Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

SEN ELI TELEFONLY ÝETGINJEGIŇ BARADA NÄME BILÝÄRSIŇ?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.54 (24 Ses)

Tehnologiýa durmuşymyzda ornuny giňeltdikçe barlagçylardandyr habarçylardan çagalaň we ululaň sosial mediýa bilen gatnaşygy barada her hili maglumat eşidýäris. Ýöne ýetginjekler barada känbir eşitmeýäris. Eýsem olar sosial mediýany nähili ulanýarlarka? Sosial mediýa olaň durmuşyna nähili täsir edýärkä? Munda ene-atalaň orny nähili bolmaly? Geliň şu soraglaň jogabyny tapmaga çalyşalyň.

Dünýäniň köp ýurdunda bolşy ýaly, Türkmenistanda hem akylly telefon ulanýan ýetginjekleriň sany barha artýar. Ýetginjekler çagadan tapawutly bolsalaram heniz aň we tejribe taýdan kämilleşmedik bolýar. Olaň bu döwri sagdyn geçirmegi üçin ululaň, esasanam ene-atalaň gözegçiligi wajypdyr. Akylly telefon ulanmak hem ullakan jogapkärçilik we töwekgelçilik talap edýär. Ene-atalar mundan habardar bolup, ýetginjekleriniň sosial mediýa ulanyşyna göz-gulak bolmalydyrlar.

Eger siziň ýetginjegiňiz sosial mediýa ulanýan bolsa, onda aşakdaky alamatlar onuň jogapkärçiliklidiginden we mediýanyň onuň durmuşyna howp salmaýandygyndan habar berýär:

► Hasabynda aktiw däl. Örän seýrek post goýýar/zat paýlaşýar;

► Öý işini telefonyna ýygy-ýygydan seretmän edip bilýär;

► Dost-joralary bilen gowy gatnaşýar we esasan ýüzbe-ýüz gürleşýär;

► Maşgala agzalary bilen gowy gatnaşýar;

► Internetde bolup geçýän zatlar hakynda kän gep-gürrüň etmeýär;

► Köpçülige goşulmak/meňzemek barada alada etmeýär.

Eger ýokardaky häsiýetler siziň akylly telefonly ýetginjegiňize mahsus bolmasa, onda siziň käbir zatlary bilmegiňiz we aýgytly ädimleri ätmegiňiz zerurdyr. Çünki ýetginjegiňiz internetde sosial mediýalary ulanmak arkaly aşakdaky töwekgelçiliklere baş goşýar:

♦  Sessis synlamak. Ol özi kän zat post etmän illeňkileri sessiz synlaýar. Bu bolsa stresli pişe. Çünki ol muny özüne peýda bermeýän esasy 3 sebäbe görä edýär: 1) Dost-joralarynyň onsuz wagtlaryny nädip geçirýänini bilmek üçin. 2) Özi barada illeň näme diýýänini bilmek üçin. 3) Öz postlaryny kimiň halap, teswirleýändigini bilmek üçin.

♦  Ilden kem galmak gorkusy. Gije-gündiz sosial mediýa baglanan ýetginjek aňsatlyk bilen oňa erkini gidirip bilýär. Bu bolsa sosial mediýa ýetginjegiň nähili görünmelidigini, nähili geýinmelidigini, kimler bilen gatnaşmalydygyny çözýär diýmekdir. Ýetginjek öz durmuşyny mediýada görýän zatlaryna/adamlaryna görä gurmak isleýär. Ählisi hem ilden kem galmakdan gorkýandygy üçindir.

♦  Halamak = Halanmak. Sosial mediýada ýetginjege howply ýene bir pişe onuň "like"lara, teswirlere özüni aldyrmagydyr. Olar onuň iň uly ylhamyna öwrülip, nebsini iýmitlendirýär. Emma waka munuň bilen tamamlanmaýar. Soňa-baka ol özüni başgalar bilen deňeşdirip başlaýar. Bu bolsa ýetginjekde stresiň, görüpligiň, özüne aşa serenjam bermegiň artmagyna getirip, onuň özynamlylygyny örän pese gaçyryp bilýär.

♦  Sekstiň. Sosial mediýa her dürli kontentden doludyr. Olaryň iň özüne çekijisi bolsa jynsy islegleri oýarýan kontentlerdir. Ýetginjegiň bu barada ýeterlik bilimi bolmazdan beýle zatlary yzygiderli görüp durmagy onda şolara meňzemäge höwes döredýär. Şeýlelik bilenem ol sekstiňe baş goşýar, ýagny internetdäki dost-joralary bilen jynsy islegi oýarýan materiallary, öz suratlaryny we şol mowzukdaky SMSleri paýlaşyp başlaýar.

Sosial mediýa ýetginjekler üçin döredilen däldir. Ol ýerde bolup geçýän we edip bolýan zatlara düşünmäge we olary berk özleşdirmäge ýetginjekleriň aňy heniz taýýar bolmaýar. Emma sosial mediýanyň özüne baglaýjy bolanlygy üçin oňa ilki bilen ýetginjekleň berk baglanmak ähtimallygy uly bolýar. Bu bolsa edil kesel ýaly olara diňe zyýan berýär. Sosial mediýa baglanan ýetginjekler öz hakyky şahsyýetlerinden daşlaşýarlar, okuwda göreldeli okap bilmeýärler, maşgalaň we dostlugyň gadryny bilmeýärler, bir söz bilen aýtsak, aýdyň gelejeklerine palta urýarlar.

Şeýle ýagdaýlaň öňüni almak ýa-da olardan ýetginjekleri halas etmek borjy bolsa ilki bilen ene-atanyň boýnundadyr. Hormatly ene-atalar, aşakdaky usullary ulanmak arkaly siz ýetginjekleriňize sagdyn ýetginjekligi geçirmäge ýardam edip bilersiňiz:

•  Ýetginjegiňize diňe öz bellän wagtlaryňyzda telefon ulanmaga rugsat beriň.

•  Oňa ýatýan otagyna elektroniki enjam salmagy gadagan ediň. Goý näme ulanjak bolsa oturylýan jaýlarda ulansyn.

•  Onuň nähili sosial hasaplarynyň bardygyny belläp alyň. Olary özüňizem yzarlaň.

•  Onuň sosial mediýadaky dost-joralaryny tanaň. Diňe öz tanaýanlaryňyz bilen dostlaşmaga rugsat beriň.

•  Ýetginjegiňiziň ähli hasaplarynyň açar sözlerini talap ediň.

•  Onuň dost-joralaryny gowy tanaň we olar bilen ýüzbe-ýüz gatnaşyk etmegi üçin oturlyşyklar gurnap beriň.

•  Iň esasy bolsa, çagaňyz bilen başardygyňyzdan köp wagt geçiriň. Onuň bilen gürleşiň. Ony diňläň. Oňa ýeterlik söýgi we goldaw görkeziň. Maşgala wagtynyň gadryny görkeziň. Her gün maşgala bolup nahar iýmegi, üýşüp wagt geçirmegi endik ediniň. Her bir ýetginjegiň durmuşy ähmiýetlidir!

Şöhle Mämmedowa

  • 3550 gezek okalan