Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

FEMINIZM: NÄDOGRY DÜŞÜNÝÄNLER ÜÇIN GOLLANMA

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.14 (35 Ses)

Meniň feministe öwrülmegime türkmen erkek oglanlary sebäp boldular. Olaryň şübhe bilen meni "feminist" diýip atlandyryp başlamaklary maňa "feminizm" düşünjesini düýpli öwrenmäne itergi berdi. Näme üçin erkek oglanlarymyza "feminizm" düşünjesi şeýle agyryly täsir edýärkä? Olar nämeden gorkýarlar? Söwet döwründen miras bolan, aýal-gyzlara berlen deňhukuklary her gün durmuşa geçirip bilmekligim, olaryň wagtyň geçmegi bilen ownamazlygy we dürli çäklendirmelere sezewar bolmazlygy maňa örän wajyp bolup durýar. Hawa, "deňhukuklylygy" çörege çalyp iýip bolmaýar. Şu ýerde hem "Deň hukuklar nämäni aňladýar?" diýen sorag ýüze çykýar. Türkmen erkek-oglanlarynyň feminizm bilen baglanşykly esasy aladalanmalary öýlenmek, maşgala gurmak bilen bagly bolup durýar: öý hojalygynda kim öý işlerini etmeli? Kim öýde oturyp çagalara seretmeli? "Bu meselelerde aýallaryň saýlamaga erkinligi bolmaly" diýlende, erkekler gahar-gazaba münýärler.

Ýaşlaryň uly bölegi feminizmiň nämäni aňladýanyny bilmeýärler. Feminizm – seň jynsyňa garamazdan adam hukuklaryna, hormata, mümkinçiliklere we jogapkärçilige eýe bolmak hukugydyr. Bu hukuklara biz bagtymyzyň çüwmegi bilen Söwet döwründen mirasgär bolup galdyk. Türkmen oglanlarynyň we gyzlarynyň aglaba bölegi öz ene-mamalarynyň agyr durmuşyndan bihabar. Mamalarymyzyň, enelerimiziň bilim almakda, zähmet çekmekde, çaga ýetişdirmekde nähili agyr günleri başdan geçirendiklerini, nähili ýowuz şertlerde ýaşandyklaryny bilmeýärler. Taryha göz aýlasak, olaryň ejirli agyr durmuşlary Sowet dowründe başlanan gaýduwsyz göreşleriň netijesinde gowlaşyp başlapdyr.

Ýaşlar ýaşlygyny edýärdä!

Ýaşlarda mümkin feminizm barada durmuşy düşünjeler ýetmezçilik edýändir. Erkek gazanç etmeli, aýal öýde oturmaly – bu durmuşa, döwre laýyk gelmeýan düşünjedir. Meselem, öýde işsiz ýatan erkek adam aýaly uzyn gün işde bolanda öý işlerine kömek bermegi ýokuş görýär. Näme üçin? Öý işleri iş dälmi? Näme üçin türkmen jemgyýetinde şeýle könelşen düşünje "söýgiň" bir bölegi bolup galýar, jynslaryň dinamikasyny kesgitleýär? Oý işlerine kömek bermek erkeklik häsiýetiňe zarba urýarmy?

Jynslaryň maşgaladaky, jemgyýetdäki orny özgerdi we özgerýär. Siwilizasiýa derejesinde bolup geçýän üýtgeşmelere göz ýummak, olary inkär edip gezmek jemgyýetde howply, ýaramaz tendensiýalary, aýal-gyzlaryň erkeklere, erkekleriň aýallara bolan garaýyşlaryny has hem ýaramazlaşdyrýar.

Türkmen mediasynda "eneler maşgala ojagynyň ýylysyny we jemgyýetimiziň ahlak esaslaryny, ruhy gymmatlyklaryny hem-de ynsanperwer ýörelgelerini gorap saklaýarlar" diýip bellenilýär. Gynansakda, iş ýüzünde deň hukuklara eýe bolmadyk türkmen aýal maşgalasynyň "jemgyýetiň ahlak esaslaryny, ruhy gymmatlyklaryny" gorap saklap bilmegi mümkin däl! Şu döwürde bilimsiz, okuwsyz eneler öz çagalaryny kän mümkinçiliklerden mahrum edýärler.

"Erkekleri ýigrenýän aýallar!"

