Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

IŞDEN ÝADAP GELDIM: ÖÝ HOJALYKÇYNYŇ BIR GÜNI

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.64 (14 Ses)

oy hojalykcyÖý hojalykçynyň durmuşyny, yagny öz durmuşymy esgeriň durmuşyna gaty meňzeş görýärin. Näme üçinmi? Aýdyp bereýin...

7:00 – Her gün biologiki sagadym oýandyrýar. Turup elimi-ýüzümi ýuwýaryn. Güllerimi suwarýaryn. Kaşa atarýaryn. Çaý demläp, ertirligi saçaga goýýaryn. Çagalarymyň okuw formasyny ütükleýärin. Emma säheriň hut şu wagty meniň bütin günümiň iň ümsüm wagty. Diňe şol wagt aralygynda ýeke özüm wagt geçirýärin.

7:30 – Çagalaryň jaýynda jaň sagady jyrlaýar. Sagat jyrlan sekundyndan başlap, 3 ýaşyndaky gyzym gepläp başlaýar. Ýatýança-da agzyny ýumanok. Uly gyzym birinji synpa gidýär. Oýanmak islemeýär. Süýräp turuzyp wanna äkidýärin. Oňa okuwda garbanar ýaly howpsuz plastik gaba gury iýmiş, miwe, hoz salýaryn. Gidip unitazda uklap oturan gyzymy oýarýaryn. Kiçi gyzymy ýuwundyrýaryn. Gyzlar sebäpli sebäpsiz çekeleşýärler. Ýoldaşym goha oýanýar.

7:50 – Bile nahara oturýarys. Kiçi durman geplese-de, gowy edip naharyny iýýär. Işdäsi ýerinde. Uly gyzym ýeke sözem aýtmaýar. Käte çeýnäp gyssanman dowam edýär. Ýoldaşym ikimiz "Bol gyzym! Çalt gyzym! Çeýne gyzym!" diýip ýadaýarys.

8:10 – Hemmämiz naharymyzy iýip bolýarys.

8:15 – Dişler arassalanýar. Okuw formasy geýilýär. Saç daralýar. "Bol gyzym!" dowam edýär.

8:30 – Ýoldaşymy işe uly gyzymy hem okuwa ugradýarys. (Hudaýjana şükür!) Kiçi gyzym ikimiz ertirligi ýygnap, öýleri arassalaýarys. Gyzym kämahal özi oýnaýar, kämahal tozan sorujyny elimden alyp "kömek edýär". Süpürgiç alyp tozan süpürmek onuň iň gowy görýän işidir. Köplenjem "Işiňi taşla, maňa kitap oka!" diýer. Şol bir kitaby 100 gezek okarys. Ikimizem ýatdan bilsegem ýene okarys. Kitabymyzam okarys, işimizem ederis. Arasynda kowalaşarys, bir aýakda bökeris, plastilin oýnarys...

10:00 – Gyzym bilen garbanýarys. Soňam nahara başlaýarys. Gyzym sogany, käşiri, başga gerekli zatlary çykarýar. Dogranymdan iýer durar. "Menem kömek etjek" diýer. Gazany bulaýar. Daşyna syçradýar. "Hiçle ejemjan, men entek kiçijek. Nahar bişirmäni ýaňy öwrenýärin" diýer. Menem "Zyýany ýok" diýip, süpürerin.

12:00 – Düýnden galan naharymyzy gyzdyryp iýýäris. Gap-gaçlary ýuwýarys. Gyzym başdan aşagy öl we köpük bolýar.

13:00 – Gyzym bilen kir atarýarys. Ýassyklaryň aşaklaryndan, oýunjaklaryň arasyndan, her ýerden kirli eşikleri ýygnaýarys. Arassa eşikleriň arasyna sokulan kirlileri tapýarys we hemmesini kir maşyna atýarys (Kir maşynlar ýokka aýallar nädip işlerine ýetişdikä?). Ütük edýäris. Haýsy zady öňürti, haýsy zady soň ütüklejegime gyzym karar berýär.

14:00 – Uly gyzymy almaga okuwa gidýäris. Okuwdan gelip kiçini ýatyrýaryn. Ulym iýip içeninden soň sapaga başlaýarys. (Çaga mekdebe gidende ejede mekdebe giden ýaly bolýan eken).

17:00 – Kiçi turanda garbanyp daşary çykýarys. Welosiped, rolik, samokat, skeýt, badminton, woleýbol topy, gum oýunjaklary, renkli hekler we başga kän maýda-çüýde zatlary süýräp ýokary aşak çykarmak bolsa meň boýnumda.

19:00 – Öýe ýygnanýarys. Ýoldaşym uludan demini alyp, "Bu gün gaty ýadadym" diýip, gapydan girýär. Agşam naharymyzy iýýäris. Ýene gap-gaçlary ýuwýaryn. Bu gezek uly gyzym "Kömek etjek" diýip, sokulýar.

20:00 – Çagalar bilen biraz gürrüň edýäris, hekaýa okaýarys.

21:00 – Çagalary ýatyrýaryn. Ýoldaşym bilen gürrüňleşýäris. Ertirki bazar söwdasy üçin spisok ýazýaryn. Ýoldaşyma hasap-hesip işlerine, terjime işlerine kömek edýärin. Miwe kesip iýýäris. Çaý içýäris.

23:00 – Ýoldaşym düşege geçýär. Menem ýatmazdan ozal galak-gaçak gap-gaçlary ýuwýaryn. Oýunjaklary ýygnaşdyrýaryn. Spisoga ýatdan çykan zatlary goşýaryn. Gyzymy hajathana göterip äkidip getirýärin. Ýuwunýaryn.

24:00 – Ýorgana girenimden soň, kirleri sermändigim ýadyma düşüp turýaryn.

00:20 – Ýorganyma girýärin. Kiçi gyzym "Gorkýan" diýip, turýar. Gidip, uklaýança başynda bolýaryn. Sypaýaryn. Hüwdi aýdýaryn. Gyzym arasynda "Ýalňyş aýdýaň" diýip, düzeldýär.

01:00 – Ulyň üstüni ýapýaryn. Öz düşegime geçip, sag-aman gözümi ýumýaryn.

04:00 – Töwereklerde oýanyp, çagalaryň üstüni ýapýaryn.

Iň parahat günüm şeýle geçýär. Hepdäniň 3 güni çagalary gimnastika äkidýärin, bir güni hora. Eger bazar, lukman, bank ýaly aladalar ara goşulaýsa, gün tertibimiz bozulýar. Çagalar kesellese günümiz dowzaha dönýär.

Günümiň her sagady esgeriňki ýaly bellidir, ýazylgydyr. Şoňa görä ýaşaýaryn. Ýöne düşegime geçenimde ýylgyryp ýatýaryn. "Bu gün kiçä pyçak tutmany öwretdim" ýa-da "sümmürmäni" diýip, gülerin. "Ula barmakda goşmany öwretdim" diýip, buýsanç duýaryn. Aýak dabanlarymyň syzlamagyna gulak asman, "Men nähili bagtly aýal" diýip, uka bataryn.

Awtor: Aýgül Meredowa

  • 2768 gezek okalan