Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

TÜRKMEN-NET WE ENE DILIMIZ: SENDEN NÄMELERE GARAŞMALY?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (5 Ses)

Türkmen net

Türkmen dünýäsine internetiň aralaşanyna eýýäm on ýyldan köp wagt boldy. Soňky alty-ýedi ýylyň içinde internet has hem halk köpçüligine ýaýrap başlady. Hat-da çagalarymyz hem internetiň çyn janköýerleri bolup ugradylar diýsek ýalňyşmarys. Türkmen internetini ösdürmekde yzygiderli işleri geçirýän, ene dilimizde maglumat berýän birnäçe türkmen saýtlary peýda boldular. Gynansakda olaryň sany az. Näme üçin? Türkmen dilindäki maglumatlara zerurlygymyz pesmi? Ýa dilimize bildirilýän ynam, islegimiz ýokmyka?

Meniň özüm gündelik görüşüp ýören dostlarymdan, tanyşlarymdan geçiren kiçijek pikir alyşma, sowalnamamdan çen tutsam, häzirki Türkmenistanly ýaşlaryň aglabasy interneti diňe bir tanyşlaryň bilen ýazyşmak, täze tanyşlyklary açmak ýa-da söýgüli tapynmak maksady bilen ulanýarmyşlar. Ýaşlaryň bu günki durmuşda internetden köp zady öwrenip bolýandygyndan habarsyzlary hem gaty köp. Iň esasy zadam olar türkmen saýtlaryndan bihabar. Ol saýtlary döretmegä beýlede dursun. Ine, onsaň türkmen dilindäki maglumatlara talaplaryň az bolmagy şumyka diýýän. Interneti diňe bir wagt geçirmek üçin gelinýän meýdança hasaplap, ýaş adamlarymyz ondan peýdaly bir zatlary öwrenmegi, peýdaly saýtlary döretmegi endik edinmediler entek.

Türkmen internetinde bu meseläni öwrenmek maksady bilen, türkmen dilindäki saýtlara we sosial ulgamlaryndaky toparlara girip şeýle netijä geldim:

Many we mazmun meselesi: Käbir Line akkauntlarynda "akyl satylyp", owadan sözler bilen ýazylýan islendik türkmen dilindäki postlar, sitatalar sähel minudyň içinde okujylar köpçülügi tarapynda "gyzgyn garşy alnyp" "like" bary goýulýar. Ol sitatalar hiç hili çeşmesiz, ylmy subutnamasyz, diňe ýaşlara boş hyýallara çümüp, hemmesi olaryň isleýän durmuşyny, gatnaşyklaryny suratlandyrylyp ýazylýar. Ýa-da ýaşlara egoistligi öwretýän ýazgylara ýygy-ýygy duş gelmek bolýar. Beýle ýazgylar näme üçindir ýaşlar tarapyndan hemişe gowy garşylanyp, okalyp, has peýdaly maglumatlar, saýtlar bolsa ikinji plana geçýär? Mysal üçin "Hiçkime hiç zat subut etmäň, durmuş geometriýa sapagy däldir", "Maňa bolýar, saňa bolanok" diýmek erkeklikden habar berýändir", "Hiç kime ynanma öz bileniňi et" we ş.m. Ynha, şular ýaly bolgusyzja sitatalaryň astynda nesillerimiz ýaşap ýörler...

Ine, köpden bäri saglyk.org saýtyny hemme sosial ulgamlarynda ýa-da ýaşlaryň "gelim-gidimli" ýeri bolan ertir.com-da durmuşy, jemgyýetçilik meseleleri gozgap peýdaly maglumatlary paýlaşýan käbir agzalaryny yzarlap gelýän. Ýöne bular tarapyndan berilýän maglumatlaryň beýle "gyzgyn garşylanyp" "like-lere gömülenini" görmedim. Iň bärkisi pikirlerini durmuşy, jemgyýetiň durmuşyna degişli meseleler barada açyk beýan edip bilýän türkmen ýaşlarynyň ýazýan sagdyn pikirli teswirlerine duşmadym. Indi hiç kim bir abzastdan uzyn ýazylan peýdaly maglumatlary okasy gelmeýär. Oňa derek biri-birinden ogurlap şol bir sitatany paýlaşýan akkauntlardaky gysgajyk söýgi, ýaşaýyş, durmuş, bäsleşik, "eneň-ataň uzak ýaşamagy üçin like goý" ýazgyly postlary okanlaryny gowy görýärler. Hawa, zehinli düşbi ýaşlarymyz hem bar. Hemmesini bir aýakdan sürmek bolmaýar. Ýöne olar seýrek. Ine, Vkontaktde öňden bäri türkmen talyplary üçin türkmen dilindäki kitapdyr, gollanmalaryň elekton görnüşlerini ýetirýän "Oka, öwren, döret" topary ýa-da täzelikde peýda bolan, daşary ýurt kinolaryny türkmen diline geçirmekde peýdaly işleri alyp barýan "Habarçy TW" öwgä mynasypdyrlar.

