Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

MEDISINA TURIZMY – "HINDI LUKMAN" BILEN SÖHBETDEŞLIK

• Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.29 (14 Ses)

Biz Hindi Lukmanyň hyzmatlaryndan peýalanýan birnäçe türkmenistanly müşderilere gabat geldik. Mundan ugur alyp, biz Hindi Lukmanyň düýbüni tutujy, Deli şäherinde ýaşaýan Mr. Asim Afsar bilen söhbetdeşlik geçirdik.

Saglyk: Bize öz işiňiz barada gysgaça aýdyp beräýseňiz. Hindi Lukman haçan ýola goýuldy?

Hindi Lukman: Biz 2,5 ýaşly Saglyk Hyzmatyny Ýeňilleşdiriji Kompaniýa. Biziň maksadymyz Hindistanda lukmançylyk bejergisini gözleýän türkmen raýatlaryny maglumat, ýol görkezijilik we doly goldaw bilen üpjün etmek. Häzire çenli biz 100-den gowrak türkmen maşgalalaryna ýokary hilli bejergi almaga kömek etdik. Olaryň arasynda bagyr we böwrek transplantasiýasy ýaly agyr operasiýalarda bar. Hindi Lukman hassanyň terbiýeçisi, guramaçysy, araçysy we goldawçysy bolup hyzmat edýär. Biz türkmençeden we rusçadan iňlisçä terjime etmek ýaly dil hyzmatlaryny hem öz içine alýan hemmetaraplaýyn guramaçylyk kömegini üpjün edýäris. Biziň işimiz barada jikme-jik maglumatlary websaýtymyzdan tapyp bilersiňiz.

Saglyk: Türkmenler näme üçin Hindistany saýlaýarlar? Olaryň saglyk bejergisi üçin Hindistana gitmeli diýen karara gelmeklerine sebäp bolýan belli faktorlar näme?

Hindi Lukman: Ýyllaryň dowamynda Hindistan elýeterli saglyk turizminde ullakan belentliklere ýetdi. Sebäbi bäri hödürleýän hyzmatlarynyň ýokary hili bilen tapawutlanýar. Dünýä standartlaryna gabat gelýän hassahanada çylşyrymly operasiýany onuň adaty bahasynyň diňe 5 ýa 10 göterimine ussat hünärmen lukmanlaryň alyp barşyny göz öňüne getiriň. Bu diňe Hindistanda bar! Ýokary hilli terapiýadan başlap, onlarça prosedura we bejergi görnüşleri, infrastruktura we hiç hili garaşdyrmazdan islendik medisina prosedurasyny ýerine ýetirip bilýän başarjaň işgärler bizde bar.

Saglyk: Türkmenistanly näsaglara nähili hyzmatlary üpjün edýärsiňiz? Olar esasan nähili ýarawsyzlyklardan ejir çekýärler?

Hindi Lukman: Biz hyzmata hemmetaraplaýyn çemeleşýäris. Biz toparymyz bolup, näsaga we onuň dogan-garyndaşlaryna gerekli maglumatlary tapyp berip, olaryň oýlanyşykly karara gelmeklerine kömek edýäris we näsagyň arkasynda durýarys. Biziň näsaglarymyzyň we olaryň hossarlarynyň aglabasy maglumat we resurs ýetmezçiligi sebäpli özlerini ejiz duýýarlar. Biz olara elýeterli we gowy hilli hyzmaty tapmaga, proseduralara düşünmäge we näsaga lukman bilen düşünişmäge kömek edýäris. Biziň türkmen näsaglarymyz esasan bagyr we rak bilen baglanyşykly kesellerden ejir çekýärler.

Hasam gepatit agdyklyk edýär. Gepatiti dogry bejerilmän, serrozyň indiki basgançagyna geçen birgiden hassalary görmek örän gynandyryjy.

Leýkemiya (Akganlylyk keseli, rus. лейкемия) hem Türkmenistanda indiki ulalyp barýan problema. Gan ragy raklaryň içinden iň bejerip bolýany hasaplanýar we biz hakykatdanam adamlaryň ömrüniň uzamagyna we has gowy durmuşda ýaşamagyna kömek edip bilýäris.

