Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

INDONEZIÝANYŇ SAGALDYŞ MERKEZINDE NÄME ÜÇIN ZYÝANLY ENDIKLERDEN SAKLANMAK HÖKMAN DÄL?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

rehabilitationJulia Saýmon, NPR

Terjimäniň asyl nusgasy

Terjime eden: Jumadurdy Rejebow

Bir wagtlar özi hem geroine garaşly bolan Sam Nugraha, häzir Indoneziýadaky sagaldyş merkezleriniň birini dolandyrýar. Onuň zyýanly endiklerden saklanmak esasynda hereket edýän programmalardan üýtgeşik pelsepesi bar…

Sam Nugraha Indoneziýada bir sagaldyş merkezine ýolbaşçylyk edýär. Onuň garaşlylyga bolan garaýşyna düşünmek üçin, öz aýtmagyna görä, onuň ýurdy barada bir hakykaty bilmeli.

Nugraha käte şeýle diýýär: "Indoneziýalylar ýylgyrýan bolsa, bu hakyky ýylgyryş däldir. Ol ýylgyryşyň aňyrsynda başga bir zat ýatandyr".

"Sebäbi biziň medeniýetimizde mylakatly bolmaly diýen kada bar. Bir zadyň jogabyny bilmeýän bolsak, ýylgyrmaly. Hatda howp abanýan mahaly hem ýylgyrmaly. Biziň medeniýetimizde kemçiliklerimizi başgalara görkezmek bolmaýar".

Indonez dilinde bu gylyga "malu" diýilýär. "Malu" sözüniň birnäçe manysy bar. Şolaryň biri hem "maska" manyny berýär. Aňyrsynda näme bardygyny hemmeler bilse-de, ýakymsyz görünýän zatlary gizlemek üçin maskany dakynýarsyň.

1990-njy ýyllarda günorta-gündogar Aziýadan Indoneziýa köp mukdarda geroin getirilýär. Nugraha entek okuwçyka geroine özüni berýär. Ol hem-ä akyl taýdan näsaglaryň hassahanasynda ýatýar, hem-de türmede oturyp gelýär. Soňunda meşhur "Atsyz Arakhorlar" (AA) sagaldyş programmasynyň esasynda döredilen sagaldyş programmasyna gatnaşýar. Bu programma "Atsyz Neşekeşleriň" (AN) ýygnaklaryny hem geçirýän eken.

AA ol wagtlar Indoneziýada meşhur bolmansoň, Nugraha üçin ol zatlar görlüp eşidilmedik täzelik bolýar. Esasanam, AA-nyň ýygnaklaryndaky içdöküşlik, ýagny gatnaşyjylaryň derdini paýlaşyp, nädip şol bela sataşandyklaryny, nädip sagalmagy hem-de saklanmagy ýüreklerine düwendiklerini gürrüň bermekleri ony haýran galdyrýar. AA zyýanly endiklerden saklanmak esasynda hereket edýän programmady. Nugrahanyň ilkinji AN duşuşygy entegem ýadyndan çykmaýar.

"Olar hemişe özlerini "Salam, men pylany! Men neşekeş" diýip tanyşdyrýarlar. Topar bolsa dessine "Salam, pylany!" diýip jogap gaýtarýar". Nugraha şol wagt nämäniň bolup geçýänine düşünmän, aňkaryp synlandygyny gülüp ýatlaýar.

"Malu" medeniýeti Nugraha öz duýgularyny gizlemegi öwredipdi ahyryn. Ol bolsa, haýsydyr bir topara kakasy bilen gatnaşygy ýaly gaty gizlin zatlary hem gürrüň berip otyr. "Men dogrymy aýtmaga gorkýardym. Sebäbi dogrymy aýtmak meniň ynanjyma ters gelýärdi".

"Sesiň ýetdiginden gygyryp, duýgularyňy ýat adamlara gürrüň bermek ýaly zatlar amerikanlara mahsus dälmi eýsem"?

