Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

OKYJYDAN HAT: RAK KESELİ BARADA HEKAÝA

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

cancer letterHatyň asyl nusgasy iňlis dilinde bolup, türkmen diline terjime edildi.

12 ýyl çemesi wagt mundan ozal Türkmenistanda ejemde rak keseliniň bardygyny anykladylar. Aslynda sesi ondan has irräk ýuwaş çykyp ugrapdy, ýöne biz ony şoňa çenli dümewländir öýdüp ýörüpdiris. Ol wagtlar menem soňky synplarda okaýardym. Bar bilýän zadym, şol kesele uçranlaryň köpüsi uzak ýaşaman ýogalýardy. Keseliň alamatlary, öňüni alyş çäreleri, bejergileri hakda hiç zat bilemokdym. Ejem bilen kakamam bilenokdy. Olar gara zähmeti bilen gününi dolap, orta gürp ýaşap ýören adamlardy. Ýokary bilimleri ýokdy. Jemgyýetimizde öýde bejertmek we tebipçilik has ýörgünlidi. Ejem gün-günden horlanyp barýardy. Dem almasy barha kynlaşýardy. Şeýle günleriň birinde-de gatnaşýan ýerlerimiziň biri ejemiň keseliniň dümew däl-de, has çynlakaý kesel bolaýmagynyň ahmaldygyny aýdyp, Aşgabada gidip barlagdan geçmegi maslahat berdi. Bolsa-da, wagtynda ýetişipdiris. Onkologiýa merkezindäki lukman ejemiň janyny halas etdi. Dörän çiş "položitel" görnüşli bolansoň, bejerip bolýan eken. Ejemi üç gezek operasiýa etdiler. Şondan bäri hem ejem ýaşaýşyň hözirini görüp ýör. Emma, gynansak-da, rak ejemden ýöne sowlup geçmedi – ejem indi kadaly gepläp bilenok.

Kakam weli öz keselini diş agyrydyr öýdüp juda ýalňyşan eken. Pylan ýerim agyrýar diýip asla zeýrenmezdi. Aradan wagt geçip, yzasy çekip-çydardan ýitileşensoň bolsa, eýýäm giç bolupdy. Kakam bilen Aşgabatdaky Onkologiýa merkezine baryp, dokumasyny barlatmak üçin nusga tabşyrdyk. Barlagyň netijesinde, kakamyň oturan otagynyň gapysyny daşyndan ýapdy-da, lukman keseliň ýetjek derejesine ýetip ötüşendigini, herki zada taýýarlykly bolmalydygymyzy düşündirdi. Muny ejeme-de, kakamyň özüne-de nädip aýtjagymy bilemokdym. Derdimi paýlaşara bolsa ol wagt ýanymda hiç kim ýokdy. Meniň bir düşünmeýän zadym: näme üçin kakamyň rak kesellidigini öňünden anyklap, öňüni alyp bolmady?! Kakam keseliniň anyklanmagynyň yzysüre, himioterapiýa we bejergi aldy, ýöne bir ýyl geçmän aradan çykdy.

Şeýle betbagtçylyga uçraýşymyz, ýüregimiziň gyýlyşy, eden çykdajylarymyz we rak keseliniň galdyran täsiri barada-da ýazsaň ýazyp oturmaly, ýöne meniň isleýän zadym ol däl. Men haçan-da bolsa bir gün Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň keselleriň öňüni almak dogrusyndaky maglumatlardan habarly bolmagyny arzuw edýärin. Saglygy goramagyň zerurdygyna her bir adamyň düşünmegi üçin mekdeplerde onuň ýörite sapak hökmünde okadylmagyny isleýärin. Mysal üçin, gönüden-göni Gün şöhlesinden goranmak üçin krem çalmalydygy, rak we beýleki keseller bilen baglylykda her ýyl lukmançylyk barlaglaryndan geçmelidigi adamlaryň aňyna guýulmalydyr.

Men lukmançylyk ulgamynda zähmet çekýän hünärmenlerde şeýle keselleri bejermek üçin hökmany başarnygyň we döwrebap ylym-bilimiň bolmagyny isleýärin. Lukmançylyk ýokary we orta hünär okuw mekdeplerindäki talyplar okuwa çynlakaý çemeleşmeseler, olary okadýan mugallymlar parahorlukdan el çekmeseler, şeýle hem lukmanlar Gippokratyň kasamyny berjaý etmeseler, adamkärçilik, ynsap we jogapkärçilik ýörelgeleri boýunça ýaşamasalar, bu aýdylýanlaryň hemmesi şol arzuwlygyna galar. Lukmanlaryň goýberen kemçiligi we geleňsizligi zerarly aradan çykan ençeme adam tanaýaryn. Hut şol sebäpli-de birentek adam lukmanlara ynanmaýar. Bu ýagdaý hökmany suratda gowulyga tarap üýtgemeli. Biziň hemmämize, ýagny Türkmenistandaky lukmanlara, şeýle hem geljekki lukmanlar bolan şu günki talyplara öz ildeşleriniň saglygynyň aladasyny etmäge, ylaýta-da şu meselä üns bermäge çen boldy.

Makalanyň awtory: Gülälek

Terjime eden: Jumadurdy Rejebow

  • 606 gezek okalan

Teswirler (3)

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Hakyky dogry aydyanyz

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Örän wajyp meselede dogry bellenilen pikirler.Howa, howply taze döremeler hazirki döwürde bedeniň garaşmaýan ýerinden döräp, adamynyň saglygyna howp salýar, ýaşaýmalyja döwründe janyna "palta" bilen urýar. Şonuň üçin her adamyň öz saglygyna...

Örän wajyp meselede dogry bellenilen pikirler.Howa, howply taze döremeler hazirki döwürde bedeniň garaşmaýan ýerinden döräp, adamynyň saglygyna howp salýar, ýaşaýmalyja döwründe janyna "palta" bilen urýar. Şonuň üçin her adamyň öz saglygyna jogapkärli garap, wagtynda saglyk gözegçiliginden geçmegi, lukmanlaryň bolsa çiş kesellerine hüşgärligini, galybersede hünärmenlik derejeleriniň ýokary bolmagy zerur. Esasy mesele çiş kesellerini irki wagtynda ýüze çykarmak we bejergi çärelerini geçirmek. Ona, şonda kesellän keselden üstün çykýar.

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Dogry aýdýañ

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location