Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÝÖNEKEÝMI ÝA AŇRYBAŞY? ÇAGALAR BAGYNY NÄDIP SAÝLAMALY?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (4 Ses)

cagalar bagyMeniň podýezdimde 8 sany maşgala ýaşaýar. Olaryň içinde-de 5 sanysynda çaga bar. Çagalaryň 6 ýaşa ýetmedikleriniň ählisi çagalar bagyna gatnaýar. Hemmesiniňem ejesi öý hojalykçy. 2017-nji ýylda çagalar baglarynyň aýlyk tölegi 8 manatdan 80 manada galdyryldy. Ejeler ilki başda igenişdiler, çagalaryny çagalar bagyndan çykardylar, birnäçe günden soňam ýene yzyna saldylar.

Gynansamda, men Türkmenistandaky çagalar baglarynyň we mekdep ýaşyna ýetmedik çagalaryň anyk sanyny gözläp tapyp bilmedim. Muňa degişli statistika ministrlikleriň we döwlet edaralarynynyň websaýtlarynda ýok ekeni.

UNICEF-iň hasabatyna görä, Türkmenistanda mekdep ýaşyna ýetmedik (5 ýaşdan kiçi) çagalaryň bary-ýogy 46%-i çagalar bagyna gatnaýar. Men bu pes görkezijiniň dürli sebäpleri bolup biler diýip pikir edýärin – meselem, maşgalanyň pes girdejisi ýa-da çagalar baglarynda ýer ýetmezçiligi. Hasabatda Aşgabatda çagalar bagyna gatnaýan çagalaryň göteriminiň iň ýokarydygy (92%), Daşoguzda bolsa iň pesdigi (25%) aýdylýar. Şundan ugur alsak, çagalar bagyny tapmak Aşgabatly ejeler üçin hiç hili mesele däl. Olaryň esasy meselesi: Çagamy nähili çagalar bagyna salmaly?

Çagalar bagy çaga gowy täsir edýär diýlip hasaplanylýar. Çagalar bagynyň peýdaly taraplarynyň arasynda iň köp gabat gelýänleri aşakdakylardyr:

↪ Çaga başga çagalar bilen oýnamany halaýar;

↪ Çaga başgalar bilen aragatnaşyk etmäni we köpçülikde özüni alyp barmany öwrenýär;

↪ Çaga çagalar bagyna gidende eje öý işlerini arkaýyn edip bilýär;

↪ Çagalar bagy çaga düzgün-tertip öwredýär – özbaşdak iýmegi, ýatmagy, aýak ýoluna gitmegi;

↪ Çagalar bagy çagany mekdebe taýýarlaýar.

Çagaň üçin iň gowy çagalar bagyny nädip saýlamaly?

Bu saýlaw birnäçe kategoriýa bölünýär:

▶  Döwlet çagalar bagymy (80 manat) ýa ondan 12 esse gymmat (1000 manat) hususymy?

▶  Öýüňe ýakyn bolmalymy ýa daş?

▶  Aňrybaşy bolmalymy ýa ýönekeý?

Aşgabatda diňe 3-4 sany hususy çagalar bagynyň bardygyny we olaryň hususy öýlerdedigini hem bilmek möhümdir. Döwlet çagalar baglary bolsa aňrybaşylara (täze gurlan binalarda) we ýönekeýlere (köne binalarda) bölünýär.

Men öz çagam üçin çagalar bagyny saýlamakda iň esasy 5 şerti anykladym:

1. Elýeter baha. Biz ýoldaşym bilen ikimizem işleýäris, emma aýda 1000 manat biz üçin biraz gymmat bolýar. Çünki biziň başga-da eşik, iýmit, ýolkireý, çagamyzyň goşmaça klaslary ýaly birtopar çykdajymyz bar. Köp ene-atalar çagalar bagyna 1000 manat berýärler we çagalarynyň gowy iýmitlendirilmegine, öýe getirilmegine, hem-de okuwa taýýarlanylmagyna garaşýarlar.

