Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

ZIR-ZIBILLERI AZALTMAK MESELESINDE MENIŇ OMANDA ALAN TEJRIBÄM

• Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.61 (18 Ses)

Siz ýöräp barşyňyza, duşuňyzdan geçýän awtoulagyň aýnasy açylyp, ondan suwdan boşan plastik çüýşäniň ýa-da bolmasa kagyzyň we şoňa meňzeş zatlaryň zyňylýandygyny syn edýärsiňiz. Biriniň ulagynda barmaly ýeriňize barýarkaňyz, sürüji: "Me dost, şuny daşaryk zyňsana" diýip, eliňe bir zatdan boşan gabyny gyssyryp göýberýär. Obalara baranyňyzda köçeleriň gyrasyna zir-zibilleri üýşürmegiň eýýäm adat bolup gidendigini görýärsiňiz. Doly suratlandyrmanyň üstüni zir-zibilleri ýakmakdan emele gelýän porsy we zäherli tüssäniň burnuňyza urmagy dolup biler. Bu ahwalatlara biz ýaşaýan ýerimizde duş gelýäris. Şeýle wakalar näme sebäpden ýüze çykýar?

Elbetde bu ýagdaý adamlaryň zir-zibiller barada, olaryň howa, suwa, ýere, hatda adamlaryň özüne hem getirýän zyýany barada ýeterlik ylmy sowatlylygynyň bolmany sebäpli döreýär diýip biljek. Bir wagtlar, arap ýarym adasynda ýerleşýän ülke bolan Omanda hem şeýledi, emma soňky ýyllarda bu ýurt hemme taraplaýyn ösdi we zir-zibilleri azaltmakda täsirli taslamalary gurnady. Men bolsa bu taslamalaryň birine gysgamöhletleýin bellenen işgär (intern) hökmünde gatnaşyp, zir-zibilleri azaltmak babatda örän peýdaly tejribe aldym.

Taşlan zibilim haçan maňa dolanyp geljek?

Zir-zibilleriň Ýer togalagyna ýetirýän täsiri uly. Ýere zyňylýan gaty galyndylar, diňe arassaçylyga, görke, tebigatyň owadanlygyna, adamlara we haýwanlara zyýan etmän, eýsem bütin dünýä zyýan edýär. Haçanda siz bir zady zyňanyňyzda, bu nämäni aňladýar? Eger pikirlensek, zyňylýan zat düýbünden biziň planetamyzdan ýitip gitmeýär. Biz nahar galyndylary, plastik, kagyz we başga zatlary taşlamyzda, olar bir ýerik gitmeli, şeýle dälmi? Belki siz, bu galyndylaryň zir-zibil özleşdirýän kampaniýalar tarapyndan, ýöriteleşdirilen ýerlere äkidilip gömülýär diýip pikir edýärsiňiz. Bu dogry, emma şeýdip gömülen zatlar hem köp ýyllaryň dowamynda pytrap, ýere zäherli maddalaryny çykaryp durýar. Gynansakda, zir- zibilleriň belli bir bölegi ýörite ýerlerde gömülsede, köprägi ýel, suw we adam tarapyndan bütin dünýä pytrap, hatda himiki bölejikler derejesinde bölünip ýaýrap gidýär. Meniň pikirimçe, bu bolýan zatlaryň öňüni almak üçin öndürijiler önümleri talaba laýyk, azrak öndürmeli ýa-da saglyga we ekosistema zeper ýetirmejek önüm bilen üpjün etmeli.

