Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

NÄME ÜÇIN WENESUELALY GYZJAGAZ KAKASYNYŇ UGRADÝAN PULUNA DIKUÇAR ALYNMAK ISLEÝÄR

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

yzda galan cagalar secondSusette 4 ýaşynda. Ol ejesi bilen Wenesuelada ýaşaýar. Onuň kakasy Renato, Wenesuelanyň esasy aragatnaşyk kompaniýasynyň (Cantv) müşderi hyzmatlarynyň wekili, 2018-nji ýylyň iýulynda iş tapmak we yzynda galan maşgalasyna eklenç puluny ugratmak maksady bilen Perua tarap awtobusly ýola düşýär.

(Bu makala üçin gürrüňdeş bolnan maşgalalar we beýleki adamlar çagalarynyň şahsy maglumatlarynyň gizlinligini goramak üçin familiýalarynyň ulanylmazlygyny haýyş etdiler.)

Ejesi gyzjagazyň kakasy gidenden soňra dört günläp aglandygyny aýdýar. Häzirki wagtda gyzjagaz mugt konsultasiýa hyzmatyny hödürleýän terapewte gatnaýar. Susette üçin kä gün gowy geçse kä gün erbet geçýär. Çagaň ejesi onuň sentýabrda kakasy bilen telefonda gürleşende "Sen meni gowy göreňok. Gowy görýän bolsaň ýanymda bolardyň" diýenini eşidýär.

Wenesuelanyň psihiki saglyk hünärmenleri Susettiň özüni alyp barşyny "migrasiýa hasraty" (iňlisçe: migratory mourning) diýip atlandyrýarlar. Dünýä ýüzünde Susette ýaly migrasiýa hasratyny çekýänler barmak basyp sanardan kän.

Ýurduň çöken ykdysadyýeti aşa köp sanly ilatyň başga ýerlerden iş gözläp ýurdy terk etmesine getirdi. Birleşen Milletler Guramasynyň Ynsanperwerçilik Işleriniň Kordinasiýasy Ofisiniň noýabrdaky hasabatyna görä, 3 million wenesuelaly ýa gaçgak ýa-da migrant bolup başga ýurtlara göçüpdir. Ol migrantlar ýurduň içinde gündelik kösençlige öwrülen garyplykdan, açlykdan, we kadaly saglyk hyzmatlarynyň ýetmezçiliginden gaçyp gaýdýarlar. Köpüsi bolsa yzlarynda çagalaryny goýup gaýdýarlar.

"Bu esasanam maşgala bolup göçüp gitmäge maddy ýagdaýy ýetmeýän garyp wenesuel maşgalalarynda ýüze çykýar" diýip, Jemgyýetçilik Bilim Merkezleriniň (ispançasy Cecodap) esaslandyryjysy Fernando Pereira gürrüň berýär. Ol hökümete degişli bolmadyk merkezler Wenesuelada çagalaryň hukuklaryny öňe sürmek bilen meşgullanýarlar.

Pikirsoraşma geçirýän şahsy gurama Datanálisisi-niň kömegi bilen, Cecodap 1,000 sany maşgala bilen pikirsoraşma geçirýär we 600,000 sany çaganyň we ýetginjegiň ene-atalarynyň biriniň ýa-da ikisiniňem maddy ýagdaýlaryny gowulandyrmak üçin daşary ýurtlara göçenine şaýat bolandyklaryny anyklaýar. Yzda galan çagalara köplenç garry ene-atalary, garyndaşlary ýa-da goňşularydyr ýakyn dost-ýarlary seredýärler.

Bu hadysa diňe Wenesuela degişli däldir. UNICEF-de migrasiýa ugrundan kanun boýunça baş maslahatçysy Verena Knaus dünýäniň dürli ýerinden muňa mysal getirýär. Meselem, Filippinde çaklamalara görä 9 million çaga ýa ýeke ýa-da iki bolup daşary ýurda işlemäge giden ene-atasynyň yzynda "öýde galypdyr".

"Dünýä ýüzünde şeýle ýagdaýa düşen millionlarça çaga bar", diýip, Knaus aýdýar.