Garaýşyňy beýan etmek daşary ýurtlulara mahsus bolsa-da, Nugraha ahyry muňa gujak gerýär – üç ýylda 12 basgançakdan geçmegi başarýar. Soňra alty aýlyk taýýarlyk programmasyna gatnaşyp, maslahatçy bolýar. Nugraha duýgularyňy gürrüň bermegi we AA-nyň zyýanly endiklerden saklanmagy nygtamagyny dogry diýip kabul edýär.

Garward Lukmançylyk Mekdebiniň psihiatriýa we neşekeşlik lukmançylygy boýunça professory Jon Kelli Atsyz Arakhorlaryň üstünde ençeme barlag geçirýär. Kelliniň pikirine görä, AA alkogoldan saklanmagy öwrenmek üçin iň laýyk guramadyr. Kelli "12 basgançak zyýanly endikleri – alkogolly içgileri we neşe serişdelerini doly taşlamak isleýänler üçin düzülen", diýýär.

AA-da sersag bolsaň, saňa gutlag sözleri aýdylýar. Sersag geçiren hepdeleriň, aýlaryň ýa-da ýyllaryň üçin ýörite plastmassa nyşanjyklar berilýär. Käbir duşuşyklarda zyýanly endiklerden saklananyňa bir ýyl dolanda, "gutlag" hökmünde doglan gün torty hem gowşurylýar.

Maslahatçy hökmünde Nugraha, gowy görýän müşderisine bolmasy bir zat bolýança, zyýanly endikden saklanmagy goldap gezýär. Müşderi zyýanly endiginden müdimilik saklanmagy saýlap alýar we programmany üstünlikli tamamlaýar. Aradan alty aý geçmänkä, Nugraha şol müşderiniň artykmaç doza zerarly aradan çykandygyny eşidýär.

"Ana, şolam meni täzeden pikirlenmäge iterdi. Nämede ýalňyşlyk bar?! Ýagny ony ölmekden näme halas edip bilerdi?!"

Nugraha şondan soň "AA we onuň zyýanly endiklerden saklanma şerti hemmeler üçin dogry çözgüt däl bolaýmasyn", diýip, pikir edip başlaýar.

Ol 2010-njy ýylda "Rumah Singgah PEKA" atly neşekeşleri sagaldyş programmasyny döredýär. Bu indonez dilinde "düşelge" diýmegi aňladýar. Onuň resmi şygary: "Bütin dünýä senden ýüz öwürýän bolsa, Rumah Singgahda düşle!"

Bu merkez paýtagt Jakartanyň bir sagat çemesi günortasyndaky Bogor şäherinde ýerleşýär. Onuň töweregi daglar bilen gurşalan. Şetdaly reňkli bu merkeziň gapysyna eltýän kafel ýodajygyň iki tarapyna kiçijik güjükler ýerleşdirilen. Nugrahanyň aýtmagyna görä, güjükler hem "garaşly", ýöne olar adamlara garaşly.

Sagaldyş merkezinde üçüsi neşekeşlik we psihiki saglyk boýunça hünärmen bolan 20-ä golaý işgär işleýär. Bulardan başga-da, neşe serişdelerini ulanýan adamlar bilen iş salyşýan, şol ugurdan ýöriteleşen lukman hem bar. Rumah Singgah häzirki wagtda tutuşlygyna Indoneziýa hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýär.

Bu ýerde birentek sagaldyş merkezlerinde bar bolan şertleriň köpüsini görmek bolýar. Muňa maslahatçy bilen gürrüňdeşligiň bir görnüşi bolan kognitiw gylyk-häsiýet bejergisi hem-de hünäre taýýarlyk programmalary aýdyň mysaldyr.

Emma bu ýeriň zyýanly endiklerden saklanmak esasynda hereket edýän AA-dan bir üýtgeşik tarapy bar. Rumah Singgahyň müşderilerinden doly sersag bolmak talap edilmeýär.

Näsaglara merkeziň territoriýasynda neşe serişdelerini ulanmaga rugsat berilmeýär, ýöne programmanyň dowamynda maslahatçylara duýduryp neşe serişdelerini ýa alkogolly içgileri ulanýan näsaglar kowulmaýar. Indoneziýada öň beýle programma ýokdy, ýöne ol bütin dünýäde käte "zyýany azaltmak" diýlip atlandyrylýan hereketiň bir bölegidir.

