Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

YLYM WE JYNSLARYŇ DEŇLIGI

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.73 (33 Ses)

11-nji FEWRAL – YLYM BILEN MEŞGULLANÝAN AÝAL-GYZLARYŇ HALKARA GÜNI

2015-nji ýylyň dekabr aýynda Birlešen Milletler Guramasy (BMG) tarapyndan aýal-gyzlaryñ ylymda we tehnologiýada ýeten derejesini belläp geçmegi, olaryň bu pudaklarda doly derejede deň mümkinçilikleriniň bolmagy we hukuklarynyň goldalmagy barada rezolýusiýa kabul edildi. UNESCO guramasy aýal-gyzlaryñ ylymda, tehnologiýada, matematikada we inženerçilikde gatnaşmagyny gollaýan we ýardam berýän başga-da guramalar bilen bilelikde, her ýylyñ 11-nji fewralynda ylym bilen meşgullanýan aýal-gyzlaryñ Halkara günini dünýä derejesinde bellenilmegini karar etdi.

Soñky 15 ýylda dünýä derejesinde aýal-gyzlaryñ ylyma bolan höwesini goldamak üçin gaty kan tagallalar edildi. Ýöne gynansakda, şu döwürde-de birnäçe päsgelçilikler, böwet bolup durýän sebäpler zerarly hemme isleg bildirýän aýal-gyzlar ylym we tehnologiýa ulgamlarynda doly, dowamly we işeňňir gatnašmaga mümkinçilik tapyp bilmediler. BMG-nyñ 14 ýurtda geçiren barlagynyñ netijeleri:

1. Ylym we tehnologiýa ugrundan bakalawr derejesini alan aýal-gyzlar 18%-i, erkek adamlar bolsa 37%-i tutýar;

2. Bu ugurlarda aspirantura derejesini alan aýal-gyzlar 8%-i, erkek adamlar bolsa 18%-i tutýar;

3. Bu ugurlardan professorlyk derejesini alan aýal-gyzlaryň sany 2%-e, erkek adamlaryň sany bolsa 6%-e barabardyr.

Näme sebäpli ylym, tehnologiýa, inženeriýa we matematika pudagynda we ugurlarynda aýal-gyzlaryň az sany okaýarlar we işleýärler? Bu barada ýurdumyzda anyk statistiki maglumatlaryň bolmazlygyna garamazdan, Siziň pikiriňizçe, şu wagtky ýagdaýlar Söwetler döwründäkisinden näme bilen tapawutlanýar? Şu döwürde türkmen aýal-gyzlaryň ylym, tehnologiýa ulgamyndaky ornuny nähili häsiýetlendirip bilersiňiz? Biz gyz doganlarymyzyň we jigilerimiziň arasynda "inžener", "alym", "programmist" boljak diýip arzuw edýänlerine duş gelýärismi?

Türkmen aýal-gyzlarynyň bu ulgamlar bilen meşgullanmagynyň pes derejede bolmagyny birnäçe sebäpler bilen düşündirip bolar:

► Jemgyýetde ýörgünli bolan pikirler

Käbir medeniýetlerde, esasan hem patriarhatda (jemgyýetde erkek adamynyň höküm sürmegi) bar bolan adatlar jynslara ýöňkelýän düzgünleriň ýüze çykmagy üçin şertleri döredýär we bu duşünjeler adamlaryñ añynyň aýrylmaz bölegine öwrülýär. Bu düşünjeler ylym we matematika ugurlary oglanlar üçin, sungat we gumanitar ugurlar bolsa gyzlar üçin diýen düşünjeleriň jemgyýetde kök urmagyna sebäp bolýar. "Gyzlar matematika, fizika, himiýa okamakda ökde däldir" diýen "pahim" erkek adamlaryň we erkek mugallymlaryñ, professorlaryñ arasynda köp bellenilýändir. Şunuñ ýaly düšünjeler gyzlaryñ arasynda ylyma, tehnika we matematika bolan howesini peseldýär we mümkinçilikleri çäklendirýär.

Jyns taýdan deňsizlik

Köplenç ylym, tehnologiýa, inženeriýa we matematika pudagyndaky iš berijiler erkek adamlary işe almaga juda ýykgynly bolýarlar. Jynsy deňsizlik sebäpli ýurdumyzyñ ähli künjeklerinde aýal-gyzlar kynçylyk bilen ylym, tehnologiýa, inženeriýa we matematika pudaklaryna degişli edaralara iše durýarlar we iše durandan soñ hem ençeme gezek jynsy taýdan kemsitmeleriň pidasy bolýarlar. Meselem, çagaly aýallar öz kärinde erkek adamlardan ökde bolsalar hem, hünärmenlik ösüş babatda olar ýokary wezipeleri seýrek eýeleýärler. Aslynda eýelemek üçin hem mümkinçilikleri örän çäkli bolýar. Aýal-gyzlaryñ ýokary wezipelerde ýetmezçilik etmegi, öz gezeginde bu pudakda kök uran ters düşünjeleriň has hem ýaýramagyna goldaw we itergi bolup durýar.

"Saýla! Maşgala ýa-da ylym!"

Ýöne käbir ayal-gyzlar ylym, tehnologiya, inženeriya we matematika ugurdan yokary bilim alyp, üstünlik bilen bu pudakda iš tapsalarda, köplenç bir-iki ýyldan işini taşlaýarlar. Erker adamlaryñ we umuman jemgyýetiñ arasynda giňden ýaýran düşünjä görä, aýallaryň kärini taşlamasy, olaryn iş-maşgala jogapkärçiliklerini sazlap bilmezligi diyip hasap edilyar. Ylym bilen maşgalany bile alyp barmaga böwet bolýan sebäpleriň arasynda cagalar baglarynyň, çaga idegi üçin ýeterlik yerleriň we mümkinçilikleriň bolmazlygy we maşgala tarapdan ýeterlik goldawyň berilmeýändigi bellenilmelidir.

