Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
GEPLÄP ÝEŇMELI KESEL
Newropatolog lukmanyň maslahatyna nobatda duran wagtym bir ýaş oglan bilen gürrüňdeş boldum.
"Men iňňeli-refleks bejergisini alýaryn. Özüm barada aýtsam, men 25 ýaşymda, Guşgyda doguldym. Ejemiň aýdyşyna görä, men takmynan 4 ýaşymdan başlap sakawlap başlapdyryn. Meňiň çagalyk döwrümde ýaşaýan ýerimde sakawlamany bejerýän adam ýokdy. Sakawlaýanym gaty bir ýadyma-da düşüp baranok. Daş-töweregimdäki uly adamlar sakawlap gürleýänime üns bermejek bolýadylar, emma ýeri gelende sakawlaýandygym barada bellik edip geçýädiler.
Mekdep ýyllary meniň üçin agyr geçdi. Hemme sapakda hem meni ýekeje zat halas edýärdi – amala aşmajak arzuwlar...
Men mekdebe gitmejek bolup, gorkup, gyşyna, öýde hiç kim ýok wagty ýekeje içki eşigimde howla çykyp birnäçe minut durardym. Meniň keselläp mekdepden galasym gelýärdi. Köplenç bu usul kömegini ýetirýärdi... Mekdepde meni kemsidýärdiler, meň sakawlaýşymy yzymdan gaýtalap gülmekleri meniň üçin örän agyr degýärdi. Şol sebäpden men mekdebe barsam hem, öý işlerimi ýazuw görnüşde tabşyryp, dilden jogap bermekden gaça durýardym.
Mekdebi gutaryp, men öňümde maksat goýundym we ol maksada ýetmek üçin häzir hem çemeleşýän".
UMUMY DÜŞÜNJELER
Sakawlama (logonewroz) – gepleýiş ulgamynyň myşsalarynyň titremegi netijesinde döreýän sesiň, dem alşyň, gepleýiş ritmyň bozulmagydyr. Bu ýagdaýyň birden ýüze çykyp, gitdigiçe güýçlenip başlamagy hem mümkin. Sakawlaýan adamyň gepinde aýratyn sesleriň, bogunlaryň birnäçe gezek gaýtalanyp gelmegini we mejbury ýagdaýda togtamalary syn etse bolar.
Çagalardaky logonewroz uzak wagtyň dowamynda bildirmän, aýratyn dartgynly (stress) ýagdaýlarda ýüze çykyp bilýär. Şeýle-de nerw ulgamynyň dartgynly ýagdaýda bolmagy (howsalalar, enurez, gijeki ukynyň bozulmalary), gorkma hadysalary (itiň topulmagy, ene-atalaryň esassyz temmi bermegi), çaganyň okuw dersleriniň köplügi nerijesinde nerw ulgamyň agramly işlemegi sakawlamanyň döremegine itergi berip biler. Statistika boýunça çagalaryň sakawlamasy 2% ýagdaýlary düzüp, esasan 3-5 ýaşly çagalarda ýüze çyksa, ulularda sakawlamanyň döreme ýagdaýy 1,5% deňdir. Logoped, psiholog we newropatolog lukmanlary heniz hem bu keseliň döremeginiň sebäbi barada jedel edýärler. Emma bir delil bolsa anyk bellidir – sakawlamany bejerme mümkindir we ony adamyň özünden başga hiç kim amala aşyryp bilmez.
SAKAWLAMANY BEJERMEKDE PEÝDALY BOLJAK UMUMY MASLAHATLAR
1. Gün tertibini berjaý etmek.
Çaga üçin takyk gün tertibini düzmek gerekdir. 3-7 ýaşly çaga gijesine 10-11 sagat, gündizine 2 sagat ýatmalydyr. 7 ýaşdan uly çagalar gijesine 8-9 sagat, gündizine 1,5 sagat ýatyp dynç almalydyr. Ýatmazdan öň çaganyň ünsüni sowýan we nerw ulgamy oýandyrýan telegepleşikleri görkezmekden saklanjak bolmaly.
