Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ADAM GAÇAKÇYLYGY: TOSLAMALAR WE HAKYKAT

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.05 (19 Ses)

30-nji iýul – bu gün adam gaçakçylygyna garşy bütindünýä güni. Bu güne bagyşlap adam gaçakçylygy baradaky toslamalara we hakyky meselelere ünsüňizi çekmegi makul bildik.

Toslama 1: Adam gaçakçylygy ten söwdasy bilen manydaşdyr.

Adam gaçakçylygy – ýüzbe-ýüz gaçakçylyk ýa-da häzirkizaman gulçulygy diýip hem tanalýar – bu ABŞ-nyň döwlet departmentiniň suratlandyrmagyna görä "adamy zähmete ýa-da ten söwdasyna mejbury ýa-da bidüzgünçilikli ýagdaýda gönükdirmek, höweslendirmek, ýa kabul etmek hereketidir".

Emma bu köplenç meýilsiz jynsy işlere gönüden-göni manydaş hökmünde ulanylýar. Hakykat ýüzünde bolsa ten gulçulygy adam gaçakçylygynyň esasy bölegini hem düzmeýär.

Gaçakçylyga mejbur edilenleriň diňe 22%-i ten söwdasyna ulaşdyrylýar. Bu her näçe üns berilmäge mynasyp bolsa-da, beýleki 68%-i mejbury zähmetiň gapanyna düşüp, köplenç gürrüňiň daşynda galýar.

Adam gaçakçylygynyň düýbüne ýetmek üçin ony takyk edip görkezmeli. Ten söwdasyndan doly ünsi sowman, mejbury zähmetiň astynda galanlaryň başdan geçirýänlerinden habardar bolmaly.

Toslama 2: Adam gaçakçylygy elmydama adamlary gizlinlikde serhetden geçirmegi öz içine alýar.

"Gaçakçylyk" sözüne garamazdan bu hereketde transport hökmany däldir. Gaçakçylyk serhetden geçmegi däl-de, esasan "mejbury hyzmat" manysyny berýär.

Aslynda, adamlar merjbury zähmete we ten gulçulygyna köplenç öýlerine ýakyn ýerlerde sezewar edilýär. Gaçakçylaryň 35%-i öýleriniň töwereginde işledilip, diňe 37%-i mejbury zähmet üçin öz şäherleriniň ýa obalarynyň araçäginden çykýarlar, emma welaýatlaryndan çykmaýarlar.

Peýda görmek maksady bilen, nirededigine garamazdan, adamyň erkini güýç ýa-da bidüzgünçilik bilen elinden almagyň islendik görnüşine gaçakçylyk diýilýär.

Toslama 3: Diňe zenanlar gaçakçylyga sezewar edilýär.

Erkekler we ýaş oglanlar hem gaçakçylyga düşýärler. Emma olara köplenç zenanlar ýaly köp üns berilmeýär. Munuň bir sebäbi bolsa ýaş oglanlary gaçakçylykdan, hasam ten söwdasyndan çykarmagyň juda kynlygydyr. Çünki bu pişe az wagtyň içinde başga ýerde gazanyp bolmajak mukdarda pul gazandyrýar. Gaçakçylyk barada gürrüň edilende erkekler we oglanlar köplenç göze ilmeýärler ýa-da olara diňe mejbury zähmet üçin gaçakçylyk etdirilýändir öýdýärler. Suratkeş Ohm Phanphiroj Underage (ýaşy ýetmeýän) atly gysga filminde Bankogyň ten söwdasy senagatynda gapana düşen oglan çagalarynyň görgüleriniň üstüni açyp görkezýär.

Toslama 4: Gaçakçylyk etdirýänleriň aglabasy kinolardaky ýaly bolýar.

Gaçakçylyk etdirýänler köplenç "Taken" ýaly meşhur kinolarda görkezilişi ýaly daýaw galtamanlar däldir. Gaçakçylyk sosioekonomiki gatlaklaryň ählisinde ýüze çykýar. Muny diňe bir görnüşdäki däl-de, her dürli adamlar alyp barýarlar. Käbir obalarda gaçakçylyk etdirýänler syýasatçylar we ýerli kanun goraýjylar bolsa, dünýäň käbir böleklerinde biznesmenler ýa restoran eýeleri munuň bilen iş salyşýarlar.