Daniel Sikkaron «Zyýany azaltmak – bu degişli adam bilen onuň şol wagtky ýagdaýyndan başlap baglaşylýan şertnamadyr» diýýär. Ol Kaliforniýanyň San Fransisko Uniwersitetiniň maşgala we jemgyýet lukmançylygy professory hem-de Milli Saglyk Institutlary tarapyndan maliýeleşdirilýän "Geçiş döwründe geroin" atly taslamanyň baş barlagçysy bolup, zyýany azaltmak ugrunda ýigrimi ýyl bäri işläp gelýär. Ol: "Baş pelsepämiz adamy dessine üýtgetmek däl. Başgaça aýdanymyzda, degişli adam ilki bolşy ýaly kabul edilýär, soňra işe girişilýär".

Sikkaron "WIÇ keselli adamlaryň, neşe serişdelerini ulanýanlaryň aladasyny etmeýänimize göz ýetirdik we bu bejeriş ýoluna girişdik" diýýär. "Biz jemgyýetde masgaraçylyk hasaplanýan kesellere uçranlaryň aladasyny etmeýän ekenik".

Garaşlylygy bejermekde zyýany azaltmak 1980-nji ýyllarda dörän SPID (AIDS) belasy döwründe ýaýbaňlandy. Näsaglaryň neşe serişdelerini ulanmagy dowam etdiräýen ýagdaýynda-da WIÇ bilen gepatitiň ýaýramagyny hem-de artykmaç doza ulanmagy azaltmak maksady bilen, saglyk öýleri arassa şprisleri ulanmagy öňe sürdüler.

Şu günki günde, zyýany azaltmak usuly neşe serişdelerine garaşly göwreli aýallar üçin niýetlenen dogrumdan öňki saglyk öýlerinde hem ulanylýar. Hatda käbir ýerde garaşly näsaglara ujypsyz mukdarda neşe serişdeleri hem berilýär.

Sikkaron lukmançylykda zyýany azaltmaklyga "lukman iň gowusyny bilýändir" diýen pikire garşylyk hökmünde garaýar. Onuň aýtmagyna görä, geçmişde näsaglar lukmanlary ruhany derejesinde görýärdiler. Olara gulak asýardylar, diýenlerini edýärdiler.

Ol zyýany azaltmagy neşekeşlige garşy has-da hyzmatdaşlykly çemeleşme hasaplaýar. Onda näsag bilen lukman "näsagy has gowulandyrmak üçin özara şertnama baglaşýarlar".

Nugrahanyň Rumah Singgah sagaldyş programmasy näsaglar bilen hyzmatdaşlyk esasynda hereket edýär. Nugraha: "Müşderilerimize nämäniň gowudygyny biz kesgitlemeýäris" diýýär. "Müşderiler özleri üçin iň gowusyny saýlaýarlar".

Bu hepdede bir gezek alkogolly içgi içmegi hem öz içine alyp bilýär. Nugraha üstünligi adamlaryň sersaglygyna görä däl-de, olaryň durmuş hiline görä ölçeýär. Haýsydyr bir işiň başyny tutýarlarmy? Janlary sagmy? Olaryň adamlar bilen gatnaşygy nähili? Iň esasy sorag bolsa, näsaglar öz maslahatçylary bilen bilelikde düzen maksatlaryny nä derejede amala aşyrýarlar?

Zyýany azaltmak programmalary köplenç güýçli reaksiýa döredýär. Nugrahanyň klinikasy açylanda, onuň bu pikiri sebäpli, esasanam metadon programmasy sebäpli oňa öz goňşulary garşylyk bildiripdi. Metadon geroine garaşlylyk bilen baglanyşykly islegi ýeňip geçmäge kömek edýän derman bolup, ol çilim çekmegi taşlamak isleýänler üçin nikotiniň ornuny tutujydyr. Näsaglaryň metadon üçin gelýänlerini görýän goňşulary Nugraha şeýle diýýär: "Sen şäheriň täze neşe söwdagäri. Sen adamlara neşe serişdelerini ulanmagy dowam etmäge kömek edýärsiň".

