejelenmegi, aýratyn hem dalaşgärleriň bal derejeleri boýunça saýlan fakultetlerinde okamagy talaba laýyk. Bu usullar bizde hem göz öňünde tutulsa has ýerlikli bolardy.

 
  1. tach

Köp sag boluň makalanyň awtory bilen nähili habarlaşyp bolarka? Jogap bermegiňizi haýyş edýän!

 
Köpräk teswir ýükle

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location