• Makalalar
  • Hyzmatdaşymyzyň pikirleri
  • Umumy
  • ABORT ÜÇIN INTERNEDE ÝÜZ TUTMAK: DÜNÝÄNIŇ DÜRLI KÜNJEKLERINDE AÝALLAR GADAGANÇYLYKLARDAN NÄDIP BAŞ ALYP ÇYKÝARLAR

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ABORT ÜÇIN INTERNEDE ÝÜZ TUTMAK: DÜNÝÄNIŇ DÜRLI KÜNJEKLERINDE AÝALLAR GADAGANÇYLYKLARDAN NÄDIP BAŞ ALYP ÇYKÝARLAR

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.91 (11 Ses)

abort ucin internedeMakalanyň asyl nusgasy rus dilinde.

"BBC (Bi-bi-si)" habarlar kompaniýasynyň geçiren barlagyna görä, bütin dünýäde soňky on ýylyň içinde "göwreliligi bes etmek üçin tabletkalar" ady bilen internetde edilýän gözlegler iki esse köpeldi. Bu hilli gözlegler esasan aborta berk çäklendirme goýýan ýa-da ony düýbünden gadagan edýän ýurtlarda has köp edilýär.

Aýallar tabletkalary internetden satyn alyp ýa-da "WhatsApp" aragatnaşyk ulgamynda biri-biri bilen maslahatlaşyp, gadagan edilen serişdeleri almak üçin täze tehnologiýalardan gün geçdikçe has köp peýdalanýarlar.

Häzirki tehnologiýanyň ösen döwründe gizlin ýa-da "öýde edilýän" abortlar indi kompýuteriň ýa-da akylly telefonyň ekranynda edilip başlandy.

BBC-niň "100 aýal" atly taslamasynyň geçiren seljermesine görä, aborta garşy berk kanunlary ýöredýän, ýagny aborty diňe enäniň saglygyna howp abananda rugsat edýän ýa-da düýbünden gadagan edýän ýurtlaryň ýaşaýjylary internetde mizoprostol tabletkasyny abort erkinligini berýän ýurtlaryň ýaşaýjylaryna görä 10 esse köp gözleýärler. Derňewlerde çaga düşürmek üçin internetde ýazylýan soraglaryň diňe bir iňlis dilindäkilerine däl-de, beýleki dillerdäkilerine hem seredildi we Google kompaniýasyndan soňky bäş ýylyň maglumaty alyndy.

Göwreliligi emeli usulda togtatmagyň iki ýoly bar: hirurgiki operasiýa arkaly we derman serişdelerini ulanmak arkaly. Derman serişdelerini ulanma usulynda ilki bir tabletkany, birnäçe sagatdan soňra bolsa ýene bir tabletkany içmeli. Içilen tabletkalar goşulyşyp, gan akma döredýär we çaga düşýär.

Britaniýa ýaly ýurtlarda, şunuň ýaly dermanlary terapewtiň dermannamasy bilen aýallar aňsatlyk bilen alyp bilýärler. Ýöne, abort düýbünden çäklendirilen ýurtlarda (goňşy Irlandiýadan başlap, Eýranda we beýleki ýurtlarda) bu dermanlaryň adyny internetde gözlemek we olary satyn almak bilen aýallar kanuny bozýarlar we kazyýet jogapkärçiligine çekilmek howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Google-yň maglumatlaryna görä, mizoprostol dermanyny internetden gözlemek boýunça iki sany ýurt öňde barýar: Gana we Nigeriýa.

Ganada eger-de göwrelilik zorlamanyň, ýakyn garyndaş bilen jynsy gatnaşykda bolmagyň netijesinde ýüze çykan bolsa, aýalyň psihiki saglygyna howp salýan bolsa, ýa-da çaga zeper ýeten bolsa aborta rugsat edilýär.

Nigeriýada bolsa kanun has berk: abort etmäge diňe aýalyň janyny halas etmeli bolan ýagdaýynda rugsat edilýär.