Saglyk: Siziň hyzmatlaryňyz bäsdeşleriňiziňkiden nädip tapawutlanýar?

Hindi Lukman: Biziň hyzmatlarymyz diňe hassahananyň iş wagtlary bilen çäklendirilmeýär. Biz näsag we onuň hossarlary bilen ýakyndan işleşýäris we ýagdaýlara yzygiderli gözegçilik edip durýarys. Biziň hyzmatlarymyz näsaglarymyzyň dürli zerurlyklary üçin niýetlenen. Bu wagt bolsa biz "näsagdan habar tutmak" işini ýola goýmagyň ugrunda. Biziň toparymyz her alty aýdan näsagyň öýüne baryp, onuň halyndan habar alyp durmagy meýilleşdirýär. Şu ýylyň soňunda türkmen näsaglaryna bejergi üçin maliýe kömegini almaga kömek stoluny başlatmagy maksat edinýäris.

Saglyk: Türkmen näsaglary nähili goldawlary gözleýärler?

Hindi Lukman: Gynansakda, köp türkmenler Hindistana plansyz gelýärler. Olar ýa Deli aeroportyndaky agentler bilen habarlaşýarlar ýa-da diňe turizm agentliginden maslahat alyp gaýdýarlar. Munda iň dogry ýol ähli zady (bejergi, lukman, çykdajylar we otel) öňünden meýilleşdirmekdir. Näçe taýýarlykly bolsaň şonça-da surprizler az bolýar. Biz näsaglara gelmezlerinden öňürti jikme-jik syýahat planlaryny düzmäge kömek edýäris.

Hindistana organ transplantasiýasy ýa rak keselini bejertmek ýaly agyr keseller bilen gelýän türkmen raýatlaryna maddy kömek örän möhüm bolup durýar. Olara kömek etmek üçin bir sistema döretmegimiz gerek. Hindi NGO-lary (Hökümete Degişli Bolmadyk Guramalar) diňe hindilere ýardam edýärler, ýöne dürli ýurtlaryň raýatlaryna kömek edýän halkara guramalaram kän. Biz diňe maddy kömek almak üçin kagyz işlerini düzeder ýaly sistema ýola goýsak bolýar.

Saglyk: Hakykat ýüzünde siz Türkmenistan hökümeti bilen nädip işleşmek isleýärsiňiz? Nähili hyzmatdaşlyk konstruktiw netije berer? Türkmen raýatlarynyň bähbidi üçin siz bilelikde nähili işleşip bilersiňiz?

Hindi Lukman: Eger biz tiz wagtda we uzagyndan millete ähmiýetli boljak saglyk hyzmatlary programmalaryny açmakda hökümetden belli bir derejede kömek alyp bilsek iki tarap üçinem örän peýdaly bolardy. Ilkinji we iň esasy maksat bolsa türkmen hassalaryny elýeterli we ýokary hilli saglyk bejergisiniň bardygyndan habardar etmekdir. Biz keseller, esasanam rak we bagyr bilen baglanyşykly näsaglyklar barada maglumat ýaýratmak üçin Aşgabatda Hindi Lukman ofisini açmagy hyýal edinýäris. Şeýle-de biz ofisi agyr ýatan türkmen hassalary we olaryň lukmanlary üçin konsultasiýa we elektroniki leksiýalar üçin hem ulanmak isleýäris.

Türkmenabat, Mary, Balkanabat ýaly ýerleriň ýaşaýjylary ilatyň saglyk hyzmatlaryndan habarsyz böleginiň öňüni çekýärler. Biz olara sesimizi eşitdirmeli.

Men Türkmen hökümeti we Saglyk Ministrligi bilen tiz wagtda we uzagyndan edip boljak hyzmatdaşlygyň zerurlygyny we berjek hasylyny aýdyňlaşdyryp bilerin.

Tiz wagtda edip boljak işler:

→ Biz iň gowy Hindistanda bejerip boljak hassalyklaň sanawyny düzmeli we netijeli hassa alyş-çalyş programmasyny ýola goýmaly.

→ Türkmen hassahanalary näsaglara ýadgaýlary we bejergileri barada doly iňlisçe maglumatlary hem üpjün etmeli. Şonda türkmenler aňsatlyk bilen internetde halkara hassahanalardan kömek gözläp bilerler.