Feminizm "durmuşa çykmaly däl, erkekleri äsgermeli däl, zenanlyk, näz-kereşme duýgularyny başdan geçirmeli däl" diýip çykyş edenok. Mekdeplerde bu barada söz açylmazlygy şeýle düşünjeleriň giňden ýaýramagyna getirýär. Feminizm:

1. Meň durmuşymyň manysyny diňe nesil öndürmek, enelige bolan ukybym bilen kesgitlemän, potensialymy, maksat-myratlarymy öz islegime, erkime göra doly durmuşa geçirmegime ýol açýar;

2. Maňa ene bolmagy, näçe çaga edinmegi öz islegime görä saýlap almaga mümkinçilik berýär;

3. Maňa ene bolmagy saýlap almaga we hem enelik hem professional taýdan ösmäge, hünärmen bolmaga, ikisini hem üstünlikli durmuşa geçirip bilmäge şert (enelik döwründe häkimiýetleriň goldawy) döredýär;

4. Zenanlaryň erkek adamlar bilen deň derejede sosial, syýasy we ykdysady deňligini öňe sürýär. Olaryň deň derejede zähmet çekip bilmegini we olara zähmet hakynyň deň derejede üpjün edilmegini goldaýar;

5. Aýal-gyzlary "bidüzgünçilikden goramak" meýilli, başgada çüýrük sebäpleri getirip, meniň hereketlerimi, erkimi, ýaşaýyş ýörelgämi, meniň geljegimi saýlap almagy çäklendirmek üçin döredilýän düzgünlere, buýruklara garşy çykmaga mümkinçilik döredýär.

Giňden ýaýran düşünje – "deňhukuklylygy isleýän aýal-gyzlar erkekleri ýigrenýärler we olar aýallaryň erkeklerden hemme zatda üstün çykmaklaryny isleýärler". Bu nädogry, gülkä mynasyp düşünje! Eger türkmen erkekleri "feminizmiň", "deň hukuklaryň" özlerine, geljeklerine bähbitlidigine düşünmeseler türkmen aýal-gyzlarynyň durmuşlary hiç haçan özgermez. Olaryň mümkinçlikleri, hukuklary çäklendiriler. Feminizm – bu gumanizmiň, ädämkärçiligiň prinsipidir. Haýsy erkek özüni betbagt hasaplaýan, durmuşynda öz maksatlaryna, arzuwlaryna göra ýaşamadyk aýal, gyz bilen durmuş gurasy gelýär?

Feminizm ata-babalarymyzyň öňden gelýän däplerine garşy çykmaýar. Feminizm bu däpleri sorag astyna almaga mümkinçilik döredýär. Ähli däpler progressiw bolup bilenok. Ata-babalarymyzyň arasynda gulçulygy goldaýanlar hem bolupdyr. Gulçulygyň ýok bolup gidenine şükür edýäris. Feminizm ata-babalarymyzyň öňden gelýän däp-dessurlarynyň aýal-gyzlaryň durmuşyna ýetirýän negatiw tasirini seljerýär, olary azaltmaga, aradan aýyrmaga synanyşýar.

Edilmeli işler

Ilkinji ädilmeli ädim – her türkmen oglany, gyzy öz geljegi, öz gyz çagalarynyň nähili jemgyýetde ýaşamagyny isleýändigi barada pikirlenmeli. "Men geljekde öz gyzymyň bilim almagyna, arkaýyn zähmet çekmegine, durmuş gurmagyna, deň zähmet hakyna eýe bolmagyna, syýahat etmegine mümkinçilikleriniň bolmazlygyny isleýän" diýip, ýaş adamlaryň sosial ulgamalarda çykyş etmekleri jemgyýetde bolup geçýän ýa-da ýaşlar bilen hiç hili alyp barylmaýan işlerden, ýagdaýlardan habar berýär. Şeýle ýaşlara men öz ene-mamalary bilen söhbetdeş bolmagy maslahat berýärin. Olar 30-50-nji ýyllarda öz başdan geçirenlerini zenan hökmünde öz maşgalalarynda, mekdeplerde we telewideniýede gürrüň bersinler.

Feminizm barada dogry düşünjeli türkmen ýaş nesliň ýetişmegi üçin bu barada mekdep sapaklarynda şu temadan söz açylmaly. "Deňhukuklylygyň" näme aňlandýany taryha, ylyma esaslandyrylyp düşündirilmeli. Şeýle edilse biziň hem jemgyýetimizde ýaşlaryň garaýyşlary özgerer diýip pikir edýärin. Jynslaryň tapawutlylygy (psihologiýa) we deňligi barada söhbetdeşlik gurnalsa ýaşlaryň düşünjeleri özgerer we döwrebaplaşar.

Geljekde bir gün türkmen erkek oglanlary "deň hukuklylygy" doly manysynda durmuşlaryna geçirip başlanlarynda men "feminist" bolmagymy goýjagyma söz berýärin.

Makalanyň awtory: Maral Nazarowa

  • 5824 gezek okalan