2. Oňaýly psihologiki ýagdaý döretmek.
Çagany häli-şindi çekeläp käýinç berip dursaňyz oňa şikes ýetirmegiňiz mümkindir. Çaga ýanyňyzda bolan wagty dawa-jenjel, gohdan daşda boluň. Körpejäň gepleýiş kemçilikleri bar diýip biýnjalyk bolýanyňyzy bildirmejek boluň. Size jogap berende ony howlukdyrmaň we ony goldap, onda oňaýly duýgulary dörediň.
3. Çaga gürrüňdeşlikde kömek etmek.
Çaga kadaly gepleýşi diňlemeli. Çaga eşden gepleýişlere çalt öwrenşýär we öýkünip başlaýar. Şonuň üçin onuň bilen haýaljakdan, mähirli we mylaýym gürleşmeli. Çaga kyn sözleri birnäçe gezek gaýtalamaga mejbur etmäň. Çaga öz deň-duşlary bilen gürrüňdeş bolar ýaly mümkinçilik dörediň.
4. Saglygy berkitmek.
Ene-ata çaganyň nerw dartgynlygyny gowşatmaly. Çaganyň emosional dartgynlygyny gowşatmak üçin bilelikde maşk ediň we onuň bilen oýnaň.
SAKAWLAMANY BEJERMEKDE ESASY BEJERIŞ ÇÄRELERI
Bu keselden üstün çykmak üçin köp dürli ýollar, usullar işlenip düzüldi we toplumlaýyn çäreler hökmünde girizildi. Sakawlamanyň alamatlary köp görnüşli bolup, onuň gelip çykyşy barada häzire çenli doly we anyk maglumatlaryň ýoklugy sebäpli, toplumlaýyn çäreleriň köpdürliligine garamazdan, olaryň hersi aýralykda ulanylanda netijeli bolman hem biler.
Sakawlamany bejermegiň adaty usuly höküminde dogry dem almagy ýola goýýan dem alyş maşklarynyň ulanylmagyny belläp bolar. Dem alyş meýilnamalarynyň içinde iň giňden ýaýrany hünärmen Strelnikowa tarapyndan işlenilip düzüldi. Bu türgenleşikler dem alşa peýdaly täsir edip, çuň, döşüňi dolduryp dem almagy öwredýär. Dem alyş maşklary adamyň diafragmasyny türgenleşdirýär, ol bolsa sesiň emele gelmeginde işjeň gatnaşýan myşsa bolup, geplenilende ses perdeleriniň pugta gysylmagyny we sesiň owazly, ritmli bolmagyny üpjün edýär.
Maşk №1: "Nasos"
1. Ilki bilen boýuňa dik durmaly.
2. Arkaňy aýlawly edip we kelläňi, elleriňi ýere göýberip biraz öňe egilmeli. Üns berilmeli wajyp zat – boýnuň şu ýagdaýda örän gowşadylan bolmaly.
3. Indi bolsa ýere tarap gaty eglip, burnuňdan döşüňi dolduryp sesli demiňi almaly.
4. Göneleňde demiňi arkaýyn göýbermeli. Emma arkaňy doly göneltmän ýene-de 2-nji ýagdaýa gelmeli.
5. Çalt we sesli dem alyp, ýene-de egilmeli we şular ýaly edip birnäçe gezek gaýtalamaly. Bul dem alyş türgenleşigi bolany üçin, myşsalarda hiç hilli dartgynlyk bolmaly däldir. Bu maşky ýeňil ýagdaýda, biliňe agram salman ýerine ýetirmeli.
6. Birnäçe sekunt dynç alnyp we adaty dem alyş dikeldilip, ýene-de 8 gezek gaýtalamaly. Bu maşk 12 gezek ýerine ýetirilmeli. Emma birden 12 gezek ýerine ýetirjek bolmaň. Bedeniňize artykmaç zeper ýetirmez ýaly, maşky ilki 6-8 gezek gaýtalap, kem-kemden 12 gezege çenli ýetiriň.
