Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

"...GAÝYNENEMEM BIR ENEM" ÝA-DA TÜRKMEN MAŞGALASYNDA GAÝYNENÄNIŇ ORNY BARADA PIKIR ÝÖRETMELER

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.69 (26 Ses)

(söhbetdeşligiň dowamy)

Biz öň saýtymyzyň sahypalarynda parasatly, adamkärçilikli, her birimiz üçin bir gezek berilýän durmuşda manyly ýaşap, özüniň toplan baý durmuş tejribesini gerek ýerinde öz ýakynlary bilen paýlaşyp, gelni bilen eneli-gyz ýaly gatnaşykda bolup, oňa çyn ýürekden gyzym, agtyklaryna balam diýip, öz maşgala agzalarynyň agzybirligini saklap ýaşaýan göreldeli gaýyneneler, ýagny "super" gaýyneneler barada gürrüň edipdik.

Ýöne gynansakda, öň belläp geçişimiz ýaly, durmuşda ýüreginde ogluny gelninden gabanyp, gelni bilen basdaşlyk edip ýaşaýan ýa-da bolmasa gelniniň ýüzüne gülüp, onuň hereketinden özüçe kemçilik tapjak bolup çalyşýan, keseden gelniniň gepini edip, ony kemsidýän, bildirmän ogluna gelnini ýamanlap, onuň ýüregini "çişirip", olaryň arasyna "çöp" atjak bolýan, atýan... gaýynenelere hem duş gelinýär.

Mende-de sorag ýüze çykýar. Näme üçin käbir türkmen gaýyneneleri durmuşyň talaby bilen ýaşaslary gelmeýärkä? Gelnine, esasan hem öýdeş gelnine ýaşamaga päsgel berýärkä? Olar her döwrüň, bir döwürdigine, şoňa laýyklykdada talabyň üýtgeýändigine, ýaşlaryň islegleriniň artýandygyna, olaryň durmuşda özleriçe ýaşaslarynyň gelýändigine düşünmeýämikä? Ýa-da düşünselerde düşünmedik bolup, "ýolbaşçy" höküminde, maşgalany öz "kanuny" bilen ýaşadasy gelýärmikä?...

Bu soraglaryň ýüze çykmagynyň sebäbi, durmuşda käbir maşgalalarda gelniniň her hereketini yzarlap, oňa bolar-bolgusyz düzediş berýän gaýynenä duşulýanlygydyr. Käbir gaýyneneler öz gelin wagtlaryny ýatlaman, entek durmuş tejribesi bolmadyk ýaş gelinlerine ýokary talaby bildirýändiklerine gündelik durmuşda häli-şindi duşulýar.

Onsoňam, türkmen maşgalasynda "han" gylyk-häsiýetli gaýyneneler bilen ýygy ýüzbe-ýüz bolunýanlygyny bellemelidir. Olar özlerini oňaryp ýören sagdynja gaýyneneler. Olaryň düşünjesine görä, nämemiş, şol öýüň hemme gündelik hysyrdylaryny – bişirmäni, düşürmäni, ýuwmany, artmany, arassalamany gelin ýerine ýetirmelimiş. Şonuň üçin köpüsi işleýän gelinini işden çykarýar. Köp gelinleri bilen bile ýaşaýan maşgalalarda öý aladalary maşgalanyň beýleki agzalaryna degişli däl ýaly alnyp barylýar. Döwlet işinde işleýän gelniň ýagdaýynyň nähilidigini göz öňüne getirip görüň! Hojalykçy gelnede bir öýüň aladasy, üstesinede ýaş çagasy bolaýsa hasam ýeterlik.

