Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

TÜRKMEN JEMGYÝETI WE KÖPAÝALLYLYK

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.64 (11 Ses)

Şu hepde Gyrgyzystanyň ozalky Müftisi Çubak ajy Jalilow ikinji aýalynyň bardygyny aýan edip, birnäçe mahaldan soň aýdanlaryny ret etdi. Gyrgyzystanda ikaýallylyk we köpaýallylyk jenaýat hasaplanýar we gadagan edilen.

Müftiniň çykyşy Gyrgyzystanyň graždan jemgyýetinde güýçli seslenme döretdi. Graždan aktiwistler, raýatlar, guramalar bu çykyşa närazylyk bildirdiler. Gyrgyzystanyň zenanlar forumy Kurak Prezidente we bütin halka ýüzlenip ýazan hatynda köpaýallylygyň Gyrgyzystanyň jemgyýetine ýetirip biljek oňaýsyz we zyýanly täsirini anyk faktlar bilen delillendirdi.

Demokratiya we Graždan jemgyýeti üçin Gyrgyz koalisiýasy halkyň garaýşyny bilmek maksady bilen sesberlişik geçirdi. Sesberlişigiň netijesinde ilatyň 67.5% kanuna köpaýallylygyň girizilmegine garşy çykýandygy aýan boldy. Gatnaşanlaryň diňe 21.7% teklibi goldap jogap beripdirler. Teklibi goldaýan toparyň üçden bir bölegi gyzlarynyň, uýalarynyň, özleriniň bir adamyň ikinjisi ýa-da üçünjisi bolmaga garşydyklaryny aýdypdyrlar.

Ýurdumyzda şeýle sesberlişikler arkaly ilatyň pikirini bilmek, öwrenmek bize entek nesip edenok. Menem Türkmenistanlylaryň uly bölegi kanunlaşdyrylan we durmuşymyzda ýuwaşlyk bilen alnyp barylýan köpaýallylyga garşy çykar we çykýar diýip umyt edýärin. Il arasynda häli-şindi "biriniň ikinjisi bar" diýip eşitmek ýa-da biriniň ikinjisi bolmak mümkinçiligini gözleýänlere duşmak bolýar. Jemgyýetimiziň konserwatiw garaýyşly böleginde hem "kanuny ýagdaýda köpaýallylyk girizilse gowy boljak" diýen pikirler bar. Sosial ulgamlarda ýaşlaryň arasynda şeýle garaýyşlary okap, eşidip bolýar. Köpaýallylygy goldaýan toparyň munuň jemgyýete edip biljek zyýanyndan habarlydygy ýa bihabardygy bolsa näbelli. Ýöne, käbir sebäpleriň arasynda "Jemgyýetimizde aýal-gyzlaryň ykdysady ýagdaýyny gowunlandyrmak üçin ýa-da ten sowdasyny edýän aýal-gyzlarymyzyň sanyny azatlamak üçin köpaýallylyk girizilse netijeli bolar" diýýänlerimiz bar. Köpaýallylyga rugsat berýän ýurtlaryň tejribeleriniň görkezişi ýaly, köpaýallylyk jemgyýetdäki ykdysady we sosial meseleleriň uzak möhletleýin we ygtybarly çözgüdi bolup bilmeýär.

Hawa, şu döwürde gyzlarymyzyň uly topary 16 ýaşdan geçdigi (ýa-da ondanam irräk) diňe durmuşa çykmagyň aladasy bilen ýaşaýana meňzeýär. Gyzlarymyz durmuşa ortaça 24 ýaşda çykýan hem bolsalar, bu arzuw olarda orta mekdebi gutaran batlaryna möwç alyp başlaýar. Şu ýagdaýy biz jemgyýet bolup öwrenmeli, netije çykarmaly, çözgüt gözlemeli. Näme üçin gyzlarymyzda okamak, gyzykly kär edinmek islegi şeýle gowşak bolýar? Esasy sebäpleriň arasynda terbiýämiziň üns merkezinde gyzlara diňe ene, öý hojalykçy bolmany ündemegimiz bolup durýar. Biz il arasynda göreldeli, kärini söýýän, uly üstünlikler gazanan aýal-gyzlarymyz barada kän bilmeýäris we eşitmeýäris. Ene-atalaryň gyzjagazlara "sen ulalyp, kär edinersiň" diýýänini känbir eşidip bolmaýar.

Jemgyýetimizdäki "oglan maşgala eklemek üçin kär edinmeli, gyz bolsa durmuşa çykar we adamsy eklär" diýen ýaly düşünjeler gyzlarymyzy ruhy sowatsyzlygy, ruhy garyplaşmagy saýlamana iterýär. Netijede olaryň uly bölegi fiziki görküň guly bolup ýaşamany öwrenýär. Durmuşyň ähli gyzygy, maksady – durmuşa çykmakda jemlenýär.

