Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

MEN NÄME ÜÇIN BIRINIŇ IKINJI AÝALY BOLMAGA RAZYLAŞDYM?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.43 (40 Ses)

Jemgyýetimizde köp zat özgerdi. Indi ýaşlar söýgi gatnaşyklaryna has ir ýaşda başlaýarlar. Gatnaşyklarda biwepalyk hem öňküler ýaly ýazgarylmaýar. Köpleriň iki-üç aýaly ýa-da gezýäni bar. Her kim öz durmuşyny isleýşine we başarşyna görä gurýar. Elbetde, bu kanun däl, emma köpsanly nikalar "ömürleriniň ahyryna çenli bagtly ýaşadylar" diýlişi ýaly bagtly bolmaýar. Käbir jübütler uzak, emma bagtsyz ömür sürseler, käbirleri gysgajyk wagt ýaşaşyp aýrylyşýarlar.

Asyl şeýlebir trend hem başlapdyr: ilki ejeň äberenine öýlenmeli, soňundanam kimi halasaň şony ikinjiň ýa-da üçünjiň edinäýmeli. Netijede näme emele gelýär? Ýekebaş ejeler; täk hossarly çagalar; kakasynyň adyny dogluş şahadatnamasyna ýazmalydygy ýa-da ýazmaly däldigi baradaky dawalar; aýrylyşmalar; ruhy çökgünlikler; agyrylar.

Ilki bakyşda ähli zada erkekler günäkär ýaly bolup görünýär. Çünki öýlenmek, ikinji aýal edinmek, haýsy aýaly saýlamak we haýsyna köp pul bermek erkegiň erkinde bolýar. Emma hakykat ýüzünde hemme zat beýle ýönekeý hem däl. Gatnaşyklarda karara elmydama iki adam tarapyndan gelinýär. Pikir edip göreliň! Näme üçin adamlar iki ýa-da üç maşgalaly bolmaga razy bolýarlar? Bu halkyň geljegi üçin nämäni aňladýar?

Bu gün men gyzlardan olaryň biriniň ikinji aýaly bolmaga näme üçin razy bolandyklaryny we bolmandyklaryny soradym.

Aýgözel, 38 ýaşly, klassiki senariýa

Men durmuşa çykyp, ýoldaşym bilen 7 ýyl ýaşaşdym. Emma biziň çagamyz bolmady we ýoldaşym maňa ikilik etdi. Soňra 30 ýaşymda aýrylyşdym. Dul bolanym üçin maňa betbagt we biçäre göz bilen seredýärdiler. Töweregimde durmuşymy bezäp, meni "dul" statusyndan çykaryp biljek hyrydarlarym köpelip başlady. Men aýrylyşyp, ýekebaş uzak wagt ýaşadym. Soňra bolsa durmuşymy kimdir-biri bilen dowam etdirmegi makul bildim.

Biziň jemgyýetimizde aýrylyşanyň ýagdaýy örän kyn. Hemmeler sen özüňe erkek tapmak üçin islendik zada taýýar diýip pikir edýärler. Meň daşymdan kän erkek aýlanýardy, emma diňe ýekejesiniň özüne göwni ýetýärdi. Üstesine-de, ol hemme zady dogry ýerine ýetirýärdi. Emma onuň ýeke kemçiligi bardy: ol öýlenendi. Şonda-da meni öňden bäri söýüp ýörendigine we bu barada hiç kime aýtmajakdygyna ynandyrdy. Näme üçindigini bilemok, emma men onuň bilen gatnaşyk edip başlamaga razy boldum.

Biz nika gyýdyrdyk we bilelikde 7 ýyl ýaşadyk. Sowgatlar. Owadan sözler. Gezelençler. Meniň öýmüzdäkiler muňa garşydylar. Men ondan aýrylyşar diýip hiç garaşmaýardym. Ol bolsa birden ýitirim boldy. Kanuny aýal ýene-de kanuny bolaýýar. Oňa näme diýenlerini bilemok. Ol hiç zat diýmän, gaýyp bolup gitdi. Men bolsa berk, agzybir maşgala isleýärdim. Belki hem şonuň üçin biriniň ikinjisi bolmaga razy bolandyryn. Emma maşgala bolmak, ýene-de nesibämde ýok ekeni.

Jahan, 29 ýaşly, döwrebap senariýa

Men 2 ýyl mundan ozal biri bilen tanyşdym. Men 25 ýaşymdadym, ol bolsa 35. Ol aýrylyşandy we çagalary hem bardy. Onuň aýrylyşan bolmagy we ýaş tapawudymyz meni aladalandyrmady. Hatda maşgalam hem geňläp durmady. Biziň ikimizem daşary ýurtda okandyk, halkara guramada işleýärdik we mydama syýahat ederdik. Garaz, köp meňzeşliklerimiz bardy.

Onuň maşgalasy has agrasdy. Emma bu meni gorkuzmady. Men uzyn köýnek geýip, ýaşmak dakynmaga taýýardym. Men diňe oňa nädip gowy gelin bolmak hakynda pikir edýärdim. Ol hem meniň bilen özüni bagtly duýýandygyny aýdýardy. Umuman, söýgi diýseň söýgi, hemme zat sazlaşyp barýardy. Meniň hem onuň ömürlik ýoldaşym bolmalydygyna 100% ynamym bardy.