Men gelinleriň arkasyny aljak bolamok, olaryň işjeňliginiň, düşen ýeriniň "ody bilen girip, küli bilen çykmaklygynyň" tarapdary. Ýöne öý aladalary maşgalanyň agzalarynyň arasynda (gaýynenäniň, baldyzyň, ýürjiniň..) kesgitlenip, bölünip berilse, gelne duýgudaşlyk edildigi bolardy. Gelin düşen öýüne imrigip, onuň durmuşa höwesi artardy. Onsoňam, biz neslimiziň gözbaşynyň ýaş gelinlerden başlanýandygyny, olaryň geljekki enedigini ýadymyzdan çykarmalyň. Ýaş gelinleriň soňy görünmeýän öý aladalary bilen gümra bolup, "ony edeýin, muny edeýin" diýip, wagtynda iýmeýän, içmeýän, dynç almaýan halatlary köp bolýar. Gündelik gaýtalanyp duran bu ýagdaýlar ahyrynda gelinleriň saglygyna zeper ýetirýär. Şonuň üçin türkmen gelinleriniň köpüsiniň bedeni gowşak bolup, gan azlylykdan, bedeniň kesellere garşylygynyň pesliginden ejir çekýärler. Bu ýagdaýlar geljekki neslimiziň emele gelmeginde, kadaly ösmeginde kynçylyk döredip bilýär. Umuman, genofondumyza ýaramaz täsirini ýetirip, göwrelilik döwründe ene üçin hem, çaga üçin hem her hili garaşylmadyk erbet ýagdaýlary döredip, soňunyň betbagtçylyk bilen gutarýan halatlaryna köp duşulýar.

Öý aladalarynyň ýerine ýetirilşi gaýynene üçin hem saglyk. Onuň "hanlyk" gylyk-häsiýeti özüne zyýan edip, öz saglygyna "palta" urýar. Ol saglygyň hereketdedigine, ýatyp iýmede däldigine düşünip, başardygyndan öý aladalaryna kömek berse, öz saglygy üçin alada etdigi bolardy. Ýöne köp gaýyneneler gelin edinenden soň "ýaramok" bahanasy bilen ýok ýerden kesel gözläp, hereketlerini çäklendirýärler. Olar ýuwaş-ýuwaşdan semizlik, süýji keseli, direg-daýanyç ulgamynyň kesellerini gazanýarlar.

Maşgaladaky ýaşlar (baldyz, ýürjy...) üçin öý aladalaryna kömekleşme bahasyna ýetip bolmajak uly mekdep, geljekki özbaşdak durmuşa taýýarlyk dälmi?!

Aýdylanlar "gury" bolmaz ýaly, hakyky durmuşdan alnan mysallara ýüzleneliň:

Maýsanyň durmuşa çykyp gelin bolup gelenine ep-esli ýyl boldy: bir gyzyň, iki oglanyň ejesi. Düşen maşgalasy köplük däl: gaýynatasy, gaýynenesi, ýanýoldaşy we adamsynyň durmuşa çykyp aýry ýaşaýan uly aýal dogany. Ýaşaýyş ýagdaýlaram erbet däl: hemme amatlyklary bolan şäheriň köp gatly jaýlarynyň birinde ýaşaýarlar, maşgala agzalarynyň hemmesi işleýär. Göräýmäge gülala-güllük bolaýmaly ýaly, ýaşamaga päsgel berýän adam ýok.

Maýsa gelin abraýly ýeriň gyzy, köp aýal doganlaryň biri, durmuşa taýýarlykly çykan. Hojalyk işleriniň hemmesinden başy çykýar, döwlet işinde işläp, gapdalyndan tikinçilik bilen meşgullandy, häzirem meşgullanýar. Umuman aýdanyňda seýregräk duşýan, basan ýerinden "ot çykýar" diýilýän dogumly gelinleriň biri diýseň boljak. Ýöne Maýsanyň gaýynenesiniň gelni bilen başdan "jyny" jyňkyryşmady. Gaýynenesi işine ertir gitdi, agşam geldi. Işi hem agyr däl, çagalar bagynda işläp, soň dynç alyşa çykdy. Gelin üç çagany özi ulaltdy diýseň boljak. Ol çagalarynyň aladasy sebäpli işden çykmaga mejbur boldy. Gaýynenesi gelnine kömek bermegiň, goldamagyň deregine: "Özüň üçin dogurdyň, özüň hem seredersiň" diýip düzly dilini ýetirdi. Ol "han" boljak bolup, öýde ýatan çöpi galdyrmady, öz basdaşlyk gylyk-häsiýetlerini görkezdi, ogluna bolgusyz gep berip we olaryň arasyna sowuklyk salyp, gelnini kowdurjak boldy. Adamsy hem "ejem ýalan sözlemez" diýip, köp gezek gelniniň göwnüne degdi. Bu ýagdaý hasam gaýynata aradan çykandan soň ýitileşdi. Gelin bu kemsitmelere, töhmetlere çydaman üç uly, hemme bolup geçýän wakalara akyllary ýetýän çagalaryny alyp, atasy öýüne gitmäge mejbur boldy. Ol çagalary bilen öýlerinde birnäçe aý ýaşady. Ýaramok bahanasy bilen öý aladalaryny etmän ýaşaýan gaýynene bolsa, hojalygyň bar aladasyny boýun alyp, agtyklaryny ýüregi küýsemän, gelniniň, agtyklarynyň gidenini makullap, göwni hoş, ogly bilen ýaşaberdi. Günler geçip, aýlar aýlandy. Ogly bolup geçýän ýagdaýlara göz ýetirip, ejesiniň gelnine dakýan töhmetlerini aňynda seljerdi. Çagalaryny küýsedi. Ol gaýynlaryna baryp, gelni bilen düşünşip, olary öýlerine alyp gaýtdy. Olar çagalarynyň geljekki durmuşynyň aladasy bilen agzybir ýaşap başladylar.

