Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ZENANLARY PESELDÝÄN ZÄHMET: KÖÇE SÜPÜRMEK

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.31 (36 Ses)

"Dynç günleri hem işe çykmaly bolýan wagtymyz az däl.
Köçede naharlanmaly, şol ýerde günortanky
arakesmede dynç almaly, ýatmaly bolýar.
Hiç hili şert ýok.
Köçe süpürijileri maşyn kakýan wagtam bolýar.
Ýolbaşçylarymyzam bizi gul ýaly tutýarlar.
Paýyş sözler, kemsitmeler adaty ýagdaý".

Köçe süpüruji zenan

 

Elbetde, senem tomsuň yssysynda ýüzlerini sarap, gyşyň aňzagynda elliksiz we ýekeje köýnekli ýollary we ýol ugrundaky meýdançalary, sütünleri syryp-süpürüp ýören gelnejedir-daýzalary görensiň. Belki, seni hem ene-ataň mekdepden pes baha alyp geleňde: "Okuwyňy gowy okamasaň, köçe süpüriji bolup işlärsiň" diýip gorkuzandyrlar.

Gynansakda, bizde köçe süpürmek iň pes iş diýip hasap edilýär. Bu düşünje jemgyýetimizde aýal maşgalalaryň iş mümkinçiligini azaldyp, şeýle işleriň gadyr-gymmatyny gaçyrýar. Köçe süpürmek bilen meşgul bolýanlaryň aglaba böleginiň zenanlardygy üçin, her gezek bu kär barada äsgermezçilikli gürlänimizde aýal maşgalalaryň hak-hukuklaryny kemsidýändigimizi unutmaly däldiris. Köçe süpürýän zenanlarymyz hem edil beýleki işlerde işleýän aýal-maşgalalar ýaly göreldeli türkmen zenanynyň şeklini özünde jemleýärler: işleýän türkmen ene öýüniň diňe girdeýjisini köpeltmän, eýsem-de maşgalany gerekli zatlar bilen üpjün edýän, ýagny, ähli öý işini elinden geçirýän, çaga terbileýän, umuman aýdaňda, öýüň ähli keşigini çekýän zenandyr. Hut şonuň üçinem, biz tämizleýji zenanlary iş ýerlerinde ergonomika arkaly iň ygtybarly goldaw bilen üpjün etmäne çalyşmaly.

Ergonomika näme?

Ergonomika – iş ýeriň dogry gurnalşy, işgärleriň mümkinçiliklerini we mümkünçilikleri çäklendirilen işgärlerleriň ýetmezçiliklerini göz öňüne tutýan ylymydyr. Egronomika iş ýeriň dizaýnyny, gerekli gurallaryny (ýörite ellikler, ýöriteleşdirilen iş formasy, bedre, sübse, ş.m.) öz içine alýar. Ergonomika işgärleri işlemäne höweslendirip, işiň hilini gowulandyrýar.

Ýurdumyzda tämizleýji zenanlaryň işiniň iň agyr işleriň biri bolmagyna garamazdan olaryň ýagdaýyna ýeterlik üns berilmeýär. Olary işe höweslendirmek diýen düşünjäň ýoklugy mese mälim. Eýsem, bu tämizlik işi näme üçin agyr? Geliň, munuň düýp sebäplerine göz aýlalyň:

1. Howply. Köçe tämizleýjiligiň iň bir alada goýýan taraplarynyň biri – bu işiň ulaglaryň ýokary tizlikde geçýän ýollarynda alnyp barylmagydyr. Şonuň üçin süpürüjileriň iş alyp barýan böleklerinde ýörite howpsuzlyk belgileri goýulmaly.
2. Howa ýagdaýlary. Bu işiň agyrlygynyň başga bir sebäbi hem işiň daşarda bolmagydyr. Süpürijiler islendik howa ýagdaýyna kaýyl bolup işlemeli bolýarlar. Yssydan, sowukdan, ýelden goranmak üçin tämizleýji zenanlarymyz ýerasty geçelgelerde ýa-da duralgalarda ýylanyp oturýarlar. Bulary göreňde öýsüz adamlar ýadyňa düşýär. Tämizleýji zenanlarymyz barada çynlakaý alada edilip, olaryň dynç almagy, ýakymsyz howalardan halas bolmagy üçin ýörite ýerler gurulsa we şoňa meňzeş başga ýeňillikler döredilse, elbetde, olaryň işe bolan höwesi artar. Bu bolsa işiň hilini has-da ýokarlandyrar.

Jemgyýetçilik guramalary we hususy pudaklar name edip biler?

Işleýän çagaly aýallar üçin mekdep wagtyndan öň (Iňlisçe: morning care) we soň (Iňlisçe: evening care) işleýän merkezler döredilmeli. Çagalar baglary bolsa tölegsiz iş alyp barmaly. Ol merkezlerde çagalar okuw öý işlerini edip bilerler we ejeler iş wagtlarynda çagalaryny alada etmekden azat bolarlar. Bu merkezleriň diňe döwlet tarapyndan däl-de, eýsem jemgyýetçilik guramalary (NGO), hususy pudaklar tarapyndan hem açylmagyna mümkinçilik döredilmeli.

Sen näme edip bilersiň?

Biedep we terbiýesiz adamlara çydamak ullakan sabyr we geçirimlilik talap edýär. Günde näçe sany adam "ýörite aýyrýan işgär bar-la" diýip, zir-zibilini ulagyň içinden daşaryk ýa-da gezip ýören ýerinde taşlap gidýär. Ol zibilleri aýyrmak bolsa tämizleýji zenanlara galýar. Eger pikir etsek, hiç kim öz aýal doganynyň, ejesiniň ýa-da aýalynyň daşarda zir-zibil çöpläp ýörmegini islemez. Bu meselede raýatlarymyza, ýaşlarymyza radio we telewideniýäniň üsti bilen ýere zir-zibil atmaly däldigi we tämizleýji zenanlarymyza hormat goýmalydygy sargyt edilmeli.

Köçe süpürýän zenanlarymyz elmydama öz işlerini talaba laýyk ýerine ýetirmäge çalyşýarlar. Olary howply köçeler, gyşyň sowugy we tomsuň yssysy gorkuzmaýar. Olar terbiýsiz adamlara sabyrly bolup, zyňylan zir-zibilleri aýyrýarlar. Meniň pikirimçe, bu işgärlere döwlet we raýatlar tarapyndan hökmany goldaw berilmeli. Olar üçin has ykjam howpsuzlyk çäreleri görülmeli. Eziz ildeşler, goý her bir adam zir-zibilini ýere zyňjak bolanda şony arassalamaly zenanyň hem biriniň ejesi, aýaly ýa aýal doganydygyny ýatlasyn.

Awtor: Dilber Hanowa, Sapar Aşyrow

  • 4198 gezek okalan