Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÝAGŞYLYK ETMEGIŇ WAGTY GELDI

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.73 (22 Ses)

1999-njy ýylyň 17-nji dekabrynda BMG-nyň Baş Assambleýasy her ýylyň 12-nji awgustyny Halkara Ýaşlar Güni diýip bellenilmegine karar berdi. Her ýyl BMG bu baýramy belli bir ýaşlaryň durmuşyna degişli meseläni saýlap, oňa halkara jemgyýetiň ünsüni çekmek arkaly belläp geçýär. Meselem, geçen ýyl Ýaşlaryň Jemgyýetde Işjeňligini Ýokarlandyrmak şygary bilen ýaşlary köpçülikleýin işlere gatnaşmaga çagyrdy. Bu ýylyň mowzugy bolsa: 2030-a Tarap Ýol: Garyplygy ýok etmek we Durnukly Önümçilik & Sarp Ediş Gatnaşygyny Gazanmak.

Şu gün men türkmen ýaşlary barada söz açmak isleýärin. Göwnüme bolmasa, sanaýmaly gowulyklara garamazdan, umumy aramyzda şeýleräk duýgular, pikirler ýaýran: birek-birege ynamsyzlyk, görüplik, biri-birimiziň arkamyzdan gybatymyzy etmegimiz, göwniýetmezçilik, biri-birimiziň düşünjämizi aşa agyr tankytlamak. Bularyň ählisi has-da daşar ýurtda okaýan ýaşlarymyzyň durmuşyny kynlaşdyrýar, biri-birimizi ýekesiredýäris. Käbir halatlarda şeýle häsiýetler "moda" öwrülip, öz medeniýetimizden, dilimizden, galyberse-de ýurdumyzdan, iň erbedi, maşgalalarymyzdan daşlaşdyrýar.

Meselem:

► Köp ene-atalar çagalaryny daşary ýurda okuwa ugratjak bolsalar diňe ýa garyndaşa ýa-da gowy tanaýan, bil baglaýan tanyşlaryna ynanyp bilýärler.

► Il içinde ýörgün bolan düşünje: hiç kime gaýtargysyz kömek etmeli däl. Hiç zat giden-gitdi berilmeli däl.

► Eger bir maşgalanyň durmuşy gowulaşaýsa goňşularyň, tanyş-bilişleriň ilkinji pikiri: nireden tapýarka? Indi köçäde sygmazlar, bize göwünlerem ýetmez.

Şu gün bir-birimize ýagşylyk etmek meselesini gozgasak ýerlikli bolar diýip hasap edýärin. Ýaramaz, gowşak gatnaşyklary diňe birek-birege şertsiz ýagşylyk etmek ýa-da azyndan deň şertli hyzmatdaşlyk etmek aýryp biler.

Eýsem, häzirki (iň bärkisi deň şertli hyzmatdaşlyga şübheli seredýän) ýaşlarymyzy ýagşylyk etmäge nädip çagyryp, olara munuň peýdalary barada nädip ündäp bolar? Men size birnäçe ylmy taýdan subut edilen sebäpleri-de getirip bilerin. Meselem:

Nebsimiziň (ego) rahatlygy: Elbetde, hemmämiz özümizi "gowy adam" diýip hasap edýäris, ýa azyndan başgalara gowy bolup görünmegi isleýäris. Her eden ýagşylygymyz biziň nebsimizi iýmitlendirip, jemgyýetde kabul edilmegimize goşant goşýar. Özümizden "erbet adam" bolaýmagymyzyň şübhesini aýryp, özümizi rahat we has şähdaçyk duýmagymyza sebäp bolýar. Netijede, bu özümizden bolan hoşallygymyz ýene-de başga adamlara ýagşylyk etmäge iterýär. Şeýle duýgulary başyndan geçirýän adam ruhy taýdan hem has sagdyn bolýar.

Altruizm (kişiň şertsiz göwnüni göterip, ýagşylyk etmek): Birnäçe ylmy barlaglaryň netijelerine görä biri-birimize ýagşylyk etmek dünýä inemizde berilýän häsiýet. Çaganyň ene-ata, maşgala söygüsiniň içinde ulalmagy, çagany şeýle duýgulary, düşünjeleri başgalarada bermäge iterýär. Adamzat taryhynyň birinji günlerinden başlap birek-birege goldaw berip, tebigy hadysalardan we wagşy haýwanlardan halas bolmak biziň genlarimizde yz alýar.

Kesekiniň kynçylygyna, ýagdaýyna duýgudaşlyk bildirmek: Bu häsiýet bizi haýwanlardan tapawutlandyrýan häsiýetleriň biri – başga biriniň başdan geçirýän kynçylygynyň, betbagtçlygynyň agramyny, agyrysyny duýup bilmek. Biriniň kösenýändigini görüp, ony özümizde duýup bilmek nätanyş adama kömek etmäge iterýär.

Biziň, ýaşlaryň, diňe öz döwrümiziň kynçylyklaryna çykalga tapmak däl-de, eýsem, biziň ene-atalarymyzyň, ata-babalarymyzyň çözmedik meselelerine çözgüt agtarmak hem geljekki nesillerimiziň öňündäki borjumyzdyr. Has wajyby bolsa, olary çözmäne ukybymyz bardyr. Birek-birege ynanmazlyk, gedemlik, düşünişmäge bolmaýan erk bolsa bu meseleleriň çözülmegine böwet bolýar.

Geliň, bu senäni bir kiçiräk flash mob (üýşüp haýyr iş etmek) bilen belläliň. Geliň, herimiz bu günüň şanyna birine azyndan bir ýagşylyk edeliň. Gaýtargy diýibem diňe olaryň başga birine ýagşylyk etmegini soralyň. Seýlelik bilen ýagşylyk etmegiň esasy häsiýeti, netijesi, dowamy bolan domino ýa zynjyr effektini işe girizeris. 100 okyjydan 10-ysynyň eden ýagşylygy 20 kesekä ÿeter, olardan bolsa 40-a we ş. m. Belki-de şeýle hereket etmek jemgyýetimizde "moda" bolar. Goý, "moda" üçin bolsun, goý nebsimiz ýa genlerimiz üçin bolsun, ýöne, geliň, ýagşylyk etmäge başlalyň! Öñki altruiztlar bolsa dowam etsin. Halkara Ýaşlar güni bilen, gadyrly türkmen yaşlary!

Awtor: Kemal Körbaýew

  • 5274 gezek okalan