Dil meselesi: Ýaşlaryň arasynda ýoň bolan türk, rus dilleri häzirki wagtda internet ulgamynda şol sanda durmuşda-da türkmen dilini ulanmakdan öňde bolmasa yza galanok. Edil şeýle hem daşary ýurt dillerinde berilýän maglumatlar türkmen dilindäkiden köp okalýar, köp seslenme döredýär. Bu türkmen diline bolan höwessizlikmika? Ýa dilimiziň kemçiligi, ýetmez ýeriniň barlygymyka? Mümkin ýaşaýan, okaýan jemgyýetimiziň täsiridir? Meselem: Türkde okaýanlar türk dilini, Rossiýa, Belarussiýa, Ukarainada okaýanlar rus dillerinde ýazyp, şol dillerde okap internetde berilýän türkmençe maglumatara kembaha garaýandyrlar? Soraglar kän, ýöne anyk we kesgitli jogap bermek kyn.

"Her kim islän dilinde ýazar, gürlär, okar" diýýärler. Dogrudyr, ýöne türkmen dilini kim ösdürmeli, kim gürlemeli? Sada oba adamlarymy? Sebäbi, meniň pikirimçe, ýurtda oba ýerleri hemişe öz medeniýetini, dilini arassa saklaýan ýer bolup durýar.

Sosial ulgamlarda, atlaryna "Salam Tm", "Türkmen dünýäsi", "Türkmen älemi" we ş.m. ýazylan toparlardan ýüzlerçesi bar. Içine girdigiň paýlaşylýan suratlar türkmen medeniýetine, türkmen dünýäsine degişli, ýöne ýokarsyndaky ýazgylar rus ýa-da türk dillerinde. Ýeke gara taňka bilen çaýynyň suratyny goýup, ýokarsynda rusça ýazgy galdyrylyp goýulan post ýüzlerçe like alyp, dostlary bilen paýlaşylýar. Indi şumy biziň dünýämiz? Meň üçin gülkünç we gynançly ýagdaý. Bir tarapdanam taňkaly, gazanly suratyň şeýle ýaşlar tarapyndan gyzgyn garşylanmagy gynançly.

"Me, al, oka. Bilimiňi artdyr, pikirleriňi beýan et" diýip berilýän türkmen maglumatlary bolsa internet arhiwlerine siňip gidýär...

Men ýaşlara şeýle teklip bilen ýüzlenesim gelýär:

1. Internetde berilýän islendik peýdaly türkmençe maglumata biperwaý garaman, öz pikirlerimizi açyk, aýdyň ýazmaga synanşalyň. Mümkin bolsa iki setirli owadan sözlere özümizi berip, olardan umytlandyryjy duýgylary alman, aýdyň bir herekete geçmäge, öwrenmäge ýardam beriji maglumatlara köpräk üns bereliň.

2. Okaýan, işleýän ugrumyz boýunça saýtlary, sosial ulgamlarynda peýdaly toparlary açalyň. Ol ýerlerde bolsa türkmençe maglumatlardan paýlaşyp biri-birimiziň tejribämizi artdyrmakda ýardam bereliň.

3. Häzirki wagtda internetde Wikipediýa iň bir ullakan maglumat çeşmesi bolup hyzmat edýär. Muňa garamazdan türkmen wikipediýasynyň ýagdaýy öwerlikli däl. Geliň türkmen wikipediýasyny ösdürmekde hereket edeliň. Ylmy çeşmeli, takyk maglumatlary arassa türkmen dlinde ýükläliň.

4. Edil Wikipediýa ýaly Google Terjimeçide hem türkmen diliniň ýagdaýy gözgyny. Bu ulgamda iş alyp barýan erjel türkmen oglanlarymyz bar, olara berekella diýýäs. Ýöne "ýekäniň çaňy çykmaz" diýilişi ýaly olara ýardam bersek ullakan iş etdigimiz bolardy.

5. Interneti diňe bir tanyşlyk üçin däl-de, ylmy maglumatalary öwrenmekde, dilimizi ösdürmekde hem peýdalanalyň.

6. Her birimiz peýdaly teswirleri, makalalary ýazyp, internete ýüklesek internetde türkmen diliniň gory has hem artar. "Az bolsun uz bolsun" her birimiz şeýle işleri geçirenimizde durmuş hakykatdanam ajaýyplaşaýmaly.

