Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

"GÜMMEZIŇ ASTYNDA": ULYDAN DEMIŇIZI ALMAKDAN ÄGÄ BOLUŇ!

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.29 (21 Ses)

Bu ýyl Hytaýda diňe howanyň hapalygy sebäpli ýarym million adam aradan çykar, olaryň köpüsi garry adamlar we çagalar bolup durýär. Uly şäherlerde we agyr senagatyň agdyklyk edýän welaýatlarynda howanyň hapalygy sagdyn derejeden (0-50 AQI) dört esse artyk bolup bilýär (150-250 AQI). Bu derejedäki hapa howa, esasanda oň düzümindäki saglyga düýpli zeper ýetiriji zäherli maddalaryň täsiri, diňe öýken bilen duýulman, eýsem ýeňillik bilen duman, tozan şekilde hem göz-görtele görünýär. Hytaýyň Şanzi welaýatynda ýaşaýan 6 ýaşly gyzjagaz bu ýagdaýa şeýle baha berýär:

Ömrüňde ýyldyzlary gördüňmi?

Ýok – diýip gyzjagaz jogap berýär.

Ömrüňde gök asman görüpdiňmi?

Bir az gök asman görüpdim.

Ak bulut bir görüpdiňmi?

Ýok – diýip gyzjagaz uludan dem alýar.

Bu gürrüňdeşligi alyp baran tanymal hytaýly žurnalist Çaý Jiň, şeýle howanyň hapalygy zerarly tas gyz bäbejigini ýitiripdi. 2014-nji ýylda hanym Jiň entek göwresindäki gyz bäbeginde rak keselini döredip biljek çiş tapylýar. Dünýä ýaňy inen gyzjagazyny enesiniň eline bermän operasiýa otagyna alyp gidýärler. Oýunjak aýyjygy elinde saklap, bäbejiginiň halas boljagyndan ýa bolmajygyndan bihabar oturan pursady, Hanym Jiň üçin göz açyjy hadysa bolýar. Şol ýyl, ol şowly operasiýadan soň halas galan gyzyna seretmek we oňa sebäp bolan howa barada filmi döretmek üçin işini taşlaýar.

"Gümmeziň astynda" atly dokumetal film Hytaýyň howasynyň hapalygy, onuň sebäpleri we çözgütleri barada. Film, hökümet işgärleri, daşky gurşawy goraýjy edaralar, nebit we kömür öndürijiler, industrial işgärleriň we awtoulag sürüjiler bilen gürrüňdeşliklerden ybarat. Ýetilen netijeler, statistiki maglumatlar we ylmy terminler sadaja animasiýalar bilen adaty adamlara düşnükli şekilde ýetirlen.

Youtube Salgysy: https://www.youtube.com/watch?v=V5bHb3ljjbc

Hanym Jiň, filmde, howada rak keseliniň döremegine sebäp bolup bilýän maýda "PM 2.5" maddasynyň köpelmegi bilen adam ölüminiň artmagynyň arasynda baglanşygy görkezýär. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň standartlary we düzgünleri boýunça bu maddanyň sagdyn derejesi 25 mg/m³. Ortaça hytaýly adam bolsa günüň dowamynda bu derejeden 12 esse (~306 mg/m³) köp dem alýar. Bular ýaly ýaramaz howaly günler, filmde berlen maglumatlara görä, günaşa bolup durýar. Elbetde, bu ýagdaý diňe Hytaýa mahsus bolman, eýsem dünýäniň uly şäherleriniň ählisinde azrak ýa-da köpräk ýagdaýda synlap bolýar.

Uly adamlar ortaça günde 25000 gezek dem alýar, 6 ýaş töweregi çagalar bolsa olardan iki esse köp dem alýar. Sport bilen meşgullananymyzda, ýa-da meselem çagalar daşarda oýnanda, dem alyş iki esse ýygylaşýar. Näçe gezek säginip, dem alýan howamyzyň düzümi ýa-da hili barada oýlanyp gördük?

Tomas Hobbs, XVII asyryň tanymal iňlis filosofy, adamlaryň tebigatyny "adam, adama möjek" diýip häsiýetlendiripdir. Gynansakda, bu gün biz biri-birimize garşy bašga hili wagşylyk edýäris. Buda daš töweregimize, tebigata biparh garamakdyr. Biri-birimizden öÿlerimizde gizlenip gutulyp bilÿän bolsak hem, ählimiz bir howadan dem alÿarys – gynansakda, dem almazlygy öwrenen bolsa ÿok.

Awtor: Kemal Korbaýew

  • 4339 gezek okalan