Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

ATLANDYRMASY KYN BOLAN ADAMLARA NÄDIP ÝÜZLENMELI?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (7 Ses)

atlandyrmasy kyn

Biz türkmenler garybrak, gowşagrak ýa-da ýarawsyzrak adamlara elmydama seresaply çemeleşip gelýäris. Şol sebäpli hem, türkmenler maýyplyk barada gürrüň edenlerinde "pahyr, görgüli" ýaly sözleri ulanyp, seslerini peseldip gürleýärler. Eger maýyplara bolan şeýle garaýyş dowam etse, men ýagdaýyň üýtgemejegine, diňe beterleşjekdigine şübhelenmeýärin. Sebäbi olary "pahyr" we "kömege mätäç" hasaplap, jemgyýetden çetleşdirmegi dowam etmek ýagdaýlary üýtgetmekden has aňsat.

Men maýyplygy bolan adamlara nähili çemeleşýändigimize we türkmen dilinde olary atlandyrmak üçin nähili sözleri ulanýandygymyzy has içgin öwrenmegi maksat edindim. "Inwalid" sözi iňlis dilinden gelip çykýar. Emma iňlisçedäki "invalid" (maýyp, inwalid) sözi dünýä ýüzünde maýyplygy bolan adamlary atlandyrmak üçin birwagt ulanylyşdan galdy. Bu sözi häzirki döwürde ulanýan adamlar bolsa bisowat hasaplanýar. Türkmenistanyň resmi metbugatynda "mümkinçiligi çäklendirilen adamlar" diýip görmek bolýar. Bu bolsa könelişen rus termininiň "люди с ограниченными возможностями" ýa-da "люди с ограниченными физическими возможностями" gönümel terjimesidir.

Öňler bu termin Birleşen Milletler Guramasy (BMG) we resmi metbugatlar tarapyndan bütin dünýäde ulanylýardy. Emma soňky wagtlarda "eger-de gerekli şertler döredilse, her bir adam deň mümkinçiliklerden we deň kepilliklerden peýdalanyp bilýär" diýen düşünjä eýerilip, "çäklendirilen mümkinçilikler" ýalňyş diýlen netijä gelindi. Şeýlelik bilen hem, "inwalid" termini ulanylyp başlandy.

Geliň, enedilim.com we ajapsozluk.com ýaly saýtlaryň maýyp we inwalid sözlerine berýän düşündirişlerine seredip geçeliň.

↪ Maýyp – Kesellilik ýa-da synasyna şikes ýetmek zerarly ýarawsyz bolan, şikesli, inwalid.

↪ Inwalid – Kesellilik, ýaradarlyk ýa-da garrylyk zerarly işe ýarawlylyk ukybyny ýitiren adam, maýyp-müjrüp.

↪ Maýyp – kesellilik ýa başga bir sebäpden synasyna zeper, şikes ýetip, işden-güýçden galan. (Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi, 2-nji tom, 2016)

Görşümiz ýaly, sözlükler maýyp ýa inwalid adamy fiziki saglygyna zeper ýeten we işe ukypsyz adam edip görkezýärler. Hatda garrylygy hem inwalidlik bilen baglanyşdyrýarlar. Köp adamda maýyplygy bolan adam işlemäge ýaramsyz we işlemeli däl diýen düşünje bar. Türkmenistanda maýyplygy bolan adamlaryň takmynan 90%-ine "maýyp" statusy berlen. Şonuň üçinem, olaryň diňe 8%-i (122,000 adamdan diňe 9,809 adam) işleýär (Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi). Şundan ugur alsak, türkmen dilinde "maýyp" sözüniň esasan fiziki saglyk ýagdaýy ýaramaz bolan adamlar üçin ulanylýandygyny görmek bolýar. Psihologik, psihiki we akyl taýdan kemçiligi bolan adamlar hem maýyp ýa-da inwalid hökmünde görülýär. Köplenç, il içinde olara däli ýa ýarawsyz hem diýilýär.

Häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasy "maýyplygy bolan adamlar" terminini ulanyp, maýyplygyň sosial status däl-de, adamyň saglyk ýagdaýy bilen baglanyşykly lukmançylyk netijenamasydygyny nygtaýar. Men bu termin türkmen dilinde hem ulanylmaly diýip pikir edýärin. Daun sindromy ýa-da autizm ýaly psihologik ýa-da akyl taýdan ösüş kemçiligi bolan adamlar "ösüş aýratynlygy bolan adamlar", "daun sindromly adamlar" ýa-da "autizmli adamlar" hökmünde kabul edilmeli.

Şeýle-de, lukmançylyk netijenamasy bilen adamyň işe ukypsyzdygyny görkezýän anyklaýyş netijenamasyny aýralamak üstünde işler alnyp barylýar. Muňa dünýä ýüzündäki täzeçe çemeleşmä görä, adamyň fiziki ýa-da akyl saglygyny barlamaly, emma bu barlaglar arkaly adamyň işe ukyplylygyny kesgitlemeli däl.

Dogry termin näme üçin gerek?

Eger-de biz haýsydyr bir mowzuk barada aç-açan, utanman we sesimizi peseltmän gürläp bilsek, onda ol mowzuga degişli meseleleri çözmek hem aňsatlaşýar. Eger, biz türkmenler, maýyplygy bolan adamlara "pahyr" diýmämizi bes etsek, olar hem özlerini biz bilen deň dereje görüp başlarlar we özlerini mätäç, ejiz ýa-da mümkinçilikleri çäklendirilen adamlar ýaly duýmazlar. Geliň, deňlik gazanjak bolalyň!

SEN MAÝYPLYGY BOLAN ADAMLARY NÄHILI ATLANDYRÝARSYŇ?

Makalada beýan edilýän pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişlidir. Makaladaky pikirler redaksiýanyň garaýyşlaryna gabat gelmän biler.

Aýperi Söýmeniýewa

  • 378 gezek okalan
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Gaty dogry aýdylan pikirler. Bir söz adamyny göwni çökgünlige, gamgynlyga getirip bilýär. Ol atlandyrma hem öňki derdiniň üstüne...

Okyjy
Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location