Gurnalan jenaýatçylyklar global adam gaçakçylygynda uly rol oýnasa-da, bileleşikler, ýerli hökümetler, hatda maşgalalar hem bu işe goşulýarlar. Köp halatlarda bu ýagdaý diňe maddy sebäplere görä ýüze çykýar – çagalaryny satýanlar "zalym" ýa "erbet" adamlar däl, olar diňe maddy kynçylykdan çykmak üçin başga çäre tapmaýarlar.

Toslama 5: Her gaçaklygyň pidasy bolýan adam ýa alyp gaçylýar ýa-da aldanylýar.

Haçanda Ukraina ýaly döwletlerde zenanlar güýmenje ýa-da hyzmatçylyk kärleri üçin çykarylan mahabatlara jogap berenlerinde olar aldaw bilen dokumentlerini alyp, özlerini ten söwdasyna mejbur etjek bikanun agenstwalaryň eline düşmek töwekgelçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Ýa-da Wiýetnamda bir daýy öz ýegenine uzaklarda bir restoranda iş tapyp bermäge söz berip, ony tenini satýanlaň öýüne ugratmagy ahmal.

Emma başga wagtlarda, gaçakçylygyň pidalary özleriniň nähili ýagdaýa düşjekdiklerini we peýdalanyljakdyklaryny anyk bilýärler. Bilselerem olar muňa razy bolýarlar, sebäbi mundan peýda görjekdiklerine ynanýarlar. Käbir ýagdaýlarda adamlar öz ýanlarynda iş ýetmezçiliginiň ýokarydygy üçin gaçakçylyk etmäge razy bolýarlar. Beýleki ýagdaýlarda bolsa garyp maşgalalar ilki başda berilýän nagt pula we soňky girdeji wadalaryna ynanyp, gyzlaryny ten söwdasyna ýa-da mejbury zähmete ugradýarlar. Başdaky nagt puldan soňky girdejini gyz gaçakçylyk etdirenlere bergisini (ýol we dokument düzetme çykdajylary) üzeninden soň gazanyp başlap bilýär.

Hakykata göz aýlasak, ençeme obalylar "gaçaklyk" sözüni "işlemek" bilen deň derejede ulanýarlar. Haçanda ten söwdegärleri ýa-da fabrika işgärleri "işläp bolup" obalaryna dolananlarynda olar kaşaň öýleri gurýarlar. Şeýdibem beýlekileň gözüne "baý" görünýärler. Olaň nähili iş edip gelendikleri barada bolsa kän gürrüň edilmeýär. Netijede beýleki obalylaram şeýle maddy baýlyga gyzyp, gaçakçylyk halkasyny dowam etdirýärler.

Emma haçanda çagalar ten söwdasyna ýa mejbury zähmete çekilende bu ýoly olaryň özleri saýlamaýar. Bu ýagdaý bolsa elmydama adam gaçakçylygydyr.

Toslama 6: Gaçakçylyga sezewar edilen adamlar köpçülikden kömek agtarmaga çalyşýarlar.

Barlaglaryň netijelerine görä, gaçakçylyga düşen adamlar köplenç özlerini günäli duýmakdan we gorkaklykdan ýaňa ýagdaýlaryndan çykalga gözlemän, tersine oňa kaýyl bolup ýaşaýarlar. Gaçakçylygy alyp barýanlar köplenç ellerindäki adamlary eger daşardan kömek sorajak bolsalar olaryň ýakynlaryna zyýan etmäge haýbat atmak bilen gorkuzýarlar. Käwagt bu ýagdaý gowy kök urýar we ondan soňra mejbury zähmetdäkiler we ten söwdasyndakylar özlerini "pida" hasaplamany bes edýärler. Bu bolsa meseläniň adam gaçakçylygyna garşy göreşmegi agramlaşdyrýan esasy bölegidir – emma seniň kömek edip biljek ýerleriňem kän.

Iňlis dilinden terjime eden: Şöhle Mämmedowa

Çeşme

  • 3781 gezek okalan