Oman tejribesi

Zir-zibili azaltmak ylmy bu gün dünýä derejesinde ösdi. Zir-zibili azaltmak üçin herhili taslamalar döredilýär. Oman hem şu işleri alyp barýan döwletleriň biri. Oman, arap ýarym adasynyň günorta-gündogarynda ýerleşýän ýurt. Ilatynyň sany 2.9 million adam. Omanyň ekologiýasy biziňki bilen meňzeş diýsek ýalňyş bolmaz. Ýurduň merkeziniň köp bölegini çöller gurşaýar. Demirgazygynda we günorta-gündogarynda daglar ýerleşýär. Howasy yssy we gurak bolany sebäpli, ýurtda suw ýetmezçilik kynçylygy bar. Bu gün Oman ekosistemany gowlamak üçin ynamly ädimler ädýär. Zir-zibili azaltmak maksady bilen, bu ýurt döwlete degişli bolmaýan tebigaty goraýjy ýa-da tebigaty goramana maksat edinen guramalara goldaw berdi. Şeýle guramalaryň biri International Association of Students in Economic and Commercial Sciences – dünýäniň iň uly ýaşlar guramasy. Ol "Go Green" diýen taslamany öňe sürdi. Bu gurama zir-zibili azaltmak üçin ýerli halky terbiýelemegi göz öňune aldy. Şuny amala aşyrmak üçin, daşary ýurtlardan ekosistemany goramak bilen gyzyklanýan talyp işgärler (intern) çagyryldy. Gelen talyplar tebigaty goramak barada maglumat öwrenip, mekdeplerde wagyz-nesihat işlerini alyp bardylar. Mundan başgada, söwda merkezlerde, deňiz kenarlarynda dürli ýaşly raýatlar, tebigat barada alada etmäne we ony goramana çagyryldy. Wagyz-nesihatlar her bir adamyň tebigaty goramak üçin edip biläýjek iň ýönekeý zatlaryndan ybaratdy. Meselem, zir-zibilleri azaltmak ugrunda hödürlenip bilinjek care: nahar iýemizde öz paýymyzy gutarmak, eger galaýsada sowadyjyda goýup, soň iýmek. Şeýle etmek, nahary zyňanyňdan gowy dälmi name? Ondan başga-da, kagyz, plastik gap-gaçlaryň deregine aýna gap ulanmaklyk. Dükanlara gideňizde plastik paket almakdan saklanmak we şoňa meňzeş ýönekeý, emma täsirli hereketler barada nesihat bermek we ýatlatmak taslamanyň esasy maksadyna öwrüldi.

Bu taslama adamlaryň köne zatlaryny zyňmaň, olary gaýtadan ulanmaga çagyrdy. Meselem, köne eşikleri zyňman, mätäç adamlara paýlamak, bolmanda esgi ýa-da şoňa meňzeş peýdaly serişdelere öwürmek. Zyňyljak stakany belki diş ýuwujy şşýotka goýulýan etmek, gerekmejek kagyzlardan we plastik çüýşelerden herhili owadan bezeg ýasamak ýaly peýdaly nesihatlar berildi. Döwlete degişli bolmaýan guramalardan başga, Oman häkimiýeti zir-zibili azaltmakda herhili kampaniýalar bilen bilelikde uly maksatnamalar girizdi. Gaty galyndylary gaýtadan işleýän zawodlary açmak işi 2016-njy ýyla meýilleşdirilipdi.

Bu günki gün Oman zir-zibilleri azaltmakda öňde barýan ýurt. Bu ýurtdan sapak almak bolar diýsek hiç ýalňyş bolmaz. Hökümetleriň edýän uly tagallasyna we goldawyna garamazdan, bizde tebigatyň aladasyny edýän, ýaşlar bilen çynlakaý iş alyp barýan hiç hili garaşsyz gurama ýok. Emma bu ugurda bütin jemgyýetiň meselä düşünip, gatnaşmagy zerurdyr. Biziň raýatlarymyz hem tebigaty goramak hakynda wagyz-nesihata mätäç. Gaty galyndylary gaýtadan işleýän zawodlary açmak hem wajyp mesele. Bu işler bolsa döwlet ýa-da döwlete degişli bolmaýan, ekologiýany goraýjy jemgyýetçilik guramalar tarapyndan amala aşyrylmalydyr.

Makalada beýan edilýän pikirler, garaýyşlar hem-de teklipler awtoryň özüne degişli bolup, olar Saglyk.org saýtynyň garaýyşlary höküminde kabul edilmeli däldir.

Awtor: Sapar Aşyrow

• 2935 gezek okalan

Teswirler (10)

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

This design is incredible! You obviously know how
to keep a reader amused. Between your wit and your videos,
I was almost moved to start my own blog (well, almost...HaHa!) Fantastic job.

I really loved what you had to say,...

This design is incredible! You obviously know how
to keep a reader amused. Between your wit and your videos,
I was almost moved to start my own blog (well, almost...HaHa!) Fantastic job.

I really loved what you had to say, and more than that,
how you presented it. Too cool!

Feel free to surf to my website https://www.viagrapascherfr.com/sildenafil-pfizer-prix-viagra/: https://www.viagrapascherfr.com/sildenafil-pfizer-prix-viagra/

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Obalaryň zil-zibil ýagdaýyny göreniňde şäherleri toýlaýmaly. Ol ýerlerde zir-zibil äkidilmän ýygnalyp, gapylarda otlanýar. Owal ýaramaz ekologiýamyz ikinji zarba duçar bolýar we adamlaryň saglygyna uly howp salýar.

