Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

SERHOŞ WE JEMGYÝET GATNAŞYGY

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.10 (10 Ses)

"Dubaýa barýas, Dubaýa. 50 gramjyk içdim-laý".

Şadyýan adam awtobusdakylaryň ünsüni çekýärdi. Oturan ýerinden daşyndaky adamlar bilen gürleşjek bolýardy. Gürleýän zatlarynda känbir many-da ýokdy. Iki sany oglan onuň bilen gürleşip, üstünden gülüp başladylar. Gürrüňiň dowamynda serhoş adamyň gahary gelip, ýerinden turdy we awtobusdan düşdi. Düşüp, daşardan gygyrdy: "Eý kursant, çyk daşaryk! Gel bärik, kursant!" Oglanlar biri-birine “dostuň bilen sagbollaş” diýşip, gülüşdiler. Awtobus ýöredi we daşardaky "komandir" gygyryp galdy.

Ýurdumyzda jemgyýet ýerlerinde we ulaglarynda şuňa meňzeş wakalara az duş gelmeýäris. Käte-kätede serhoş adamlaryň köçede ýa-da skameýkada ýatanyny görýäris. Bulara "jemgyýet serhoşlary" diýip bileris. Meniň pikirimçe, jemgyýet serhoşlarynyň köpüsi orta ýaşly we az aýlyk bilen gününi dolap ýören erkek adamlar. Bularyň arasynda aýallar hem bolup bilýär, ýöne olar şeýle serhoş ýagdaýda duş gelmeýärler. Jemgyýet serhoşlarynyň birnäçesi alkogola baglanan bolsalar, beýlekileri ýa kyn günde rahatlyk tapmak üçin ýa-da bir begençli wakanyň şanyna içip, serhoş bolýarlar. Näme sebäp bilen bu ýagdaýa düşselerem, günüň soňunda olar özlerine we jemgyýete ýaramaz täsir ýetirýärler.

Içmege garşy syýasat: Bizde we başga ýerlerde

Türkmenistanyň Administratiw Hukuk Bozulmalary Hakynda Kodeksiniň 355-nji maddasyna görä; köçelerde, stadionlarda, seýilgählerde, seýil baglarynda, jemgyýetçilik ulagynyň ähli görnüşlerinde we beýleki jemgyýetçilik ýerlerinde spirtli içgileriň içilmegi ýa-da jemgyýetçilik ýerlerinde adam mertebesini we jemgyýetçilik ahlagyny masgaralaýan görnüşde serhoş ýagdaýda peýda bolunmagy duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň 0,5 böleginden birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär. Bu kanun gaýtadan bozulyp dursa jerime artýar. Russiýa Federasiýasynyň kodeksine görä bu hukuk bozulma 500-den 1500 rubla çenli jerime salynýar ýa-da 15 gün administratiw tussag astynda bolmaklyga eltýär. Londonda, Londonyň Transport Gullugy jemgyýet ulaglarynda spirtli içgiler içmegi ýa-da agzy açyk spirtli gutyny eliňde saklamagy gadagan edýär. Bu syýasata awtobuslar, tramwaýlar we otlylar girýär. Görüp otursak, biziň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda jemgyýetçilik ýerlerinde serhoş bolmaklyk ýazgarylýar we gadagan edilýär.

Polisiýa – gowy oglanlar

Türkmenistanda serhoş adamlar jemgyýetçilik ýerlerinde özlerini ýaramaz alyp baranlarynda hemme wagt polisiýanyň eline düşmeýärler. Sebäbi biziň ýurdumyzda köplenç serhoşy görýän adamlar arz-şikaýat etmeýär. Polisiýalar hem her bir jemgyýet ulagyna gözegçilik edip durmaýar. Emma köçelerde gezip ýören serhoşy polisiýa ýygnap biler. Umuman aýtsak, köplenç jemgyýet ulaglarynda serhoşlar ýolagçylary birahat edýärler we bu etmişleri üçin hiç hili jogapkärçilige çekilmeýärler.

Näme maslahat?

Serhoşlaryň polisiýanyň eline düşmekleri erbet zat diýip pikir etmeli däl. Muňa goldaw hökmünde iň azyndan iki sebäp berip bileris:

1. Her bir adamyň hak-hukuklarynyň bolşy ýaly serhoşyň daşyndaky adamlaryň hem hak-hukuklary bar. Eger biri bidüzgünçilik edýän bolsa, ol adamy başgalara zyýan etmekden saklamak dogry hereketdir. Esasanam bu kanunda bar bolsa.

2. Serhoşlar polisiýanyň eline düşüp her hili howpdan halas bolýarlar. Spirtli içgiler bilen kellesi üýtgän adam gowy ýöräp bilmeýär. Ýola çykan wagty ony ulag kakma howpy uly bolýar. Ondan başga-da serhoş adama gije bolsun, gündiz bolsun her hili erbet niýetli adamlaň topulmaklary, urmaklary ýa-da pulyny almaklary mümkin. Şonuň üçin serhoşyň polisiýaň eline düşüp, bu belalardan gutulany has gowy.

Serhoşlar dürli basgançaklarda bolýarlar. Olaryň käbiri bu endiklerini özerklerine ýa-da ýakynlarynyň kömegi bilen taşlap bilseler, köp spirtli içgilere baglananlar jemgyýet kömegine mätäçdir. Aýdyşlaryna görä, ýurdumyzda alkogolizme garaşly bolan adamlary narko-psih hassahana (ýagny ruhy taýdan hassalar üçin hassahana) ýerleşdirýärler. Bu ýer hem dälihana hem-de narkologiýa bolup hyzmat edýär. Meniň pikirimçe, bejergiň bu görnüşi dogry däl. Sebäbi narkomaniýa, dälilik we alkogola garaşlylyk biri-birinden tapawutly we hersi üçin aýratyn bejergi gerek. Belki alkogola we neşe serişdelerine garaşly bolanlara bir ýerde bejergi berilse bolar, emma däli hassalar üçin aýratyn ýer gerek. Galyberse-de, alkogol garaşlylygyny anyklaýan we olar üçin ýöriteleşdirilen bejergi klinikalary ýola goýulsa jemgyýetçilik ýerlerimizde serhoş we biçäre adamlar azalyp, köp maşgalalaryň sagdyn we bagtly ýaşaýşy gazanylardy.

Geliň hemme ýerde tertip-düzgüni saklalyň. Serhoşlaryň hem adamdygyny ýatdan çykarmalyň. Olara gerek kömegi jemgyýet agzalary hökmünde elimizden gaýgyrmalyň.

Awtor: Sapar Amanow

  • 3389 gezek okalan