Awtor: Kerim Annaýew

  • 1075 gezek okalan

Teswirler (8)

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

@jerik Saglygyň dil düzgünleri türkmen dilini Türkmenistanyň döwlet dili hasaplaýar. Şol bir wagtyň özünde, Saglyk türkmen jemgyýetiniň köpdilliligini kabul edýär we oňa hormat goýýar. Biziň dil düzgünlerimiz "hiç kim diliniň aýratynlyklary...

@jerik Saglygyň dil düzgünleri türkmen dilini Türkmenistanyň döwlet dili hasaplaýar. Şol bir wagtyň özünde, Saglyk türkmen jemgyýetiniň köpdilliligini kabul edýär we oňa hormat goýýar. Biziň dil düzgünlerimiz "hiç kim diliniň aýratynlyklary sebäpli öz ýurdunyň we jemgyýetiniň durmuşyny we saglygyny pugtalandyrmaga gatnaşmakdan mahrum edilmeli däldir" diýen ýörelgä esaslanýar. Türkmen diline we baý medeni mirasymyza goşant goşýan ähli dillere bolan hormaty aýap saklamak bilen birlikde bu düzgün köpmilletli Türkmenistanyň durnukly ösüşine goşant goşmaga hemmelere mümkinçilik berýär. Saglyk makalalary türkmen we rus dillerinde kabul edýär.

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Gaty dogry yone kawagt saglyk .orgda rus dilnde maglumat goyyalar solaram turkmen dilinde yazsalar gowy bolardy

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Şu barada hem iş geçirip öz pikiriňizi jemläp ýene bir aýratyn tema açmaklygyňyzy teklip edýärin hem-de haýyş edýärin! Şu temanyň üstünde durup geçeniňiz üçin size köp minnetdar! Netijäňizi şu ýere çykaranlygyňyzy +99362976856 belgä habar...

Şu barada hem iş geçirip öz pikiriňizi jemläp ýene bir aýratyn tema açmaklygyňyzy teklip edýärin hem-de haýyş edýärin! Şu temanyň üstünde durup geçeniňiz üçin size köp minnetdar! Netijäňizi şu ýere çykaranlygyňyzy +99362976856 belgä habar bermekligiňizi haýyş edýärin! Hormatlamak bilen okyjy Gurbanmyradow Ahmet. Işiňizde rowaçlyk arzuw edýärin, teswirimi üns berip okanyňyz üçin size köp minnetdar, hoş sag boluň!

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Öz ýakynlarymy, dostlarymy, islendik öňümden çykan adamy tmhyzmat.com internet portalyna, bilmeli.tmhyzmat.com websaýtyna çagyrýan, ýöne netijesi gaty az. Siz 10% belläpsiňiz, meniň pikirimçe ondanam az... Bu 10%-i nädip köpeltmeli? Nädip uly...

Öz ýakynlarymy, dostlarymy, islendik öňümden çykan adamy tmhyzmat.com internet portalyna, bilmeli.tmhyzmat.com websaýtyna çagyrýan, ýöne netijesi gaty az. Siz 10% belläpsiňiz, meniň pikirimçe ondanam az... Bu 10%-i nädip köpeltmeli? Nädip uly görkezijini gazanmaly? Men ýaş hem bolsam diňe türkmen saýtlaryna, onda-da siziňki ýaly maglumat merkezlerine ýüz tutýan, ulanýan, gerek maglumatymy alýan. Esasy girýän saýtlarym kitapcy.ml, tmhyzmat, bilmeli.tmhyzmat.com, elektron kitaphana, gollanma.com, saglyk, tm bazar arasynda-da talyplar.coma girýän. Ýöne türkmen ýaşlary barada köp pikirlenmeli we ýaňky 10%-i azyndan 75%-e ýetirmeli. Bu görkezijini nädip görkezmeli?

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Salam hormatly lukman, agzalar, hem-de raýatlar! Belläp geçen temaňyz hakykatdan hem dogry. Men 22 ýaşanlygyma, öýlenmedikligime garamazdan, TM HYZMAT internet portalynda redaktor işlerini alyp barýan diýsem hem ýalňyşmaryn. Hekaýalar, goşgylar,...