Bilim alyp, gyzykly kär edinen, durmuşda öz orunlaryny tapan gyzlaryň arasynda biriniň 2-nji, 3-nji aýaly bolmagy isleýänler az bolýar diýip pikir edýärin. Durmuş ajaýyp! Oka, öwren, kär edin, gyzykly iş tap! Durmuşa ondan soň çyksaň hem bolar. Meň pikirimçe, mekdeplerimizde we maşgalalarymyzda döwrebap jynsy terbiýesi girizilse, jynslaryň deňligi barada ündeýänlerimiz we hereketlerimiz deň gelip başlasa, tenini satýanymyzam, biriniň ikinjisi boljak bolýanymyzym azalardy.

Awtor: Maral Nazarowa

  • 1079 gezek okalan

Teswirler (3)

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Hormatly maral nazarowa gyzlar kar edinmeli okamaly dip yazpsynyz ozuniz bilyansiniza bilegi guycli birini tansy guycli mununi yykar heme gyzlanam okasy gelya orta mekdebi tamamlap yone okamana pullary tanyslary yok okde gyzlamyzam bar olanam...

Hormatly maral nazarowa gyzlar kar edinmeli okamaly dip yazpsynyz ozuniz bilyansiniza bilegi guycli birini tansy guycli mununi yykar heme gyzlanam okasy gelya orta mekdebi tamamlap yone okamana pullary tanyslary yok okde gyzlamyzam bar olanam jubusi bos okuwada pulun tansyn bolmasa girenak muny hemelerem bilyamika diyan inda gizlemek geregem dal dine baylan gyzlara okaya beylekilerem name etsin durmusa cykaymasa basga alaclary yok yazanlam hakda pikirlenip gorun hakykada dusunersiniz

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Birine gelin bolmak, birine rhe bolmak asla erbet zat däl, emma Men meselem gelnimiň ýa aýalymyň Nahar bişirdenden we çagalara seretmekden başGa zatlar barada bilmegini, pikirlenmegini, meň bu zatlar barada söhbetdeş bolmagyny islärdim. Men...

Birine gelin bolmak, birine rhe bolmak asla erbet zat däl, emma Men meselem gelnimiň ýa aýalymyň Nahar bişirdenden we çagalara seretmekden başGa zatlar barada bilmegini, pikirlenmegini, meň bu zatlar barada söhbetdeş bolmagyny islärdim. Men ejemiň öz şahsyýetiniň bolmagyny islärdim. Men Ejem ýaly gowy Ejem bolmasyn gelýär diýmän, Men Ejem ýaly akylly, köpden habarly, üstünlige okgunly, söýýän kärinde işlemegi arzuw ederdim. Gelnimiň meň diňe jynsy gyzyklanmamy dälde, intellektual gyzyklanmamam dolmagyny islärdim. Emma ýene-de bir zat, eger aňy-ýaşy ýeten iki sany zenan biri-birinden habarly we razy bolup biriniň “ikinjisi dälde” ikisiniň biri bolmaga razy bolsalar, olaňam oňa haky bardygyny ýatdan çykarmaly däl.

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Awtor sebäpleri dogry belläp geçýär. Dogrudan hem, biziň gyzlarymyzyň aglaba bölegi şeýle terbiýelenýär. Köphalatlarda ene-atalaryň mümkinçiliginiň çäkliligi sebäpli olar diňe ogullaryny okatmaga ymtylýarlar, çünki ol nesli dowam etdiriji we oňa...

Awtor sebäpleri dogry belläp geçýär. Dogrudan hem, biziň gyzlarymyzyň aglaba bölegi şeýle terbiýelenýär. Köphalatlarda ene-atalaryň mümkinçiliginiň çäkliligi sebäpli olar diňe ogullaryny okatmaga ymtylýarlar, çünki ol nesli dowam etdiriji we oňa goýlan "maýa goýumlary"ýerine düşer diýip pikir edýärler. "Gyz kesekiňki, alan ýeri eklär" diýip, gyzy ýaşlykdan maksada ymtylmadan mahrum edýärler. Netijede aýal maşgala elgarama, bakna ýagdaýda ýaşaýar. Gyzyň durmuşda, maşgalada öz orny bolup, ony garaşsyz, kynçylyklara döz gelýän, kämil şahsyýet edip ýetişdirmek üçin ol-a bir hünär eken, oňarsaň ikinji hünäri hem öwretmeli. Şonda ol öz ýanyndaky erkek adamynyň hem "eke-tägi" bolasy geler.

Dowamy
Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location