Dürli ýurtlarda geçirilen ylmy barlaglar şeýle hadysalaryň yzda galan çagalara ýetirýän her hili täsirleriniň üstüni açdylar. Bir tarapdan seretseň, ol çagalar ene-atalarynyň iberýän pulunyň netijesinde ýoldaşlaryndan has gowy ýaşaýarlar. Şeýle-de, Knaus "yzda galan çagalaryň ene-atalary ýanynda bolan çagalardan has sagdyn bolmaklary mümkin" diýip aýdýar. "Emma, bilimi pes garry ene-atalary tarapyndan ideg edilýän çagalar barada beýle diýip bolmaz", diýip, Knaus sözüniň üstüni ýetirýär.

Yzda galmaklyk hökmany suratda çaga psihologik täsirini hem ýetirýär, esasanam eje ýok bolsa.

"Wenesueladaky yzda galan çagalar köplenç depressiýadan we gaharjaňlykdan ejir çekýärler", diýip, ene-atasy daşary ýurda giden onlarça çagalar bilen görüşýän psiholog Irma Pena gürrüň berýär. Irma Wenesuelanyň demirgazyk günbataryndaky 3 million ilatly Maracibo böleginde Ýöriteleşdirilen pediatrik hassahanasynda işleýär.

Noýabrdaky uniwersitet seminarynda Irma hassahana ony görmäge gelýän her 10 näsagyň 3-si ene-atasynyň biriniň ýa-da ikisiniňem daşary ýurda gideni üçin hassahana düşýändiklerini aýtdy.

"Häzir bolsa bu san has ýokarlandy", diýip, ol NPR bilen fewraldaky söhbetdeşliginde aýtdy.

Ol şeýle çagalaryň käwagt mekdebe ýa-da şahsy gigiýena bolan höwesini ýitirýändigini aýdýar. Ol dyrnagyny dişleýän, sähel zada aglaýan, hatda balagyny ölleýän çagalara hem gabat gelipdir. Mundan başga-da, Irma käbir çagalaryň yzygiderli keýpiň üýtgäp durmasyny ýa-da edepsizligi başdan geçirýändiklerini aýdýar.

Psiholog we maşgala terapewti María Alejandra Ramírez, yzda galan çagalaryň ene-atalary ýok mahaly mekdep boýdaşlary bilen, hatda özlerine ideg edýän ulular bilen hem urşup başlamagynyň mümkindigini aýdýar.

UNICEF-däki Knaus bolsa, "jemgyýetçilik işgärleriniň we mugallymlaryň bilimi bu çagalaryň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin ýetmezçilik edip biler", diýip, belleýär.

Knausyň aýtmagyna görä, çagalaryň we olaryň uzakdaky ene-atalarynyň kadaly aragatnaşyk saklamagy üçin tehnologiýanyň kömegi örän uly, emma onuň hem çäklendirmeleri kän. Esasanam Wenesuela ýaly ýurtlarda elektrik we internet hyzmatlary henizem ähtibarsyzlygyna galýar.

11 ýaşly Emmanuel, onuň 5 ýaşly inisi Jesus David we olaryň 15 ýaşly uýalary Maria Valentina häzirki wagtda laboratoriýa kömekçisi bolup işleýän eneleri, Oneida, bilen ýaşaýarlar.

Olaryň kakasy iki ýyl mundan ozal maşgalasyna derman-däri, iýmit, egin-eşik we oýunjak üçin pul ugradar ýaly iş gözläp Perua gidýär. Soňra Çilä, soňra bolsa Ekwadora geçýär. Olaryň ejesi hem geçen ýyl kakalarynyň ýanyna gidipdir.

Çagalaryň enesiniň köneje Blackberry telefony olary eje-kakalary bilen birleşdirýän ýeketäk wirtual serişde bolup durýar. Çagalar WhatsApp ýaly hyzmatlaryň üsti bilen ýüz görüşip jaňlaşmak üçin ýa-da ses ýazgy ugratmak üçin eneleriniň telefonyny gündelik ulanýarlar.

"Biz enemizi näçe gowy görsegem, ejemiz bilen kakamyzyň ýoklugy bize örän agyr degýär", diýip, anime suratlaryny çekmäni we K-pop diňlemäni halaýan Maria Valentina gürrüň berýär. "Biz olardan aýra bolmana öwrenişip bilemizok".