18 aýdan soň ol maňa öýündäkileň özüne gelinlik tapandygyny aýtdy. Emma men näme? Asyl men kim? Nädip beýdip bildiň? Ah, sen dönük! Meniň dönük ýarym ejesiniň ýüzünden geçip bilmezlikden ejir çekýän ekeni. Hiç bir ýagdaýda! Aslynda ol ilkinji gezek öz islänine öýlenipdir. Hut şulam onuň aýrylyşmagyna sebäp bolupdyr. Ejesiniň ýüregini ýaralamak bolanokmyşyn. Emma, sen meniň ilkinji ýigidimdiň-ä? Öň-ä ähli kynçylyklara garamazdan öz isläniňe öýlenip bilipsiň. Indi näme boldy?

Garaz, köp agladym. Köp ejir çekdim. Ýarym ýyldan soň ýene birden duşuşdyk. Men ikinji aýal ýalyrak biridim. Emma hiç bagtly bolmadym. Mydama dawa-jenjel, düşünişmezlik boldy durdy. Men indi onuň söýgülisi, balajygy we ş.m. hem däldim. Indi "jaň ederin" diýeniniňem soňy ýokdy. Men 3-4-5 sagatlap jaňyna garaşardym. "Gelerin" diýip, ýitirim bolýardy. Ýa-da "men işli" diýerdi. Nokat. Başga hiç zat soramak bolanokdy.

Ýarym ýyldan soň hernäçe dyrjaşsam hem munuň soňuna çykmaly diýen karara geldim. Söýgi bardy, emma biriniň ikinjisi bolup ýaşamak meň üçin däl ekeni.

Nastýa, 42 ýaşly, Köne öý senariýasy

Türkmenistanda ruslaryň elmydama aýratyn statusy bardy. 90-njy ýyllarda ähli ruslar hem saga, hem çepe ýatýarlar diýen düşünje bardy. Soňra ýagdaýlar üýtgemäge başlady.

Ruslarlaryň ýurtdan çykyp, türkmenleriň özbaşdaklyk alyp başlan wagtlary bilimli gyzlar bir hatara düzülipdi. Türkmen gyzlary indi öňki ýaly kiçigöwünli däldiler. Hemme zadyň modasy üýtgedi – köýnekler, makiaž, priçoskalar, özüňi alyp baryş. Şeýle ýagdaýda ruslar indi öňküleri ýaly erkana kabul edilmeýärdi. Indi "ejeň tapan gelniniň" sada we ýuwaş boljagyna güwä geçip bolmaýardy. Esasy bellemeli zat bolsa, adamlar indi gelniň nädip çaga ýetişdirjegi barada oýlanyp başladylar. Biraz öňkiräk adamlar medeniýet, kinodyr, kitaplar baradaky umumy gürrüňdeşlikleri küýseýärler. Emma ruslar welin bularyň ählisini saklap galdylar.

Men bir gezek hem durmuşa çykyp görmedim. Nesibäm bolmady. 90-njy ýyllarda köp erkekler arakhordy. Olardan birine-de çykasym gelmedi. Göçübem gitmedim. 33 ýaşymda Ahmede duşdum. Onuň ilkinji aýalyndan 3, ikinjisinden bolsa 2 çagasy bardy. Men hem onuň kanuny däl, üçünji aýaly boldum. Biziň oglumyz boldy. Soňra bolsa onuň kanuny aýalynyň ýene bir çagasy boldy. Men çagamyň şahadatnamasyna atasynyň adyny ýazdyrmadym. Onuň ýerine çyzyjak goýdurdym. Ahmet muny diýseň gaty gördi. Ilki biraz gürrüň etdi, soňra bes etdi. Şeýlelik bilen biz 15 ýyl bäri bile. Her hili zat bolup geçdi. Onuň aýaly meniň öýüme, hem işime gelip gördi. Onuň özi bolsa käte meniň ýanyma göçüp gelýärdi. Soňra bolsa yzyna, öýüne gidýärdi. Men türkmen gelniniň ýagdaýyna gowy düşünýärin. Onuň üçin 4 çaga – bu hemme zat. Şeýle eli doly, başagaý zenan kime gerek? Emma men welin heniz hem erkana. Ýarym ärli diýseň hem bolýar, ýarym däl diýseňem.

Çykalga

Eger zenan üçin biriniň ikinji aýaly bolmak dörän kynçylyk zerarly ýa-da maşgalasynyň islegi sebäpli bolsa, onda erkeklere ikinji aýal näme üçin gerek? Ýeri bu hemmeleriň ýaşyrýan köp aýallylygymy (poligamiýa) ýa-da hakyky söýgimi? Eger köp aýallylyk boljak bolsa, onda hiç bir ikinji aýal özüni rahat duýmazdy. Eger hakyky söýgi boljak bolsa, onda muny boýun almak gerek.

Galyberse-de, Türkmenistanda köp aýallylyk hakynda gürrüň açylanda şowly hekaýalar gulaga ilmeýär. Nirede ýaşaýandygymyza garamazdan, zenanlar iki aýallylygy ýazgarýarlar we özleri hem ikinji bolaslary gelmeýär. Gyz hökmünde men maşgala bir bolmaly diýip pikir edýärin. Iki bolsa bu eýýäm bölekleýin ýatyrym ýaly bolýar. Enäniň bagty çagalaryň ruhy we ahlak sypatlaryna siňýär. Eger ene elmydama ýoldaşynyň iki aýallylygy üçin aglap ýörse, onda çagalar muny bolmalysy şeýlemikä diýip kabul ederler. Eneden başga hiç kim bu barada dil ýarmaz. Ýeri munuň çäresini kim tapyp biler?

Makalada beýan edilýän pikirler, garaýyşlar hem-de teklipler awtoryň özüne degişli bolup, olar Saglyk.org saýtynyň garaýyşlary hökmünde kabul edilmeli däldir.

Awtor: Aýperi Suleýmanowa

  • 6213 gezek okalan