Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
SUW JOŞGUNYNDA HOWPSUZLYK ÇÄRELERI
Suw joşguny (sil gelmegi) örän gysga wagtda uly zyýan ýetirip bilýän hadysa bolup, köp weýrançylyklara getirip bilýär. Suw joşgunynyň sebäpleriniň biri-de ygalyň köp düşmegidir. Bu bolsa Türkmenistanyň günortasynda we günorta-günbatarynda eýýäm ikinji ýyl bolup geçýär. Suw joşguny Türkmenistan üçin ýygy betbagtçylyga öwrülip barýar. Şol sebäpden, özüňi hem-de ýakynlaryňy goramak üçin, özüňi nähili alyp barmalydygyny bilmek zerurdyr.
↪ Wajyplygy boýunça gyssagly göçürişde (ewakuasiýada) şu sanawdan ugur alyň: adamlar, derman serişdeleri, resminamalar, şahsy zerurlyklar, gymmatbahaly zatlar. Şeýle hem bu sanawa tiz kömek üçin derman gutusy, arassaçylyk närseleri, nagt pul, batareýkaly fonarjyk, iýmit we suw, elektron enjamlary degişlidir. Aşaky gatda bolsaňyz, ýokarky gata çykyň. Eger wagtyňyz bar bolsa, zerur we gymmatbahaly zatlaryňyzyň hemmesini ýokarky tekjelere galdyryň.
↪ Ähli elektron enjamlary rozetkalardan aýryň. Gowusy, elektrik toguny we gazy düýbünden öçüriň. Bu ýangyn döremeginiň we tok urmagynyň öňüni almaga ýardam eder.
↪ Örän wajyp: ýerzemin we şuňa meňzeşler ýaly ýapyk ýerlerde gizlenmeli däl, sebäbi ol ýeri suw alsa, siz duzaga düşüp çykyp bilmersiňiz.
↪ Eger siz köçede, ýanýodada, köprüde suw akymyny görseňiz, onuň üstünden geçjek bolmaň! Okgunly hereket edýän suw akymyndan gaçyň! Sizi ýoldan çykarmak üçin hereket edýän suwuň bary-ýogy 15 sm bolmagy ýeterlikdir. Mundan başga-da, suw ýangyç ýa-da beýleki howply maddalar bilen hapalanan bolup biler.
↪ Eger şonda-da suwa girmeli bolsaňyz, rezin ädik, ýel berilýän halka ýa-da halas ediş gursakçasyny geýiň. Eger olar elýeterli däl bolsa, bedeniňize plastmassa çüýşeleri berkidiň. Şeýle halatda üstüňizdäki agyrdan oňaýsyz egin-eşigi we aýakgaby çykaryň.
↪ Soňra mümkin boldugyça tiz wagtda bedeniňiziň joşgun suwuna galtaşan ýerlerini sabyn we arassa suw bilen ýuwuň. Eger siziň sabynyňyz ýa-da arassa suwuňyz ýok bolsa, spirtli elsüpürgiçleri ýa-da dezinfisirleýji serişdeleri ulanyň. Joşgun ýa-da akdyrylan suw bilen hapalanan egin-eşikleriňizi gaýtadan geýmeziňizden öň, gyzgyn suwda poroşok bilen ýuwuň.
↪ Seresap boluň! Joşgun suwlarynda aýna ýa-da metal bölekleri ýaly ýiti närseler bolup biler. Olar şikesleriň sebäbi bolup, infeksiýalary ýaýradyp biler: deri örgüni, aşgazan-içege keselleri – içgeçme keselleri we bürme keseli (rus.столбняк). Eger siz açyk ýaralanan bolsaňyz, ýa bolmasa nejasat, toprak ýa-da tüýkülik zerarly zyýan çeken bolsaňyz, tiz kömege ýüz tutuň. Tiz kömek ýaralaryňyzy bejerip, infeksiýanyň öňüni alar.
↪ Eger ulagda bolsaňyz, haýal etmän suw alan ýerden daşlaşyň. Suwuň ýarym metr bolmagy ulagy galdyrmak we süýşürmek üçin ýeterlikdir. Eger zerur bolsa, öz ulagyňyzdan düşüp, şol ýerde goýup gaýdyň.
↪ Suw peselenden soňra, öýüňizde diwarlaryň, pollaryň we potoloklaryň berkligini barlaň. Şeýle hem, üzülen we sallanan elektrik geçirijilerinden hem-de nämedir bir närsäniň üstüňize gaçmagyndan seresap boluň.
↪ Ýerzeminlerden suwy sorduryp çykaryň, suw bilen gelen ähli hapalary aýryň, jaýlary we howlyny guradyň we arassalaň. Bu kesel epidemiýasynyň ýaýramagynyň öňüni alar.
Suw joşgunlary we mümkin bolan howplar barada raýatlar telewizor/radio boýunça resmi taýdan habarly edilmeli. Siziň we ýakynlaryňyzyň howpsuzlygy üçin zerur bolan sanalyp geçilen çäreleri geçiriň.
Terjime eden: Jumadurdy Rejebow
- 3187 gezek okalan