Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

TÜRKIÝEDA OKAÝAN TÜRKMEN TALYBYNYŇ MASLAHATLARY

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.38 (21 Ses)

Türkmen taryhyna göz gezdirenimizde türkmenler Orta Aziýada Hywa, Buhara we Samarkant ýaly ylmy we medeni taýdan ösen şäherlere ylym-bilim almak üçin gidipdirler. Häzirki döwürde bolsa, bilşimiz ýaly, türkmen ýaşlary Russiýa, Ukraina, Belarussiýa, Hytaý Halk Respublikasy, Ýewropa ýurtlary, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Türkiýe we dünýäniň başga ýurtlaryna ýokary bilim almaga gidýärler.

Daşary ýurtda öz watanyňdan, ene-ataňdan we dostlaryňdan aýra okamak kyn bolşy ýaly, duş gelinýän kynçylyklar hem şolar ýaly kyndyr. Men hem bu makalamda Türkiýe Respublikasynda ýokary okuw jaýlaryna meniň ýaly okamaga gelen türkmen ýaşlarynyň duş gelýän kynçylyklary barada söz açmakçy.

Dünýäde, 2013-nji ýylyň statistikasyna görä 4.1 milliondan köp talyp daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýar. 2014-nji ýylyň statistikasyna görä, türkmen ýaşlarynyň hem 35.854-i daşary ýurtlarda ýokary bilim alýarlar. 2015-2016 okuw ýylynda daşary ýurtlarda okaýan türkmen talyplarynyň ¼-i Türkiýe Respublikasynda okaýar. Bu bolsa bu ýurtda okaýan türkmen talyplarynyň sanynyň 9903-e deňdigini görkezýär.

Gyzykly durmuş, kän kynçylyk

Daşary ýurtlarda okanyňda ýokary derejede ylym-bilim berilmegi, täze ýurt we şäherler, dostlar we joralar, medeniýet we dil, durmuş tejribeleri, tagamlar we däp-dessurlary öwrenmek bir tarapdan gyzykly bolsa-da, gynansak-da, talyplaryň duş gelýän kynçylyklary hem örän kän bolýar. Olaryň başynda sosial, ekonomiki, ýaşamak üçin ýer (umumy ýaşaýyş jaýy we öý), dil, däp-dessur, tagamlar, öýlerini küýseme we saglyk ýaly kynçylyklary mysal berip bileris.

Jaý meselesi

Ýeri gelende aýtsak, Türkiye Respublikasyna täze okamaga gelen türkmen talyplarynyň öňünde ýaşamak üçin ýer tapmak iň uly kynçylyk bolup durýar. Talyplar dostlarynyň, joralarynyň ýa-da tanyşlarynyň kömegi bilen umumy ýaşaýyş jaýlaryna ýüz tutmaly bolýarlar. Umumy ýaşaýyş jaýlarynyň sanynyň türkleriň öz talyplaryna hem ýetmeýänligi sebäpli, her bir türkmen talyba umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşamak mümkinçiligi berilmeýär. Bu ýagdaýda talyplar ýöriteleşdirilen umumy ýaşaýyş jaýlarynda galmaly ýa-da özleri aýratyn bir öý tapmaly bolýarlar. Bu ýagdaý talyplar üçin maddy kynçylyklary ýüze çykarýar. Daşary ýurt talyplaryna işlemäge rugsat berilmeýänligi sebäpli, olar öz maşgalalarynyň berýän maddy goldawy bilen ýaşaýşyny dowam etmeli bolýarlar. Umumy ýaşaýyş jaýlarynyň tölegleri talyplara elýeterli bolup, olaryň bahasy 50-80 dollardyr. Yöriteleşdirilen umumy ýaşaýyş jaýlarynyň tölegleri bolsa 150-200, aýratyn öýleriň bahasy 200-300 dollara barabardyr.

Okuw tölegleri

Döwlet uniwersitetleriniň okuw tölegleri okajak şäheriňe we ugruňa görä üýtgeýär. Umuman aýdanyňda, döwlet uniwersitetleriniň okuw tölegleri elýeterli bolup, ýylyna 300 dollardan 1500 dollara çenlidir. Ýöriteleşdirilen uniwersitetleriň okuw tölegleri-de okajak şäheriňe we ugruňa görä üýtgeýär. Umumy aýdanyňda, olaryň tölegleri hem 6000-12000 dollar aralygydyr. Mundan daşary, stipendiýa tapmak örän kyn bolsa-da, käbir wakyf (jemgyýetçilik fondlary) we ýöriteleşdirilen guramalar daşary ýurt talyplaryna-da stipendiýa berýärler. Türkiýe döwleti hem stipendiýa berýär. Ol stipendiýalary şu sahypalarda barlap bilersiňiz (www.turkiyeburslari.gov.tr we www.tubitak.gov.tr). Türkiýedäki ady belli döwlet uniwersitetleri dalaşgärleri özleriniň geçirýän synagy (matematika we zehin) arkaly kabul edýärler. Käbir uniwersitetler bolsa attestat bahalary boýunça kabul edýärler. Türkiýedäki synaglar we attestat bilen kabul edilişikler barada şu sahypadan maglumat alyp bilersiňiz (www.metropoldershaneleri.com.tr).