Salam hormatly lukman, agzalar, hem-de raýatlar! Belläp geçen temaňyz hakykatdan hem dogry. Men 22 ýaşanlygyma, öýlenmedikligime garamazdan, TM HYZMAT internet portalynda redaktor işlerini alyp barýan diýsem hem ýalňyşmaryn. Hekaýalar, goşgylar, ylymda oýlap açyşlar, täsinlikler, powestler hem-de ylmy taýdan tassyklanan maglumatlary halkym bilen paýlaşasym gelýär, olara dogry ýoly salgy beresim gelýär. Ýöne gynansakda türkmen ýaşlarynyň düşünjesi pes gelýärmi nämemi ol maglumatlary okandan siziň belläp geçişiňiz ýaly bolgusyz zatlara wagt gidirýärler hemem serişde harçlaýarlar. Bu diýseň gynançly.

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Teswiriň dowamy Wagtyň geçmegi bilen öz ene dilimizde maglumatlar köpeler diýip umyt etýän. Iň azynda Google sözlüge Türkmen dilini goysalar, şol hem ene dilimiz üçin uly ädim.

Biziň bilen öz ene dilimizde gyzykly makalalar paýlaşyp...

Teswiriň dowamy Wagtyň geçmegi bilen öz ene dilimizde maglumatlar köpeler diýip umyt etýän. Iň azynda Google sözlüge Türkmen dilini goysalar, şol hem ene dilimiz üçin uly ädim.

Biziň bilen öz ene dilimizde gyzykly makalalar paýlaşyp durýanyňyz üçin köp sag bolun. Işiňizde, okuwuňuzda üstünlük ýar bolsun

Oka, öwren, yhlas eýle, şöhrat-şanym Watandadyr,
Ýat illerden mesgen bolmaz, göbek ganym Watandadyr.
Saparmyrat Nyýazow (2001) Ruhnama, sahypa - 276. Watandadyr

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Salam gadyrdan admin we ildeşler!
Soňky wagtda okan türkmen makalalarymyň arasynda çuňňur manyly we gowusy diýip aýdyp bilerin. Elleriňize saglyk. Köp kişiniň bular yaly temadan belläp geçesi gelip, belleman yörenler üçin gowy bolupdur. Biz...

Salam gadyrdan admin we ildeşler!
Soňky wagtda okan türkmen makalalarymyň arasynda çuňňur manyly we gowusy diýip aýdyp bilerin. Elleriňize saglyk. Köp kişiniň bular yaly temadan belläp geçesi gelip, belleman yörenler üçin gowy bolupdur. Biz Türkmen yaş nesilleri bolup gelejegiň nesilleri üçin uly ädimler ätmeli. Makalda belläp geçişiňiz yaly haçandan adamlar bilen Peydaly maglumatlar paylaşylanda ----(gyzgyn garşylanyp" "like-lere gömülenini" görmedim)---- gülkünç,edepsiz (fun,crazy) bn deňeşdireňde like lere gömüleni görmedik. Instagramda her gün täze turkmen grupbalary döreýär we o grupbalaryn halkymyza peydaly bolup bilayjekleri 10% belki mundanam azdyr. Biziň internetde türkmen dilinde aňsat maglumat gözläsimiz gelyär sebabi, maglumatlaryn aglabasy başka dillerde. Dowamy ikinji teswirde

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Hemmäňize salam!
Kerim, makalaňyz we pikirleriňiz göwnüme ýarady. Makalada biziň toparymyzyň adynyň agzalmagy, onda-da gowy tarapdan agzalmagy bizi alyp barýan işlerimize höwes döretdirýär. Şu wagt vk.com saýtynyň we internetiň-bahasynyň...

Hemmäňize salam!
Kerim, makalaňyz we pikirleriňiz göwnüme ýarady. Makalada biziň toparymyzyň adynyň agzalmagy, onda-da gowy tarapdan agzalmagy bizi alyp barýan işlerimize höwes döretdirýär. Şu wagt vk.com saýtynyň we internetiň-bahasynyň ýurdumyzdaky ýagdaýy biraz bize kynçylyk döredýär, ýogsam entek siz bilen paýlaşylmadyk kitaplarymyz has köp. Ýöne biz geljekde hem bu asylly işimizi dowam edip, mekdep okuwçylarydyr talyplar, mugallymlar, şeýle-de giň okyjylar köpçüligi üçin kitaplary, žurnallary we beýleki zerur maglumatlary toparymyzda ýerleşdireris...
Pursatdan peýdalanyp bolsa, şu ýerde toparymyzyň 10975 sany agzasyna we myhmanlaryna, şeýle-de makalanyň awtoryna okuwlarynda, işlerinde we durmuşda uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Köp, sag boluň!

Toýly SAZAKOW,
"Oka, Öwren, Döret!" toparynyň administratory.
"Habarlar, Maglumatlar we Hyzmatlar Merkezi" toparynyň esaslandyryjysy.

Dowamy
Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location