Emmanuel bolsa: "Olar ýadyma düşende aglaýaryn", diýýär.

"Aýralyk olaryň eje-kakasyna hem agyr degýär", diýip, Lago Maracaibo Country Club-yň öňki işgäri Jhon gürrüň berýär. "Meniň gowy işim we ýeterlik girdejim bardy. Emma, puluň hümmeti şeýlebir peseldi welin, gazanjym maşgalamy eklemäne ýetmän başlady. Şeýdip, men hem daşary ýurda işlemäge gaýtmaly boldum. Çagalarymy soňky gezek görenime üç ýyl boldy. Olary iň soňky gezek ýatmazlaryndan öň öpenime şeýle uzak wagt geçipdir. Aýralyk örän aýylganç zat".

Jhonyň maşgalasyna ýakyn wagtda bagt gülüp bakjaga meňzeýär. Öňümizdäki aprelde onuň ogullary eje-kakasynyň ýanyna Çilä gelerler. Maria Valentina bolsa, iýunda 10-njy synpy gutaryp, maşgalasyna goşular.

Emma, ýagdaýlar ähli maşgalalar üçin birmeňzeş bolmaýar. Saglyk sistemasynyň krizisde hasap edilýän ýurdunda yzda galan çagalara kömek bermegiň ýollary örän çäkli bolup durýar.

"Köp psihiki saglyk ugrundan işleýän professionallar daşary ýurtlara göçüp gitdirler. Bu bolsa yzda galan az sanly lukmanlaryň çagalara kömek bermekde işini kynlaşdyrýar", diýip, Ramirez aýdýar.

Ykdysady çökgünlige sezewar bolan ýurtda tölegler hem uly meselä öwrülýär. Çagalar üçin mugt konsultasiýany diňe döwlet hassahanalary we Cecodap, Profam we Fundana ýaly sanaýmalyja guramalar üpjün edýärler.

"Mundan tapawutlylykda, Filippin ýaly, daşary ýurtlara işlemäge gidýän ene-atalara köp duş gelinýän beýleki döwletlerde maşgalalar üçin ene-ata gitmezinden öňürti ýörite konsultasiýa hyzmatlary hödürlenýär. Mugallymlary çagalaryň ýagdaýlaryndan habardar etmek üçin mekdeplere gollanmalar paýlanylýar", diýip, UNICEF-li Knaus aýdýar.

Elbetde, şeýle ýurtlaryň her birinde çagalar ene-atalary bilen täzeden birikmegi arzuw edýärler. Kakasy Çilide işleýän 4 ýaşly Susette hem köplenç kakasynyň özüne köp pul ugradýanyny we oňa dikuçar alyp, Çilä kakasynyň ýanyna uçup gidýänini hyýalynda janlandyrýar.

Emma, haçanda aýralyk uzak wagt dowam edende, çagalaryň ýurtlaryny terk edip, ene-atalary bilen birikmegi islemezlikleri hem mümkin.

Amanda bilen Andreanyň çylşyrymly ýagdaýy muňa mysal bolup biler. Bu ýetginjek gyzlar Wenesuelada eneleri bilen ýaşaýarlar. Olaryň eje-kakalary aýrylyşan. Olaryň kakalary ýurduň içinde, emma ejeleri soňky dört ýyl bäri Çilide işleýär. Ol bu wagt gyzlaryny ýanyna getirmegiň planyny düzýär. Gyzlar bolsa ejelerini näçe gowy görselerem, onuň ýanyna gidesleri gelmeýär.

"Ejemizden aýra ýaşamak çyndanam agyr degýär, emma kakamyzdan, enemizden we atamyzdan, daýy-daýzalarymyzdan aýra ýaşamak pikiri hasam agyr degýär", diýip, Amanda aýdýar.

Gustavo Ocando Alex BBC World News we Miami Herald ýaly habar çeşmelerine goşandyny goşan Wenesuelaly özbaşdak işleýän ýazyjydyr.

Terjimäniň originaly

Terjime eden: Öwez Gurdow

  • 2361 gezek okalan