Artykgül Ÿazmyradowa

Ulanylan WEB Salgylar: 1 / 2 / 3

  • 2983 gezek okalan

Teswirler (6)

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Musulman dünýäsinde, yslam döräli bäri, şol sanda aňyrdan gelşine götä adalatyň hatyrasyna aýtsak, aýal-gyzlara ikinji derejeli adam hökmünde garapdyrlar. Eýsem bolmasa, "Aýal ata çykanda, torgaý çöpe çykanda ahyrzamana bolarmyş" diýip ýöne...

Musulman dünýäsinde, yslam döräli bäri, şol sanda aňyrdan gelşine götä adalatyň hatyrasyna aýtsak, aýal-gyzlara ikinji derejeli adam hökmünde garapdyrlar. Eýsem bolmasa, "Aýal ata çykanda, torgaý çöpe çykanda ahyrzamana bolarmyş" diýip ýöne ýerden nakyl döremändir. Munuň esasy hem olaryň akylly, başarnykly däldikleri ýaňzydylypdyr.

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Aýal-gyzlaryň sowetler döwründe ylymlara ezberlikleri doly subut boldy. Olar öz isleglerine görä uly goldaw bilen ylym edaralarynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýärdiler. Ylmy merkezlerde, birnäçe şäherlerde okap, alymlyk derejesini almak bilen...

Aýal-gyzlaryň sowetler döwründe ylymlara ezberlikleri doly subut boldy. Olar öz isleglerine görä uly goldaw bilen ylym edaralarynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýärdiler. Ylmy merkezlerde, birnäçe şäherlerde okap, alymlyk derejesini almak bilen ýokary okuw jaýlarynda mugallymçylyk edýärdiler. Soýuz darganyndan soň ykdysady ýagdaýyň pese düşmegi we işsizlik sebäpli olar uly ýabyň paýapylyndan ýöräp barýarkalar, serpmeden gaýdan ýaly boldylar.

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Hemmesi diýip biljek däl weli köp erkekler aýallar öý işleri, çaga seretmek bilen erkekler bolsa, gazanyp pul getirmek bilen meşgul bolmaly diýen pikire gulluk edýärler. Şoňa seretmezden aýallaryň okuwda, ylymda ýeten derejelerine ezberdiklerine...

Hemmesi diýip biljek däl weli köp erkekler aýallar öý işleri, çaga seretmek bilen erkekler bolsa, gazanyp pul getirmek bilen meşgul bolmaly diýen pikire gulluk edýärler. Şoňa seretmezden aýallaryň okuwda, ylymda ýeten derejelerine ezberdiklerine uly buýsanç bilen garaýarsyň.

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Häzirki döwürde hem döwlet edarasynda şu wagtky hereket edýän firmalar hem ýaş ärli aýallary işe almajak bolup her hili bahanalar tapyp, olaryň göwreli bolup, çaga dogurandan soň kömek puluny we aladalaryny boýun almakdan daşda durýarlar. Bu...

Häzirki döwürde hem döwlet edarasynda şu wagtky hereket edýän firmalar hem ýaş ärli aýallary işe almajak bolup her hili bahanalar tapyp, olaryň göwreli bolup, çaga dogurandan soň kömek puluny we aladalaryny boýun almakdan daşda durýarlar. Bu ýagdaý şu döwürde günbe-günden giň gerim alýar.

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Gowy soragy orta atypsyňyz. Hudaý tarapyndan bu görkezilen ugurlarda işlemäge ukyply gelin-gyzlara umuman, ýaşlara işläp, ylmy işleri alyp barmaga mümkinçilik barmyka? Ýa-da her ädimde päsgelçilik döredilýärmi? Şonuň üçinem ylmy işden elleri...

Gowy soragy orta atypsyňyz. Hudaý tarapyndan bu görkezilen ugurlarda işlemäge ukyply gelin-gyzlara umuman, ýaşlara işläp, ylmy işleri alyp barmaga mümkinçilik barmyka? Ýa-da her ädimde päsgelçilik döredilýärmi? Şonuň üçinem ylmy işden elleri sowaýan bolaýmasa!

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Hormatly Artykgül! Siziň gozgan meseläňiz örän ýerlikli we wajyp. Häzirki döwürde durmuşyň üýtgemegi bilen, ýagny ykdysady zerurlyklaryň kynlaşmagy aýal-gyzlarda hem siziň soragyňyza görä ujypsyzja sanynda tebigi berlen bolaýmasa, özgeleri...

Hormatly Artykgül! Siziň gozgan meseläňiz örän ýerlikli we wajyp. Häzirki döwürde durmuşyň üýtgemegi bilen, ýagny ykdysady zerurlyklaryň kynlaşmagy aýal-gyzlarda hem siziň soragyňyza görä ujypsyzja sanynda tebigi berlen bolaýmasa, özgeleri matematika, tehnologiýa, inžineriýa pudagynda özlerini görkezip, zähmet çekmek islemeýärler. Olar gündeki günüň aladasy bilen gümra bolup, söwda, satuw bilen süpüriji, ýuwujylar, çaga seredýän enekeler, bişirijiler, tikinçiler we şuňa meňzeş işler bilen gumra bolup, gündelik durmuşyň girdabynda ýaşaýarlar.

Dowamy
Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location