→ Türkmen hökümeti öz raýatlaryna halkara hassahanalaryň hyzmatlaryny hem ýapýan saglyk ätiýaçlygyny üpjün etmegi göz öňüne tutmaly.

→ Biz netijeli milli Saglyk Bilimi Kampaniýalaryny gurnamaga we geçirmäge kömek edip bileris. Biz türkmenlere bagra zyýansyz endikleri we önümleri saýlamakda bilim berip bileris. Şeýle köp sanly gepatitli türkmenleri görmek meni örän haýran galdyrýar.

Uzagyndan gazanyp boljak ösüşler:

⇒ Biz lukmançylyk ugrundaky türkmen talyplary üçin Hindistanda birleşik lukmançylyk programmalaryny gurap bileris. Birleşik leksiýalary we operasiýa seminarlaryny hem geçirip bileris.

Biziň döwlet liderlerimiziň ýogany ýaýratmakda el-ele berip işleşýändiklerini görmek diýseň begendiriji. Biz saglyk pudagynda has köp işleri etmeli.

Biz türkmen raýatlaryna peýda etjek islendik hyzmatdaşlyga sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Gyzyklanýan guramalar, adamlar biz bilen aşakdaky aragatnaşyk usullary arkaly habarlaşyp bilerler:

www.hindilukman.com,

This email address is being protected from spambots. You need JavaScript enabled to view it.,

LINE ID @hindilukman,

Tel nomer: +91-9810669088

Saglyk: Biz bilen söhbetdeş bolanyňyz üçin sag boluň!

Hindi Lukman: Sag boluň!

Terjime eden: Süleýman Ýoldaşow

• 1108 gezek okalan

Teswirler (8)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
1. nasag

Kim name name hasap etsede peydaly sohbetdeshlik.Sizin saytynyzdan okap, habarlashyp Hindistana gidip, sahelche chykdayja, az wagtyn ichinde keselimden saplanyp geldim.Oz ilimde belli bir kesel kesgitlemesinem bilip bilmedim. Kosendim yordum....

Kim name name hasap etsede peydaly sohbetdeshlik.Sizin saytynyzdan okap, habarlashyp Hindistana gidip, sahelche chykdayja, az wagtyn ichinde keselimden saplanyp geldim.Oz ilimde belli bir kesel kesgitlemesinem bilip bilmedim. Kosendim yordum. Chykaran chykdayjymynam hasabyny yitirdim.

Dowamy

1. betje

[quote name="Teswirçi"]
Halkyn namelerden ejir çekyandigini has ygtybarly we layyk yol arkaly berip/bildirip bolardy. Hödürlenyan hyzmatlary, mümkünçilikleri bermegin hem yoly beyle bolmaly dal.[/quote]
"Pursatdan peydalanyp ...halkyng...

[quote name="Teswirçi"]
Halkyn namelerden ejir çekyandigini has ygtybarly we layyk yol arkaly berip/bildirip bolardy. Hödürlenyan hyzmatlary, mümkünçilikleri bermegin hem yoly beyle bolmaly dal.[/quote]
"Pursatdan peydalanyp ...halkyng ygtybarly kesellerden ejir chekyandigiini, layyk yok statistikasyny basha yurtlylardan talap edip arkaly alaly. Bizi halas edyan hyzmagtlar beyle bolmaly dal. Siz name uchin turkmenleri bejeryarsiňiz? Aziyada barada yazyng"

Dowamy

1. betje

[quote name="Hurma"]Daşardan seredip "beýle bolmaly däl, eýle bolmaly" diýmek aňsatdyr. Bir zat diýmezden ozal gowuja gözleg edip, gepiňizi faktlar bilen delillendirseňiz ynansam ynanarynam.[/quote]

Dogry aydylyar. Hich zat etman...

[quote name="Hurma"]Daşardan seredip "beýle bolmaly däl, eýle bolmaly" diýmek aňsatdyr. Bir zat diýmezden ozal gowuja gözleg edip, gepiňizi faktlar bilen delillendirseňiz ynansam ynanarynam.[/quote]

Dogry aydylyar. Hich zat etman bashga bir adamyng ishine manysyz zat diymeli bolsa iki pay berilen yaly turkmende.

