Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

IŞDE ERJEŞME: NÄME ETMELI WE NIRÄ ARZ ETMELI?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

isde erjesmeÝurist Maýagözel Baýramowa Saglygyň soraglaryna jogap berdi.

1. "Jynsy erjeşme" näme?

Daşary ýurtlaryň kanunçylygyna, gollanmalara, we ensiklopediýalara görä, jynsy erjeşme adamyň isleginiň garşysyna gidip, ony ýakymsyz we iriziji hereketler bilen bimaza etmekdir.

Jynsy erjeşme:

↪ Bu erjeşijiniň jynsy gatnaşyga bolan isleginden döreýär;

↪ Eger jynsy isleglerine garşy gidilse gorkuzýar;

↪ Ýerliksiz degişmeler, anekdotlar, yşaratlar, ahlaksyz ýanaşmalar;

↪ Üns çekjek bolmak: güller, söýgi hatlary, jaňlar, ýakymly sözler, we ş. m.

Islendik jynsdaky işgär iş ýerinde ahlakly edep kadalarynyň berjaý edilmegini talap etmäge doly haklydyr. Iş ýerindäki edep kadalary jynsy erjeşme bilen baglanyşykly hereketleri öz içine almaýar.

2. Jynsy erjeşme türkmen jemgyýetinde bolup geçýärmi?

Ýaňy ýakynda hem, ýurdumyzda "jynsy erjeşme" termini diňe günbatar döwletlerine degişli düşünje bilen baglanyşdyrylýardy. Emma, häzirki günde Türkmenistanda bu ýagdaý onçakly geň görülmän, tersine, çynlakaý sosial meselä öwrüldi.

Gynansakda, jemgyýetimizde şeýle ýagdaýlar az bolup geçmeýär. Emma, erjeşme barada resmi statistika çykarylmaýar we saklanylmaýar. Bizde hatda bu mesele bilen iş salyşýan jemgyýetçilik guramalary hem ýok.

Jynsy erjeşme diňe ýaş gyzlaryň başyna gelmeýär. Aýrylyşan gelinler hem köplenç erjeşijileriň nyşanasyna düşüp bilýärler. Erkekler we çagalar hem jynsy erjeşmäniň pidasy bolup bilýärler.

3. Biziň kanunymyza "jynsy erjeşme" termini girizilenmi? Munuň gadagan edilen ýeri barmy? Bu düşünje Türkmenistanyň Zähmet, Jenaýat, ýa-da Raýat kodekslerinde barmy?

Türkmenistanyň kanunynda "jynsy erjeşme" düşünjesi kemçilik edýär. Emma, bu düşünjäni ýurdumyzyň agzalyk edýän guramalary bolan Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) we Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) dokumentlerinde görmek bolýar. BMG we HZG jynsy erjeşmäni "niýeti bozuk adamyň başga bir adamyň öňünde özüni kemsidiji we ahlaksyz alyp barmagy" diýip kesgitleýär.

4. Iş ýerinde başlygyň ýa-da işdeşleriň jynsy erjeşmä baş goşsa näme etmeli?

Erjeşmä baş goşýan başlyk dürli jezalar bilen gözüňi gorkuzýar. Bu jezalar şobada işden boşatmak, sowgat-sylagdan mahrum etmek, düzgün-tertip jogapkärçiligine çekmek, we ş.m hereketleri öz içine alýar.

↺ Işiňi ýitirmek gaýgysynyň we bikanun talaplary berjaý etmezlik isleginiň girdabyna düşmezlik üçin bikanun işlemekden uzak durmaly.

↺ Iş şertnamasyna gol çekmezden öňürti onda agzalýan ähli jogapkärçilikleriňi mazaly gözden geçirmeli. Şeýdilse, işde ýalňyşlyklar we kemterlikler azalyp, başlyklara işgäre yrsaramaga bahana azalar. Eger şertnamada "başlygyň ähli haýyşy berjaý edilmeli" diýen ýerini görseňiz, munuň siziň resmi jogapkärçiligiňizdäki anyk manysyny soraň. Goý, beýle şerti soňra size jynsy taýdan erjeşmek üçin ulanyp bilmesinler.