Nugrahanyň pikirine görä, garaşlylyk hem süýji keseli ýa-da islendik beýleki keseller ýaly keseldir. Hemme kişiniň garaşlylykdan gutulmagyna garaşmak mümkin däl. Stenford Uniwersitetiniň Lukmançylyk Mekdebiniň lukmançylyk işleri boýunça müdiri Anna Lembke tutuş ABŞ-yň Lukmançylyk Jemgyýetiniň garaşlylygy bejermekde sersaglygyň orny baradaky düşünjeleriniň giňeýändigini belleýär.

Ol: "Lukmançylygyň garaşlylyk bilen gyzyklanýan ugrunda ýaramaz endikden saklanmak sagaltmagyň ýeke-täk ýolumyka diýen täze bir sowal döredi" diýýär. "Iýgi-içgä we jynsy gatnaşyga bolan garaşlylyk ýaly, gylyk-häsiýet bilen baglanyşykly täzeden-täze garaşlylyklara duş gelýändigimiz üçin, adamlardan iýmitden, jynsy gatnaşykdan saklanmagyny talap edip bilmeýäris. Şoňa görä-de, garaşly bolan zatlarymyzy nädip zyýansyz möçberlerde kabul etmek barada oýlanmagymyz gerek".

Nugraha goldaw beriş toparlaryndan peýdalanmak isleýän müşderilere ýaramaz endikden saklanmak esasynda hereket edýän AA programmalaryny maslahat berýär. Kelliniň bellemegine görä, AA bilen AN programmalary ýaramaz endigiň täzeden gaýtalanmagyny prosesiň bir bölegi hasaplaýar we täzeden gaýtalanma netijesinde programma dolanýanlary kabul edip, olara ruhy goldaw berýärler. Hatda AN-yň kitapçasynda "Täze gelen kişi islendik duşuşykda iň möhüm adamdyr" diýen setir bar.

Emma Nugrahanyň pikirine görä, AA usuly, esasan-da ýaramaz endik täzeden gaýtalananda, Indoneziýada "malu" duýgularyny hem-de utandyrylmak gorkusyny oýaryp biler. AA dünýäde müňlerçe topardan düzülen meýletin guramadyr. Nugraha Indoneziýada käbir toparlaryň ýaramaz endigi täzeden gaýtalan hem-de ilki ýalan sözläp, soňra ýalan sözländigi äşgär bolan agzalary kän bir kabul etmeýändigini belleýär.

Nugraha: "Köp adam taýyp ýykylanda, ýagny neşäni täzeden ulananda, eden işine utanýar" diýýär. "Özleri bolsa muny kabul etmek islemeýär, sebäbi şonda adamyň özünden göwni geçýär".

Garaşlydygy ýa-da ýaramaz endigi täzeden gaýtalandygy üçin utanmazlar ýaly, Nugraha öz merkezinde şert döretmäge çalyşýar. Ol ýalan sözleýändikleri üçin hem olary ýazgarmak islemeýär.

Nugraha: "Ýalan sözlemek – bu işiň bir bölegi. Adamlar ejiz ahyryn" diýýär.

Indoneziýada Nugrahanyň bejeriş usuly barha ulalýar. Häzir ol Indoneziýa hökümeti bilen maslahatlaşyp, Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde türgenleşikler geçirýär. Dünýäde ençeme adama iň agyr basgançaklardan geçmek üçin kömek gerek bolýar. Nugrahanyň gelen netijesine görä, kähalatlarda ilkinji basgançak utanjy ýeňip geçmekdir.

Julia Simon NPR-yň "Planet Money" gepleşiginiň yzygiderli gatnaşýar. Onuň gürrüňlerini NPR biznes stolunda we "Code Switch" hem-de "Rough Translation" atly NPR podkastlarynda diňläp bilersiňiz.

  • 179 gezek okalan

Teswirler (0)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location