Dowamy

1. Hurma

[quote name="Teswirçi"]
Halkyn namelerden ejir çekyandigini has ygtybarly we layyk yol arkaly berip/bildirip bolardy. Hödürlenyan hyzmatlary, mümkünçilikleri bermegin hem yoly beyle bolmaly dal.[/quote]
Daşardan seredip "beýle bolmaly...

[quote name="Teswirçi"]
Halkyn namelerden ejir çekyandigini has ygtybarly we layyk yol arkaly berip/bildirip bolardy. Hödürlenyan hyzmatlary, mümkünçilikleri bermegin hem yoly beyle bolmaly dal.[/quote]
Daşardan seredip "beýle bolmaly däl, eýle bolmaly" diýmek aňsatdyr. Bir zat diýmezden ozal gowuja gözleg edip, gepiňizi faktlar bilen delillendirseňiz ynansam ynanarynam.

Dowamy

1. Teswirçi

[quote name="Hurma"]Men-ä munda diňe saglyga we saglyk hyzmatlaryna mätäç adamlara degişli maglumatlary görýärin. Şu gürrüňdeşlik bolmasa biz köp türkmen raýatlarynyň gepatit we akganlylyk ýaly ýowuz kesellerden ejir çekýänini nädip bilerdik?...

[quote name="Hurma"]Men-ä munda diňe saglyga we saglyk hyzmatlaryna mätäç adamlara degişli maglumatlary görýärin. Şu gürrüňdeşlik bolmasa biz köp türkmen raýatlarynyň gepatit we akganlylyk ýaly ýowuz kesellerden ejir çekýänini nädip bilerdik? Hemem Mr. Afsar dogry belläpdir, türkmenleň lukmançylyk kömegine mätäçleriniň köp bölegi dogry maglumatyň we resurslaryň azlygyndan ejir çekýärler.
Elbetde her bir hyzmat organy özüne bähbit we abraý isleýändir, ýöne şular ýaly hyzmatlaryň köpelmegi raýatlarymyzyň saglygyna diňe pozitiw täsir eder. Belki uzagyndan döwletimiziň lukmançylygynda-da ösüşlere elter.[/quote]

Halkyn namelerden ejir çekyandigini has ygtybarly we layyk yol arkaly berip/bildirip bolardy. Hödürlenyan hyzmatlary, mümkünçilikleri bermegin hem yoly beyle bolmaly dal.

Dowamy

1. Hurma

[quote name="Teswirçi"]Reklama goymasanyz gowy bolardy. "Söhbetdeşligin" mazmunynyn aglaba bolegi firma mahabatyndan ybarat. Bu barada has obyektiw tema yazyp bolardy.[/quote]
Men-ä munda diňe saglyga we saglyk hyzmatlaryna mätäç adamlara...

[quote name="Teswirçi"]Reklama goymasanyz gowy bolardy. "Söhbetdeşligin" mazmunynyn aglaba bolegi firma mahabatyndan ybarat. Bu barada has obyektiw tema yazyp bolardy.[/quote]
Men-ä munda diňe saglyga we saglyk hyzmatlaryna mätäç adamlara degişli maglumatlary görýärin. Şu gürrüňdeşlik bolmasa biz köp türkmen raýatlarynyň gepatit we akganlylyk ýaly ýowuz kesellerden ejir çekýänini nädip bilerdik? Hemem Mr. Afsar dogry belläpdir, türkmenleň lukmançylyk kömegine mätäçleriniň köp bölegi dogry maglumatyň we resurslaryň azlygyndan ejir çekýärler.
Elbetde her bir hyzmat organy özüne bähbit we abraý isleýändir, ýöne şular ýaly hyzmatlaryň köpelmegi raýatlarymyzyň saglygyna diňe pozitiw täsir eder. Belki uzagyndan döwletimiziň lukmançylygynda-da ösüşlere elter.

Dowamy

1. Teswirçi

Reklama goymasanyz gowy bolardy. "Söhbetdeşligin" mazmunynyn aglaba bolegi firma mahabatyndan ybarat. Bu barada has obyektiw tema yazyp bolardy.

1. maral

Gaty gowy informasiya. Yazanyňyz üçin minnetdar!

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location