Dil we däp-dessur

Biz "Iki döwlet – bir millet" bolsak-da, türkmen talyplarynyň duş gelýän başga bir meselesi hem dil we däp-dessur tapawutlylygyndan habar berýändir. Biziň ulanýan dillerimiz türki dilleriniň arasyna girse-de, asyrlaryň dowamynda üýtgeşmeler bolupdyr. Şol sebäpli hem käbir sözleriň türk we türkmen dilinde ýazylşy bir bolsa-da, manysy tapawutlydyr. Muňa mysal edip türkmen ýaşlarynyň iň köp gabat gelýän sözleriniň birini – "kaka" sözüni görkezip bileris. Bu söz türkmen dilindäki manysyndan türk dilinde düýbünden tapawutly bolup, paýyş söz hökmünde ulanylýar. Däp-dessur meselesinde bolsa, biz ýaşulularymyz bilen iki el bilen salamlaşýan bolsak, türkler ýaşulularynyň ellerini öpüp, maňlaýlaryna degirýärler. Ýa-da kellelerini çaknyşdyryp salamlaşýarlar. Beýle däp-dessuryň bizde bolmanlygy üçin bu bize geň gelýär. Türkmen talyplary dil we däp-dessur tapawutlylygyny dostalaryndan ýa-da joralaryndan öwrenmeli bolýarlar. Däp-dessur aýratynlyklaryny öwrenmegiň iň gowy ýoly, türk dost-joralaryňyz bilen söhbetdeş bolmak we sorag-jogap alyşmakdyr. Türkler topar bolup çaý içmäni, gezelençdir-dynç alyşa gitmäni halaýarlar. Siz hem kursdaşlaryňyz bilen çärelere gatnaşyp, aňsat dostlaşyp bilersiňiz. Dil we däpleri öwrenmek üçin dostalaşmak iň netijeli usuldyr.

"Öýi küýseme"

Talyplaryň başga bir duş gelýän kynçylygy hem "öýi küýseme" ýagdaýydyr. Türkmen talyplary öz maşgalasyndan we ýaşaýan ýerinden aýrylandygy sebäpli, ruhyçökgünligi, ýalňyzlygy başdan geçirýärler. Bu ýagdaýdan aňsatlyk bilen gutulmak üçin täze dostlar ediniň. Duýgularyňyzy beýan ediň we pikirleriňizi paýlaşyň. Adamlar bilen tanşyň we söhbetdeş boluň. Täze şähere gözüňiz öwrenişende bu duýgyny ýeňip bilersiňiz.

Öz başdan geçiren tejribäme esaslanyp, Türkiýä okuwa geljek türkmen ýaşlaryna aşakdaky maslahatlary beresim gelýär:

1. Hökmany suratda öz halaýan ugruňyzy saýlaň we bu ugur barada maglumat ediniň. Saýlajak ugruňyz barada dostlaryňyzdan, joralaryňyzdan ýa-da tanyşlaryňyzdan maslahat soraň ýa-da uniwersitetleriň öz saýdyndan maglumat alyp bilersiniz.

2. Mümkinçiligiňiz bar bolsa, Türkiýä gelmezden öň türk dilini öwrenmek üçin kurs merkezilerine gidiň. Şeýtseňiz uniwersitetde 1 ýyl türk dilinden taýynlyk kursuny okamaly bolmarsyňyz. Netijede hem wagt, hem puly tygşytlarsyňyz.

3. Türkiýä okuwa gireniňizden soň 1 aýyň dowamynda Ikametgaha (Türkiýede galmak üçin uzak möhletleýin wiza) üçin immigrant ofisine (Göç İdaresi) yüz tutuň.

4. Ene-ataňyza aňsatlyk bilen pul ugratdyrmak üçin Türkiýä gelmezden öň Visa kart açdyryp bilersiniz.

Awtor: Töre Türkmen
 

  • 4690 gezek okalan