↺ Şeýle-de, siz iş ýeriňiziň içerki zähmet kadalary bilen tanyş bolmaly we olaryň bozulmalaryny azaltmaly. Başlyga şahsy haýyş bilen aşa köp ýüz tutmak (meselem işden ir çykmak üçin) seni manipulirlemäge sebäp hökmünde ulanylyp, saňa bolan bozuk niýetleriň döremegine getirip biler.

↺ Jynsy erjeşmäni aňan badyňa ony duruzmak bilen bolmaly. Degişme bolsun ýa ýönekeý başdan geçirme, jynsy islegleri öz içine alýan ähli gürrüňdeşlikleri duruzyň.

↺ Tekliplere ÝOK diýmäni başaryň. Sowgatlardan, hatda kiçijek sowgatlardan hem ägä boluň. Eger başlygyňyzyň ýaşy sizden has uly bolsa, onuň jynsy erjeşmelerini "öz gyzy ýaly göreni üçin edýär" diýip kabul etmäň. Eger işiňiz talap etmese, işdeşler bilen aşa köp mesawy gürrüňi azaldyň. Ýanyňyzda hemişe ses ýazdyjyry enjam göteriň we ony gerek ýerinde ulanyň, ýa-da ýygnaklara ýeke gitmäň.

↺ Iş ýeriniň eşik koduny (nähili eşikleri geýmeli) berjaý ediň. Bu jynsy erjeşmeden ýüz göterim gorap bilmez, emma onuň ýüze çykmagynyň bir sebäbini ýoldan aýryp biler.

5. Iş ýerinde erjeşmäni başyndan geçirýän zenanlar hakynda jemgyýetimiz nähili pikirde?

Jemgyýetimizde haçanda zenan maşgala işdäki erjeşmeden zeýrense, köplenç onuň işdeşleri we ýokary wezipedäkiler muny toslama diýip kabul edýärler. Köp adama muňa ynanmak kyn düşýär we olar erjeşýäniň tarabyny tutup, zenana psihologik basyş edip bilýärler. Munuň üstesine, zenana başlygyň ünsüni çekmez ýaly nähili geýinmek we özüňi nähili alyp barmak barada wagyz-nesihat berilýär.

6. Nirä we kime arz etmeli?

Eger-de ölüm howpy abanmaýan bolsa, jynsy zorluga sezewar edilmedik bolsaňyz, ýa-da başga jenaýatçylyk alamatlary ýok bolsa, polisiýanyň siziň jynsy erjeşmä degişli arzaňyza jogap bermezligi mümkin. Hukukçylar "Ýurdumyzda başlyklyk wezipesindäki adamy jynsy zorluga baş goşýança erjeşmede aýyplamak mümkin däl diýen ýaly," diýip, aýdýarlar.

Eger-de siz erjeşmäniň pidasy bolsaňyz, kärhanaňyzdaky ýokary organlara ýa-da kärhanaňyzdaky polisiýa/jenaýat öýüne ýüz tutup bilýärsiňiz. Islendik häkimiýete edilen arza ýazgy görnüşinde bolmalydyr. Arzaňyzy subutnamalar bilen tassyklamaga çalyşyň. Ýazgyňyzda faktlar açyk we aýdyň beýan edilmeli. Arza goluňyzy we senäni hem goýmaly.

Subutnama arza berkidilen bolmaly. Subutnama kagyzda ýa-da elektronik mediýa görnüşinde (audio ýa-da wideo ýazgy, şaýatlaryň ýazgylary) hem bolup biler. Mundan başga-da, adyň, familiýaň, ataň ady, öý adresiň, we telefon nomeriň berilmeli. Şu maglumatlar bolmasa, arza hasaba alynmaýar.

Arzalara gysga wagtyň içinde jogap berilýär. Bir aýyň içinde prokuraturaň işgarleri kärhana barlag üçin barýarlar. Kanunçylyk we býuroktratiýa bilen baglanyşykly işlere hötde gelmek üçin aklawça ýüz tutmak maslahat berilýär.

  • 3697 gezek okalan