Mizoprostoly internetde iň köp gözleýän 25 sany ýurduň 11-si Afrikada we 14-si Latyn Amerikada ýerleşýär. Zambiýa we Mozambikden başga, bu 25 sany ýurduň hemmesinde diýen ýaly abort doly gadagan edilen ýa-da aýalyň janyna we saglygyna howp abanýan ýagdaýlarda rugsat edilýär.

Irlandiýada abort dermanlaryny ulanan adama 14 ýyllyk türme jezasy berilýär. Ýogsa-da, maý aýynda geçen referandumyň netijesinde şu kanunyň üýtgejekdigi bellenip geçildi, ýöne ol häzirki wagtda öz güýjüni saklaýar.

Kanunçylygyň erkinleşdirilmegini goldaýan Irlandiýanyň premýer-ministri Leo Waradkar şu ýylyň ahyrynda berk çäklendirmeleriň ýatyryljakdygyny aýtdy.

BBC ýaňy-ýakynda "WhatsApp"-da Braziliýada hereket edýän bir topar hakynda gürrüň berdi. Bu toparda aýallar gürrüňdeşlik arkaly tabletkalary tapýarlar, maslahat alyp-berişýärler we öz tejribelerini paýlaşýarlar.

Žuliana lakamly bir zenan hem WhatsApp-dan kömek gözlän aýallaryň biri. "Men aborty ýeke özüm öýde geçirdim. Başlajak wagtymy WhatsApp-da ýazdym" diýip, 28 ýaşly brazil zenany gürrüň berýär. "Topardaky beýleki aýallar kömege gelmäge, maglumat bermäge, şübhelerimi we gorkularymy maslahatlaşmaga taýýardylar. Bu maňa belli bir derejede güýç berdi. Ýeke däldigiňi bilmek gowy zat" diýip, Žuliana aýdýar.

Google internet-gözlegleriniň statistikasy diňe bir bu meselä iň köp gyzyklanma bildirýän ýurtlary däl-de, munuň bilen bagly belli bir sözüň ýa-da adalganyň nähili ýygylykda gözlenýändigini hem görkezýär.

"Abort üçin tabletkalar" barlag işine gatnaşan ýurtlaryň ählisinde iň köp gözlenýän sorag ekeni. Ýurtlaryň 3-den 2-si "Çagany nädip düşürmeli" diýip soraýar. Mizoprostoly ulanmagyň anyk usuly we mukdary hakyndaky sorag bolsa gözlegde üçünji orunda durýar.

Dermanlar bilen bir hatarda aýallar "göwreliligi togtatmak" sözleri bilen bilelikde "petruşka", "dalçyn", "witamin C", "aspirin" we "suwuk içgi" ýaly sözleri ulanyp, internetde abortuň başga usullaryny hem gözleýärler.

Ýurtlaryň ýarysynda aborta degişli gözleglerde iň köp ulanylýan sözler "abort üçin öýdäki serişdeler" eken. Lukmanlar öň Saharanyň günortasyndaky ýurtlarda tebipleriň öňden bäri ulanan "halk melhemlerini" öwrendiler we "käbir ösümlikler hakykatdan hem ýatga täsir edýär, emma şeýle şertlerde olaryň mukdaryna we ýaramsyz täsirlerine gözegçilik etmek mümkin däl" diýen netijä geldiler.

Bütindünýä Saglyk Guramasynyň standartlaryna görä, "halk tebipçiliginiň" hiç birisi howpsuz hasaplanmaýar.

BSG-nyň bellemegine görä, dünýäde her ýylky 55 million abortyň 25 milliona golaýy aýallara howply bolan usullar arkaly geçirilýär.

Hatda adatça howpsuz hasaplanýan mizoprostol hem, lukmançylyk gözegçiligi bolmazdan özbaşdak ulanylanda gaýraüzülmelere eltip bilýär.

"Derman örän ýokary hilli bolup, siz ähli zady görkezilişi ýaly etseňiz hem, şowsuzlyga uçramak mümkindir" diýip, Meri Stoups adyndaky fondda (aýallaryň çaga dogurma babatynda erkinligini saýlama hukugyny wagyz edýän gurama) lukmançylyk boýunça global müdir Dammika Perera aýdýar.

