Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ALYMLAR: GOMOSEKSUALLYGYŇ GENI BOLMAÝAR

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (6 Ses)

Terjimäniň asyl nusgasy. gomo gen yok

Ýarym million adamda geçirilen genetiki analiziň netijeleri gomoseksuallyga hiç bir geniň jogapkär däldigini görkezdi.

Beýik Britaniýadaky Biobankyň we Amerikadaky 23andMe atly biotehnologiýa kompaniýasynyň maglumatlary ulanylyp, ylmy barlag işi geçirildi we netijeleri "Science" žurnalynda çap edildi.

Birmeňzeş jynsly adamlaryň pynhan gatnaşykda bolmagynyň käbir genetiki utgaşmalar bilen baglanyşyklydygynyň üsti açyldy, emma genetiki faktorlar gomoseksual häsiýetleriň diňe 25 göterimini kesgitlediler.

Ylmy-barlagçylar Britaniýanyň Biobank taslamasyna gatnaşýan 409,000 adamyň we 23andMe genetiki kompaniýada hasapda duran 68,5000 adamyň genomyny skanerden geçirdiler.

Ylmy barlaga gatnaşyjylardan olaryň ýanýoldaşlarynyň jynsy barada hem soraldy.

Netijede, Garward Uniwersitetiniň we Masaçusets Tehnologiýa Institutynyň ylmy-barlagçylary şeýle netijä geldiler: gomoseksual häsiýetleriň 8-25 göterimini genetiki faktorlar kesgitleýär, emma muňa diňe ýekeje gen gatnaşmaýar.

5 sany gen utgaşmasynyň öz jynsyňdaky adamlara (jynsdaşyňa) göwün bermek bilen baglanyşyklydygynyň üsti açyldy. Ol genleriň biri ys alyş duýgusy, beýlekisi bolsa jyns gormonlary bilen baglanyşykly. Emma olar bilelikde gomoseksuallygyň diňe 1%-ini kesgitleýärler.

"Öňünden kesgitlemek kyn"

"Gomoseksuallygyň özbaşdak geni ýok. Şonuň üçinem, biriniň jynsdaşy bilen pynhan gatnaşyga girme ähtimallygyny genetiki test bilen kesgitläp bolmaýar" diýip, bu ylmy barlagyň üstünde işlän, Masaçusets hassahanasynyň analitiki we translýasion genetika professory Ben Neal belleýär.

"Adamyň jynsy gylyk-häsiýetini onuň genomyna esaslanyp öňünden kesgitlemek hakykat ýüzünde mümkin däl" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Onuň gürrüňine 23andMe-de işleýän ýaşuly ylmy-barlagçy kärdeşi Fa Satirapongsasuti goşulyp, şeýle diýýär: "Bu häsiýetler biziň ynsan tohumymyza mahsus tebigy we adaty aýratynlyklar ahyry. Bu ylmy barlag bolsa, biziň gomoseksuallygy ‘bejerjek bolmaly’ däldigimizi tassyklaýar".

Kaliforniýa Uniwesitetindäki Genetika Institutynyň abraýly professory Dewid Kurtis hem şeýle diýýär: "Bu ylmy barlag işi ‘geý geni’ diýilýän zadyň ýokdugyny aç-açan görkezýär".

"Ynsanlarda jynsy orientasiýa güýçli täsir edip biljek genler utgaşmasy ýokdur. Oňa derek, biz genleriň utgaşmasynyň örän köpdürlidigini görýäris".

"Şol bir wagtyň özünde hem, bu barlag işiniň görkezişi ýaly, gomoseksuallyk genetika bilen baglanyşykly bolmasa-da, onuň adam şahsyýetiniň aýrylmaz bölegi bolup bilýändigini unutmaly däl".

LGBT hukuklaryny goraýan, hökümete degişli bolmadyk GLAAD guramasy hem ylmy barlagyň şuny tassyklandygyny yglan etdi: geýleriň we lezbiýanlaryň şahsyýetine nähili derejede tebigatyň ýa-da terbiýäniň täsir edýändigini anyk aýtmak mümkin däldir.

  • 2052 gezek okalan