2. Her bir ene-ata öz çagasynyň täze oýunjakly, täze binaly, mebelli we oýun meýdançaly döwrebap ýerde ýetişmegini isleýär. Şonuň üçinem ene-atalar çagalaryny aňrybaşy çagalar bagyna ugratmaga çalyşýarlar. Men hem çagamy şeýle çagalar bagyna ugratmak islärdim, ýöne men täze çagalar baglarynda döwülmesin diýip oýunjaklary zatlary oýnamaga rugsat berilmeýändigini eşitdim. Çagalar ylgamaly, towusmaly, oýnamaly, hem aram-aram oýunjak döwmeli ahyry. Şonuň üçinem men çagalaryň hiç zadyň gylyny gymyldadyp bilmeýän ýerini däl-de, olaryň oýunjaklar bilen erkana oýnap bilýän ýerini gözleýärin.

3. Şol bir wagtda-da, çagalar bagynyň arassalagy we çaganyň öýe gaýdyp gelende arassa bolmagy möhüm rol oýnaýar. Çaganyň elmydama göz astynda saklanylmagy we onuň üstüni hapalan ýa öllän mahaly eşikleriniň çalşyrylmagy möhümdir. Käbir çagalar baglary çalşyrgyç eşik soraýarlar, emma ählisi beýle däl. Çalşyrgyç eşik soraýan çagalar baglary çagalaryň ýagdaýlaryna göz-gulak bolup durýarlar we olara arassaçylygy öwredýärler.

4. Häzirki wagtda ähli döwlet çagalar baglary türkmen dilini, hususy baglar y bolsa rus dilini ulanýarlar. Maňa we meniň tanyşlaryma çagalar bagynyň diliniň tapawudy ýok, çünki häzir köp çaga iki dili hem bilýär. Käbir ene-ata çagalaryna dil öwretmek maksady bilen ýörite türkmençe gürleşilýän çagalar bagyny saýlaýarlar. Käbiri bolsa tersine rusçalaryna ýykgyn edýärler.

5. Çagalar bagynyň işine ussat ýolbaşçylarynyň bolmagy hem örän möhümdir. Gowy çagalar baglarynda sizi güler ýüz bilen garşylarlar, binanyň içine aýlarlar, çagalaryň otaglaryny we toparlaryny görkezerler, olaryň näme iýýändiklerini we nähili oýnaýandyklaryny aýdarlar. Eger olar çagalary ösüşlerine laýyk toparlara bölýän bolsalar, bu hem çagalar bagynyň gowudygynyň alamatydyr.

Meniň özüm üçin iň esasy şert terbiýeçiniň mähirli, ünsli, we jogapkärçilikli bolmagy. Meniň öz terbiýeçim hut şeýledi. Ol ähli çagalaryň ynamyny gazanyp, olary her gün çagalar bagyna höwes bilen gitmek islär ýaly edýärdi. Beýle terbiýeçini bolsa diňe dost-ýarlaryň üsti bilen tapyp bolýar. Nämüçindir bizde henizem internetde çagalar baglary barada maglumat paýlaşylýan saýtlar ýok. Eger şeýle saýtlar bar bolsady, biz çagalar baglaryna berilýän bahalary görerdik, öz pikirlerimizi ýazardyk, beýleki ene-atalara haýsy terbiýeçileriň gowudygyny aýdyp bilerdik. Belkem ykdysadyýetiň gitdigiçe kompýuterleşdirilmegi bilen, bir gün çagalar baglaryny hem online saýlap bolar?

Makalada beýan edilýän pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişlidir. Awtoryň pozisiýasy Saglyk redaksiýasynyň pozisiýasyny suratlandyrmaýar.

Awtor: Aýperi Söýmeniýewa

  • 2588 gezek okalan