Onuň aýtmagyna görä, tabletkany internetden ýa-da lukmançylyk hünäri bolmadyk kişiden almak bilen aýal abortyň şowsuz bolma mümkinçiligini artdyrýar. Çagany düşürenlerinden soň bolsa, olar ýa masgaraçylykdan we çykdajylardan çekinip, ýa-da daşda ýaşaýandyklary sebäpli lukmana ýüz tutmakdan boýun gaçyrýarlar. Bu bolsa olaryň saglygyna abanýan howpy has hem ýokarlandyrýar.

"Bu ýagdaý gowulaşýar, emma örän haýal depginde. Eger bu babatda bütin dünýäni alsak, onda ABŞ ýaly yza ädim ädenler hem bar. Emma meniň gelejege ynamym uly" diýip, Perera aýdýar.

Arezunyň başyndan geçiren ýagdaýy

Hukuk fakultetiniň talyby Arezu BBC-niň habarçylaryna öz wakasyny gürrüň berdi. Arezu Eýranda ýaşaýar. Arada ol bäş ýyldan bäri görüşýän söýgülisinden göwreli bolupdyr. Onuň aýtmagyna görä, olar hemişe göwreliligiň öňüni alyp gelýän ekenler.

"Men şäherde gören ginekologiki hassahanalarymyň we otaglarymyň ähisine baryp gördüm. Lukmanlar meni barlap, durmuşa çykmandygym üçin abort etmekden boýun gaçyrdylar" diýip, Arezu gürrüň berýär.

Ol ahyry aýrylyşandygy hakynda ýasama resminama taýýarlap, bir lukmany kömek etmäge yrýar.

"Lukman maňa juda gymmat bahadan alty sany tabletka berdi. Emma olar hiç hili täsir etmedi".

Soňra Arezu internetde abort dermanlarynyň çäklendirilen ýurtlaryna şol dermanlary ýollaýan haýyr-sahawat guramasynyň saýtyna girýär. Şol saýtda ol maglumat hem-de ruhy goldaw alýar.

Ahyrsoňy lukmandan satyn alnan tabletkalar täsir edýär we güýçli ganama döredýär, emma göwredäki çaga dolulygyna aýrylmaýar. Bir hepde soňra Arezuny hususy hassahana äkitmeli bolýar. Onuň ýany bilen aýal dogany hem gidýär. "Men olara ýalan sözläp, adamymyň Fransiýadadygyny, resminamalarymyň hem nirededir bir ýerde seýfde gulply saklanýandygyny, maňa bolsa derrew abort etmek üçin lukmanyň kömeginiň gerekdigini aýtdym".

Hassahananyň işgärleri ilki ony kabul etmek islemeýärler. Arezu olaryň özüne ynanyp, hassahana ýerleşdirendiklerini "gudrat" diýip atlandyrýar.

"Men başardygymdan aldadym, netijede bolsa meni kabul etdiler we eýýäm ýarym sagatdan soňra wakuum aspirasiýasyny geçirdiler. Ol meniň ömrümdäki iň aýylganç waka boldy" diýip, Arezu gürrüň berýär.

Dünýäde edilýän abortlaryň 14%-i BSG-nyň klassifikasiýasy boýunça juda howply hasaplanýar. Ýagny, abortlaryň bu bölegini lukmançylyk taýýarlygy bolmadyk adamlar del jisimleri ýa-da ösümlikleriň gaýnadylan suwlaryny ulanmak ýaly, howply usullar arkaly ýerine ýetirýärler.

Şu ýagdaýlarda ýokançlyklaryň ýüze çykmasy we tamamlanmadyk abort howpy ençeme esse ýokarlanýar. Eger abort doly tamamlanmadyk bolsa, lukmanlar derman serişdelerini ulanmagy ýa-da hirurgiki operasiýany maslahat berýärler.

Çaga dogrumynda saglygy goraýyş ugry boýunça ylmy-barlag geçirýän amerikan Guttmaher Institutynyň habarlarynda abortda gaýraüzülmeler sebäpli her ýyl, azyndan, 22800 aýalyň ýogalýandygy bellenilýär.

Terjime eden: Patma Atabaýewa

  • 6582 gezek okalan