Günleriň birinde gaýynene ýykylyp, aýagynyň bud süňkini döwdi. Ep-esli mahal gipsde özüni oňarman, kesekiniň kömegine mätäç bolup ýatdy. Gelni sansyz gezek göwnine degilenini ýatlaman, edil öz ejesine seredýän ýaly lukmanyň hemme maslahatlaryny berjaý edip, wagtly-wagtynda tämizläp, arassa saklap, iýdirip, içirip gaýynenesini aýaga galdyrdy. Gaýynene gyzynden görmedik mähri, hyzmaty gelininden gördi. Şonda-da gaýynene ondan närazy. Ol özüniň gutulmagynyň, aýak üstüne galmagynyň sebäpkäri gelniniň mähirli aladasynyň netijesidigine, hyzmatydygyna düşünmedi. Onuň salgyna bir ýagşy söz, alkyş, minnetdarlyk bildirmedi. Gaýtam maňa seredenoklar diýip, ol gelnindenem, agtyklaryndanam, indi oglundanam närazy bolup, baranyň ýanynda olary ýamanlap, olara paýyş söwünişler aýdyp, göwün sopydan çykýar...

Ikinji mysal. Maral gelin üç çaganyň ejesi. Düşen ýeriniň kiçi gelni. Gaýynenesi, gaýynatasy bilen bile ýaşaýar. Ýöne durmuşa çykan uly gyzlary, ýagny iki sany gaýnekejileri günde-günaşa atasy öýünde myhmançylykda. Gaýynenesi makalanyň başynda beýan edilen "han" gylyk-häsiýetli, ýatan çöpi galdyrman, "ýaramok" bahanasy bilen düşekde ýatan gaýynenelerden. Maşgalanyň hemme aladasy, üstesinede mal-gara seretmek Maral gelniň boýnuna. Gaýynene oturan ýerinden öýüň hemme aladalarynyň arasynda: näme almaly, goýmaly, nähili nahar bişirmeli, düşürmeli, niräk gitmeli, gelmeli... Gepiň gysgasy gaýyneneden rugsatsyz, ol makullamasa gymyldamaly däl ýaly. Ol öýde ýaşaýanyna ep-esli ýyl bolsa-da, Maral gelne öz ygtyýaryna hereket etme ýok.

Bolan wakanyň birini gürrüň bereýin. Maral gelniň çagalar bagyna gatnaýan ulyja gyzynyň çagalar bagynda mekdebe ugradyş dabarasy bolmaly. "Her eje iýmäge bir zat taýýarlap gelmeli" diýlen. Maral gelin hem tort bişirip äkitmäni makul bilýär. Ol öýde tort taýýarlap alyp gitjek bolanda gaýynenesi gelip, onuň üstüne gygyryp, sögüp, üstesine-de oklaw bilen urubam ite diýmezini diýýär. Nämemişin, ol köp zat harçlap, uly tort bişirip, alyp gidýämişin... Bu wakadan soň teni urgydan gögeren Maral üç çagasy bilen atasy öýünde iki aý ýaşady. Ahyryn adamsy gelip, gelnine ýalbaryp, öýlerine alyp gitdi.