Maşk №2: "Öwürmeler"
1. Aýagyňy egniň deňinde, elleriňi biliňe goýup gönje durmaly. Duraňda özüňe rahat bolmaly.
2. Kelläňi çepe öwrüp, çalt sesli demiňi almaly.
3. Demiňi kelläňi sag tarapa öwürýäkäň, säginmän göýbermeli.
4. Indi kelläňi saga öwrüp, çalt sesli demiňi almaly. Çepe öwüreňde bolsa demiňi göýbermeli.
5. Maşky şu tertipde 8 dem alşa çenli ýerine ýetirmeli. Soňra kem-kemden 32 dem alşa çenli ýokarlandyrmaly.
Dem alyş maşklaryny günde ertirlik edinmezden we agşamlyk naharyny iýeňden soň ýerine ýetirmeli. Eýýäm 2-3 aýdan ilkinji netijeleri synlap bilersiňiz. Wagtyň geçmegi bilen dogry dem alyş doly dikeldilip, sesiňiz adaty bolmalysyna çenli düzeler. Diafragmany türgenleşdirýän maşklaryň hemmesiniň sakawlaýan adamlar üçin örän peýdalydygyny bellemelidir.
Sakawlamany bejermekde derman serişdeleriniň ulanyş aýratynlygy barada hem bellenilip geçilmelidir. Derman serişdeleri diňe agyr ýagdaýlarda, meselem sakawlamanyň ruhy ýagdaýa täsir edýän çylşyrymly görnüşlerinde ulanylýar. Bu derman serişdeleriň köpsanly ýaramaz täsirlilik döredip, olaryň täsiriniň uzaga çekmeýändigini bellemelidir. Bu usulyň esasyny köşeşdiriji we tutgaýa garşy derman serişdeleri (meselem, fenibut) ulanma düzýär. Derman serişdeleriň şu görnüşlerini ulag dolandyrýan, agyr önümçilikde işleýän ýa-da başga ünsi talap edýän işde işleýän adamalara ulanmak gadagan edilýär. Bu derman serişdeleri uzak wagtlap ulanmak bolmaýar. Haçanda derman serişdesini ulanma bes edilende, adamyň ýene-de sakawlap başlamagy ähtimaldyr. Eger kömekçi derman serişdelerini ulanmak zerur bolan halatynda, derman otlaryndan ýasalan köşeşdiriji erginleri ulanma maslahat berilýär.
ADATY DÄL USULLAR
Adam bedenindäki agzalar bilen bedeniň ýüzündäki nokatlaryň özara baglanşygy hemmämize mälimdir. Adaty däl lukmançylykda sakawlama garşy nokatlaýyn owkalama üstünlikli ulanylýar. Bejergi usulyň kynlygyna we wagty talap edýändigine garamazdan, onuň netijeliligini bellemelidir.
Sakawlamadan doly gutulmak üçin 15 günlik dowamlylykdaky bejergiden ybarat bolan birnäçe tapgyry geçmelidir. Birinji we ikinji tapgyryň arasynda hökman iki hepdelik, ikinji bilen üçünji tapgyryň arasynda bolsa 6 aýa çenli arakesme etmek zerurdyr. Soňra bejeriş tapgyrlaryny zerurlyga görä täzeden başlamak hem bolýar. Bu emleri elmydama geçirip, birden bes etmek maslahat berilmeýär. Sebäbi nokatlaýyn owkalama gepleýşiň nerw geçirijilik zynjyryny dikeldýär. Bu bolsa sakawlamadan ömürlik gutulmagyň esasy usulydyr.
TÄZE TEHNIKI MÜMKINÇILIKLERIŇ ULANYLŞY
Şu günki gün gepleýiş kemçilikleri "Speech corrector" ýa-da "Демосфен 07" ýaly kompýuter meýilnamalary arkaly üstünlikli aradan aýrylýar. Olaryň iň uly peýdaly tarapy bolsa – adam kompýuter bilen gepleşende diri adamdan tapawutlylykda, sakawlama zerarly hiç hili utanç we ýaramaz duýgulary başdan geçirmeýär. Näsag kompýuter bilen gürleşip, eýýäm ýakyn günlerde gepleýşiniň ritmli we saldamly bolanyny synlap bilýär. Meýilnamalaryň bir görnüşi adam beýnisiniň sözleýiş we eşidiş merkezleriniň işleriniň sazlaşykly utgaşmasyny ýola goýýan bolsa, başga görnüşi öz gepleýşi esasynda kompýuteriň işläp düzen ülňüsine laýyklykda sözlemegi öwretmäge gönükdirilendir. Meýilnamany düzüjileriň aýtmagyna göra, kompýuter bejeriş meýilnamalary näsaglaryň 75-80% üçin peýdaly netijeleri berýärler.
Awtor: Emir Aliýew
- 5022 gezek okalan