Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

TELEWIZORDA WELOSIPED MODA, KÖÇEDE BOLSA MAŞYN

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (8 Ses)

welosiped

Çagalyk döwrümiň aýrylmaz bölegi bolan welosipedden talyplyk ýyllarym (2011-2015 ý; Türkiýe Respublikasy) hem işjeň peýdalandym. Bu maňa diňe saglyk tarapdan däl, maddy tarapdan hem ullakan utuş boldy. Biziň ýurdumyzda bolsa okuwa, işe welosipedli gatnaýana seýrek duş gelinýär. Bolmasa mediýada sport öňe sürülýär, ençeme welosipedli sport çäreleri geçirilýär, emma tejribede ýaşlaryňam, ulularyňam welosipede ýykgyn edýänlerini görmeýärin. Men hut şu ýagdaýyň sebäplerini agtarmak we welosipediň peýdalaryny paýlaşmak üçin şu makalamy ýazmaga karar berdim.

Haçan? Nirede? Nädip?

Meniň bilşime görä, Türkmenistan welosiped bilen 19-njy asyryň soňlarynda tanyşdy. 90-njy ýyllaryň soňlaryna çenli ozalky SSSR-de öndürilen welosipedlere transport serişdesi hökmünde garalýardy. Olar arabalar ýaly gündelik ýaşaýşyň ähli ugurlarynda ulanylýardy. "Türkmenistanda welosiped sportuny ösdürmegiň meseleleri hakynda" Kararyň kabul edilmegi bilen, 2013-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda ýurdumyzda ilkinji gezek köpçülikleýin welosipedli ýörüş geçirildi. "Aşgabat 2017" oýunlaryna 50 günüň we 30 günüň galmagy mynasybetli geçirilen "ulagsyz gün" çäreleri welosipedi aktual meseleleriň merkezine ýerleşdirdi. #saglyk we #ekologiýa heştegleri bilen agzalýan welosipediň ulanyjy gollanmasy halkymyz üçin täzeden döredilmäge başlandy. Şeýle aýgytly hereketlere garamazdan, internetde welosipediň peýdasyny düşündirýän, ündeýän türkmençe maglumatlaryň kemçilik etmegi meni gynandyrýar.

Welosiped: Arassa öýken, sagdyn beden

Üst-üstüne mündürilen "gutularda" ýaşaýan şäher ilaty sagdyn durmuş ýörelgelerine – dürli işleri bahana edip – uýmazlyga meýilli bolýar. Şeýle ýörelgeleri wagyz edýän Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) fiziki hereket hökmünde welosiped sürmegiň ýürek, öýken we artykmaç ýaglardan ýüze çykýan keselleriň öňüni alýandygyny, döwrümiziň ruhy hassalygy bolan sustupesligiň, depressiýanyň hötdesinden gelmäge hem kömek edýändigini nygtaýar. BSGG welosiped sürmegiň halkyň saglyk pudagyna harçlaýan çykdajylaryna täsirini kesgitlemek üçin HEAT taslamasyny esaslandyrdy.

Köçelerde hereket edýän motorly ulaglaryň howany hapalamagy bolsa welosipedi şäherleşmä garşy göreşiň nyşanyna öwürdi. Waşington uniwersitetiniň Saglyk Ölçegleri We Kesgitlemeleri Institutynyň keselleriň getirýän täsirleri baradaky ylmy işine görä (Global Burden of Disease 2015) Türkmenistanda 2005-2015-nji ýyllar aralygynda zyýanly maýda maddalaryň (PM 2.5) howadaky mukdary 1,5 esse ýokarlandy. Atmosfera goýberilýän zyýanly gazlary azaltmak maksady bilen 2015-nji ýylda kabul edilen Pariž şertnamasy motorsyz ulaga bolan islegi artdyrdy. Bu şertnama howanyň üýtgemegine garşy göreşip, nebit we kömür ýaly ýangyçlaryň ulanylyşyny azaltmak arkaly ählumumy gyzgynlygy adamzada howpsuz derejede (1,5) saklamagy göz öňünde tutýar.

Eýse, haýsy çäreler welosiped medeniýetimiziň ösmegine itergi berer?

↪ Ýodajyklar, geçelgeler, kireýine welosipedler:

Meniň pikirimçe, welosiped infrastrukturasyny şäherdir oba ýerlerinde bina etmek ilatyň arasynda welosiped sürmek endiginiň ornaşmagyna getirer. Welosiped ýodalaryny awtoulag hereketi bilen utgaşykly dolandyrmak ulanyjylaryň howpsuzlygyny üpjün eder. Kireýine welosiped bilen üpjün edýän döwlet taslamasyna Gazagystanyň Astana, Almaty we Şymkent şäherlerinde ýerleşdirilen 400-den gowrak "welostansiýalary" mysal görkezip bolar. Häzirki wagtda meýletinçilik taslamasy "velomesto.com" saýtyna görä, Aşgabatda 5-e golaý weloprokat hereket edýär. Prokat nokatlaryny duralgalaryň ýanlarynda ýerleşdirmek awtobusa garaşmak islemeýän raýatlarda welosiped endiginiň ornaşmagyna getirer.

↪ Çagalar we ulular üçin sapaklar:

Men çagalar baglarynyň, mekdepleriň we okuw jaýlarynyň düzüminde ýörite klublaryň açylyp, isleg bildirýänlere welosipedi ulanmagyň aýratynlyklary we howpsuzlyk düzgünleri barada sapaklaryň gurnalmagynyň jemgyýetde welosipediň meşhurlygyny artdyrjakdygyna ynanýaryn.

↪ "Welosiped sürýänler bet!" düşünjesini ornaşdyryp, stereotiplerden saplanmak: Jemgyýetimizde jynslaryň deňligine böwet bolýan stereotipler, zyýanly düşünjeler welosiped ulanyjylarynyň aglaba böleginiň erkek adamlar bolmagyna getirýär. Zenanlaryň welosiped ulanmaklaryny gazanmak üçin ýurdumyzda bu ugurda hereket edýän ýerli we halkara guramalar Türkiýäniň dürli şäherlerinde diňe zenanlaryň gatnaşmagynda geçirilýän "Bezenen zenanlar welosiped ýörişi" atly jemgyýetçilik hereketini mysal alyp bilerler.

↪ Galyberse-de, nusga alynýan döwlet işgärleriniň we mugallymlaryň welosiped sürmegi endik edinmekleri we munuň arkasynda ýatan anyk maksatlary wagyz etmekleri bu ekologiki ulagyň halk arasynda ýaýramagyna getirer.

Seniň saglygyň, sagdynlygyň öz eliňde. Has hem welosiped temasynda köpçülikleýin herekete garaşman, ony ulanmagy endik edinmegi özüňden başlap bilýärsiň. Ilki özüňi, soň maşgalaňy, soň dost-ýarlaryňy höweslendirseň, kim bilýär, belkem köpçülikleýin peýdaly hereketiň başlanmagyna sen sebäp bolarsyň.

Makalanyň awtory: Myrat Atajanow

Suratyň çeşmesi

  • 3389 gezek okalan