Ýene bir waka. Jereniň düşen ýeri öz ýakyn garyndaşlary, daýzasynyň bäş gyzyň yzyndan bolan ýeke ogly. Onuň ejesi başda beýan edilen gylyk-häsiýetli, duzly dilli gaýyneneleriň biri. Jeren gelin şäheriň hemme amatlykly köp gat jaýynda gaýynenesi bilen bile ýaşaýar. Gyzlaryň hemmesi durmuşa çykyp giden. Olar häli-şindi ejelerini görmäge gelýärler. Türkmen maşgalasynyň käbirinde gaýynene bilen birlikde oglanyň uly aýal dogany, ýagny gaýynekejesi hem jigileriniň gelnine öz bolar-bolgusyz talaplaryny ýöretjek bolup, gelniň göwnüne degýän wagtlaryna köp duşulýar. Jeren gelniň gaýynekejesiniň biri her hili biderek bahana (başyňda gyňaç ýok, agzyň açyk, ýaşynaňok, ejeme eý diýip, beý diýip jogap beripsiň...) tapyp, jigilerine iki çagaly gelnini kowdurýarlar. Jeren gelin çagalaryny alyp, öýlerine gitmäge mejbur bolýar. Olar jigilerini täzeden öýerýärler...

Ýene-de: Şäherde gaýyny bilen ýaşaýan iki ogully, bir gyzly gelinlere obadan gelniň ejesi myhmançylyga gelýär. Gelin işde, çagalary ýokary synp mekdep okuwçylary. Gelniň gaýyny kiçi agtygy bilen öýde. Uzak ýoldan ýadap gelen myhmana, ýagny gelniň ejesine çaý hödürleýärler. Ol hem çaý içmejekdigini, özüniň ýadawdygyny, kellesiniň agyrýandygyny, az salym dynç aljakdygyny aýdýar. Ýatyp turandan soň, ogul agtygyndan garbanmaga bir zat getirmegini soraýar. Ol mamasyna öýde iýmäge zadyň ýokduguny aýdýar. Birdenem:“Wiý mama, holodilnikde kolbasa bolmaly“ diýip, ylgap gidýär. Ep-esli wagt geçenden soň agtygy eli boş gelýär. "Mama, holodilnigiň öňünde it otyr, kolbasany alyp bilmedim" diýýär... Ýok, aýdylan anekdot däl, bolan waka.

Durmuşda gaýyn-gelin gatnaşygynda bolup geçýän wakalary näçe beýan etseň edibermeli, olaryň her hili gatnaşykda ýaşaýanlaryna duşulýar. Bu tetelli gaýyneneleriň gylyk-häsiýetlerinde adamkärçiligiň gowy sypatlary ýetenok. Maşgala bolup ýaşap, gaýynenelik derejesine ýeteňsoň, edil öz gyzyň ýaly gelen gelniň bilen agzybir ýaşap bilmeseň, beýle gaýyneneleriniň ýaşan ömri biderek diýseň boljak. Men gelinleriň arkasyny aljak bolamak. Gelinler, sylanşyk iki taraplaýyn bolmalydyr!

Gaýyn-gelin gatnaşygynda beýle wakalaryň ýüze çykmagynyň baş sebäpkäri gelinleriň adamsynyň öz "erkek" sözleriniň ýoklygy diýip hasaplaýaryn. Olar özbaşdak durmuşa taýýarlyksyz durmuş gurýarlar. Oglanlar bir naçaryň garamatyny öz üstlerine alansoňlar, onuň goragçysydygyna, daşynyň galasydygyna düşünenoklar. Oglanlaryň köpüsi "ejem ogly". Olaryň hemme durmuşy kynçylyklarynyň ejeleri çözmeli ýaly ösdürilip ýetişdirilmegi ahyrynda beýan edilen wakalara getirýär.

Beýan edilen pikirler meniň şahsy pikirlerim, hormatly okyjylar! Bu meselä Siz nähili garaýarsyňyz?

  • 5017 gezek okalan