Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

TÜRKMEN HAJATHANADAKY ÝAGDAÝLAR

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.38 (26 Ses)

Jemgyýetçilik ýerlerinde hajathanalar ýok bolsady durmuşymyz nähili bolardy? Muny göz öňüne getirmek hem gorkunç! Dükandyr-restoranlar, kafeler we söwda merkezleri näçe gerekli we özüne çekiji bolsa-da, hajathana gerek bolup, gyssanyp duran adamyň gözüne bularyň hiçisi görünmeýär. Ol hajatyny bitirmek üçin jübüsindäki bar puluny bermäge taýýar. Hajathandan çykandan soň bolsa, onuň üçin älem-jahan ýene ýerine gelen ýaly bolýar.

Bizde nähili?

Ýurdumyzda hajathana ýagdaýy edil bäşlik baha ýetenok, ýöne umuman alanyňda erbet däl. Jemgyýet ýerlerindäki hajathanalar hemme wagt arassa bolmasa-da, arassaçylyk azda-kände höküm sürýär. Söwda, dynç alyş merkezleri arassaçylygyň mysaly bolup durýar. Bu ýerlerdäki hajathanalar adam üçin hemme taraplaýyn rahat we elýeterli.

Birinji bilen, hajathana bahasynyň ujypsyzlygyna seretmezden, bu ýerlerdäki hajathanalar mugt. Ikinjiden, söwda merkezlerinde hajathanalaryň köpdügi sebäpli gelen adam kän garaşmaly bolanok. Emma, gynansak-da bu ýerleriň gözden salyp bolmaýan näsazlyklary bar. Söwda merkezleriniň hajathanalary çilimkeşleriň mekanyna öwrülipdir. Tüsseden doýup çykan adamdan soň hajathana girmek çilime garşy raýatlara hezil berenok.

Jemgyýet ýerlerindäki hajathanalarda ýene bir uly kemçilikleriň biri hajathana kabinkalarynyň adam boýundan pes bolmagydyr. Bu esasan hem bazarlarda köp duş gelýär. Hajathana kabinkasyna giren adamy daş-töweregindäki adamlar (başga kabinkadakylar we garaşyp duranlar) kynçylyksyz görüp bilýär. Beýle kabinkalar hamala goňşy kabinkadaky adam bilen gürleşmek üçin gurulan ýaly. Bu gelýän adamlary örän biynjalyk edýär.

Ýurduň iň uly we abraýly söwda we dynç alyş merkezi "Berkarar" çilim çekmeklige garşy täsirli syýasatyny alyp barýandygy sebäpli başga ýerlere görelde bolup durýar. Bu ýerde çilim çekmek di ňe daşarda tomusky kafenyň barynyň stoýkasynda rugsat edilen. Emma, ikinji ägirt söwda merkezi Ýimpaşda welin tersine – hajathanalarda çilim kän çekilýär.

Oba ýerlerinde, köplenç, hajathanalar ýaşaýjylar tarapyndan howlyň içinde, ýaşalýan jaýdan aýratyn edilip gurulýar. Bu hajathanalaryň esasy kemçiligi olaryň gyşyna sowuk, tomusuna bolsa yssy, petik bolmagydyr. Meniň pikirimçe, hajathanalaryň daşarda gurulmagy gadymdan gelýän däp bolany üçin oba ýaşaýjylary muňa öwrenişen we olar hajathanalaryň öýüň içinde bolmagyna düýbünden garşy.

Hajathanalar adamzadyň tebigaty üçin möhüm zatlaryň biri bolup durýar. Sagdyn we rahat ýaşaýyş üçin hajathanalarymyz arassa bolmaly we, elbetde, dogry gurulmaly. Ýurdumyzdaky hajathanalar hem düzedişlere, özgerişlere mätäç. Arassaçylyga köpräk üns berlip, çilim gadaganlygy ýokary derejede alnyp barylsa gowy netijeler gazanylyp bilner. Adam boýundan pes hajathanalaryň gurulmagynyň bes edilmegi we köneleriň düzedilmegi hem ýene bir göz öňüne tutulmaly zatlaryň biri. Belki-de, oba ýerlerindäki hajathanalaryň hem rahat bolmagy üçin orta pikirler atylsa, mümkinçilikler döredilse, täsirli üýtgeşmeleriň girizilmegine ýol açylar.

Awtor: Sapar Aşyrow

  • 4970 gezek okalan