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

[quote name="KEnTAVR"]magazinden paket alynmasa etegiňe salyp alyp gitjekmi alnan zatlary? ilki bilen alternatiwa bolmaly. Kagyz-kardon sumkalar, gaplar satlykda yoga???[/quote]

Kentavr,

Men size öz edýän zadymy...

[quote name="KEnTAVR"]magazinden paket alynmasa etegiňe salyp alyp gitjekmi alnan zatlary? ilki bilen alternatiwa bolmaly. Kagyz-kardon sumkalar, gaplar satlykda yoga???[/quote]

Kentavr,

Men size öz edýän zadymy aýdaýyn. Omandan tejribe alanym bäri plastik paket magazinden almajak bolýan. Bir zat satyn almaga gidemde , men ýanyma sumkamy (rýugzak) alýan. Şeýtmek bilen men az bolsada, tebigatymyza haýyr getirýän.

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

[quote name="Karayew Nepes"]Essalamaleykim Sapar Aşyrow!
Siz öran möhüm meselani gozgapsynyz.Hakykatdan hem bizin daşky gurşawymyza-howa,topraga,suwa,flora,fauna, we elbetde bizin öz saglygymyza howp salyan şeyle köp zyyanly zatlar diysen...

[quote name="Karayew Nepes"]Essalamaleykim Sapar Aşyrow!
Siz öran möhüm meselani gozgapsynyz.Hakykatdan hem bizin daşky gurşawymyza-howa,topraga,suwa,flora,fauna, we elbetde bizin öz saglygymyza howp salyan şeyle köp zyyanly zatlar diysen köpeldi.
Bizin howamyzy hapalayan transport serişdeleri, zawod-fabriklerin çykyndykary we ş.m
Bizin topragymyzy we suwumyzy hapalayan, şeyle hem janly tebigata uly zyyan beryan Sizin sanap geçen zynyndylarynyz.
Köp hasyl almak maksady bilen, eken ekinini mör-möjekden goramak maksady bilen her hili mineral dökünleri we insektisidleri ulanmaklyk.
Yönekeyje zat öz öyünde çybyndan,sinekden, garynjadan we kabir başga parazitlerden goranmak maksady bilen her dürli himiki maddalary ulanmaklyk adaty zada öwrülen.
Siz plastiki önümler barada-da gowy bellap geçipsiniz. Plastik önümlerin zynyndylary çeyle bir köpeldi, adamzat olaryn getirjek zyyany hakynda asla oylanmayar hem. Ylymy dilde aytsak ol taşlandylara KSENOBIOTIKLER diyilyar. Ksenobiotikler-bu janly tebigata düşüp, biologiki prosseslere gatnaşman,yagny biologiki dargaman,janly tebigatda saklanyp, janly tebigatyn ösüşüne, köpelmegine öz zyyanyny yetirip duryan maddalar. Sizin gozgan meselaniz öran möhüm.
Yöne, Sizin aydşynyz yaly bu barada adamlary HABARLY etmeli. Bir mysaly getiresim gelyar:
Men bir gezek yurdumyzyn bir welayatyndan Aşgabat şaherimize otlyly gaydanymda demir yolyn iki gyrasynda çaşyp yatan şol zir-zibillerin şeyle köpdügine hayran galdym. Hakykatdan-da şol zatlar otlynyn aynasyndan daşa oklanan zatlar.
Bagyşlan bu meselede yazara zat kan.
Menin aytjak bolyan zadym bu meselede her kim gowy habarly bolmaly. Yagny Türkmenistanyn Saglygy Gorayyş we Derman senagaty ministrli Işgarleri we Türkmenistanyn Tebigaty gorsyyş ministrlikleri halkyn arasynda köpçülikleyin habar beriş serişdelerinde halkymyzy yygy-yygy habarly edip dursalar gowy bolardy.[/quote]

Waleýkum esselam Nepes,

Men siziñ aýdýanlaryñyzy doly gollaýan. Elbetde, döwlet hem öz gezeginde zir-zibilleri azaltmak üçin halky ägä etse, bu uly bir öñegidişlik bolar. Bize döwlediñ gollawy gerek.

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Essalamaleykim Sapar Aşyrow!
Siz öran möhüm meselani gozgapsynyz.Hakykatdan hem bizin daşky gurşawymyza-howa,topraga,suwa,flora,fauna, we elbetde bizin öz saglygymyza howp salyan şeyle köp zyyanly zatlar diysen köpeldi.
Bizin howamyzy...

Essalamaleykim Sapar Aşyrow!
Siz öran möhüm meselani gozgapsynyz.Hakykatdan hem bizin daşky gurşawymyza-howa,topraga,suwa,flora,fauna, we elbetde bizin öz saglygymyza howp salyan şeyle köp zyyanly zatlar diysen köpeldi.
Bizin howamyzy hapalayan transport serişdeleri, zawod-fabriklerin çykyndykary we ş.m
Bizin topragymyzy we suwumyzy hapalayan, şeyle hem janly tebigata uly zyyan beryan Sizin sanap geçen zynyndylarynyz.
Köp hasyl almak maksady bilen, eken ekinini mör-möjekden goramak maksady bilen her hili mineral dökünleri we insektisidleri ulanmaklyk.
Yönekeyje zat öz öyünde çybyndan,sinekden, garynjadan we kabir başga parazitlerden goranmak maksady bilen her dürli himiki maddalary ulanmaklyk adaty zada öwrülen.
Siz plastiki önümler barada-da gowy bellap geçipsiniz. Plastik önümlerin zynyndylary çeyle bir köpeldi, adamzat olaryn getirjek zyyany hakynda asla oylanmayar hem. Ylymy dilde aytsak ol taşlandylara KSENOBIOTIKLER diyilyar. Ksenobiotikler-bu janly tebigata düşüp, biologiki prosseslere gatnaşman,yagny biologiki dargaman,janly tebigatda saklanyp, janly tebigatyn ösüşüne, köpelmegine öz zyyanyny yetirip duryan maddalar. Sizin gozgan meselaniz öran möhüm.
Yöne, Sizin aydşynyz yaly bu barada adamlary HABARLY etmeli. Bir mysaly getiresim gelyar:
Men bir gezek yurdumyzyn bir welayatyndan Aşgabat şaherimize otlyly gaydanymda demir yolyn iki gyrasynda çaşyp yatan şol zir-zibillerin şeyle köpdügine hayran galdym. Hakykatdan-da şol zatlar otlynyn aynasyndan daşa oklanan zatlar.
Bagyşlan bu meselede yazara zat kan.
Menin aytjak bolyan zadym bu meselede her kim gowy habarly bolmaly. Yagny Türkmenistanyn Saglygy Gorayyş we Derman senagaty ministrli Işgarleri we Türkmenistanyn Tebigaty gorsyyş ministrlikleri halkyn arasynda köpçülikleyin habar beriş serişdelerinde halkymyzy yygy-yygy habarly edip dursalar gowy bolardy.

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

magazinden paket alynmasa etegiňe salyp alyp gitjekmi alnan zatlary? ilki bilen alternatiwa bolmaly. Kagyz-kardon sumkalar, gaplar satlykda yoga???

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Soňky ýyllarda köp ýurtlarda ilat sanynyň artmagy bilen zir-zibili ýygnamak we ondan arassalanmak aladalary ör boýuna galýar. Emma weli ol barada döwletleriň arasynda belli bir taslamalar bardyr öýdemok.

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Şäherde ýöräp barýarkaň azajyk zibili hem taşlamaly ýerine üns bilen taşlaýan adamyny göreniňde oňa bolan mähriň, hormatyň artýar. Gidip ýarýarka ýa-da awtomaşyndan zir-zibilleri pytradyp barýan adamy göreniňde oňa bolan döreýän ýaramaz duýgyny...

Şäherde ýöräp barýarkaň azajyk zibili hem taşlamaly ýerine üns bilen taşlaýan adamyny göreniňde oňa bolan mähriň, hormatyň artýar. Gidip ýarýarka ýa-da awtomaşyndan zir-zibilleri pytradyp barýan adamy göreniňde oňa bolan döreýän ýaramaz duýgyny bir bilsediňiz.

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Obalaryň zir-zibilleri barada alada etmeli edaralar bolan arassaçylyk we sanitar gullugy näçe ýyllardan bäri öz borçlaryny ýatdan çykaraýdylar öýdýän. Olar hakynda pikir ýöredýänem ýok, ýüz tutsaň gulak asýanam ýok.

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Zir-zibillerden arassalamany hususy edaralar döredip, olara ynanylsa ýerlikli bolardy. Sebäbi ol edaralar öz mümkinçiliklerini döwlet edaralaryna garanyňda talaba laýyk alyp barmaga ymtylýarlar.

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location