Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GYZ-GELINLER ÖZ ONLINE HOWPSUZLYGY BARADA NÄME ETMELI?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (5 Ses)

gyz net howpBir gezek Instagramda köp yzarlaýjysy bolan bir gyz öz suratynyň başga bir sahypada rugsatsyz paýlaşylandygyna gaharlanyp, zeýrenipdi. Şeýle ýagdaýa düşen ýene bir gyz bolsa, uzak wagt geçmänkä sahypasyny ýapdy. Instagramda ýa-da beýleki sosial saýtlarda diňe gyz-gelinleriň suratlaryny paýlaşýan sahypalar bilen hemmämiz tanyşdyrys. Eýsem şol suratlary post edýän adminler suratlaryň eýelerinden rugsat alýarlarmyka? Ol suratlary nireden tapýarlarka? Sosial saýtlarda suratlary esasan köp yzarlaýjy gazanmak üçin ulansalar, olary başga ýerlerde has bet niýetler üçin ulanyp bilmezlermi?

Internet ulanýan gyz-gelinleriň sany köpeldigiçe internetde olaryň mertebesine degjek bolýanlar hem köpelýär. Internetde gelin-gyzlaryň hukuklaryny bozýanlar esasan iki topara bölünýärler:

↪ Kiber ogrulary – bular kompýuteriň üsti bilen seniň şahsy maglumatlaryňy, suratlaryňy we tekstleriňi ogurlap, öz bähbitleri üçin ulanýarlar.

↪ Kiber bulliler we trollar (kiber aňtaýjylar, kiber zorlaýjylar) – bu adamlar elektroniki enjamlaryň üsti bilen saňa azar berýärler ýa-da birahat edýärler. Sen hakda internetde, sosial saýtlarda myş-myş ýaýradyp, paýyş sözleri aýdyp, seni gorkuzyp bilýärler.

Kiber ogrularyna ýa-da kiber aňtaýjylaryna pida bolmak kähalatlarda howpsuz ýaly görünse-de, beýle hadysalar seniň köpçülikde abraýyň gaçmagyna, maddy ýitgä sezewar bolmagyňa, işiňden ýa-da okuwyňdan kowulmagyňa, şeýle-de emosional dartgynlyga we saglyk ýagdaýyň bozulmalaryna getirip bilýär. Emma, internet ulanmagyň bu garaňky taraby seniň internetden we onuň müňlerçe peýdalaryndan el çekmegiňe sebäp bolmaly däl. Çünki seniň online howpsuzlygyň öz eliňde. Aşakdaky maslahat berilýän online howpsuzlyk düzgünlerini berjäý edip, internetden has arkaýyn peýdalanyp bilersiň:

◊ Ekranlaryňy gulply sakla. Telefonyňy we beýleki elektron enjamlaryňy açar sözleri, pin kodlar bilen gulplap goý. Açar sözleriň ýa-da kodlaryň hiç haçan başgalaryň aňsatlyk bilen bilip biljek seneleri ýa-da sözleri (meselem, adyň ýa doglan günüň) bolmasyn. Eger ýakyn we ynamdar adamyň bolmasa, açar sözleriňi başgalar bilen paýlaşma.

◊ App-leriň senden alyp biljek şahsy maglumatyňy çäklendir. Telefonyň app-ler bölümini açyp, her app-iň ygtyýarlaryny (app permissions) sazlap bilersiň. Meselem, aýdym diňleýän app-iň seniň mikrofonyňy ulanmaga ygtyýar soraýarmy? Berme! Ýa-da aýbaşyňy yzarlamak üçin ulanýan app-iň seniň kontaktlaryňy görmek isleýärmi? Ýok, sag bolsun!

◊ Elektron enjamlaryňda bulut (cloud) ýa-da draýw (drive) ulgamlarynyň awtomatik sinhronlamasyny (sync) öçür. Bulut maglumatlar ammary saňa ähli maglumatlaryňy daşarda "bulutda" saklamaga we telefonyňda birgiden ýer boşatmaga mümkinçilik berýär. Emma, bulut ählumumy maglumatlar ammary bolup, diňe seniň däl-de, millionlarça adamyň maglumatyny saklaýar. Bu bolsa suratlaryň, tekstleriň, hatda kontaktlaryň hem aňsatlyk bilen ogurlanmagyna ýol açýar. Buluda we draýwa awtomatik sinhronlamany öçürmek bilen seniň öz maglumatyň öz erkiňe geçýär.

◊ Şifrlenen habarlaşygy hödürleýän app-leri ulan. WhatsApp we Signal ýaly şifrleme ulanýan app-ler alyş-çalyş edilýän maglumatlary diňe okyja we ugradyja okamaga rugsat berýär. Bu esasanam suratlaryňy hakerleriň ogurlamagyndan çekinýän bolsaň zerurdyr. Alşyp-çalyşýan maglumatlaryňy hatda app-i ýazyjylar we döwlet işgärleri hem aňsatlyk bilen okap bilmeýär. Emma şifrlenmäniň hem dürli görnüşleriniň bardygyny unutmaly däl. Meselem, WhatsApp oňaýly we howpsuz hasaplansa-da, onda saňa gelýän suratlar we wideolar gönümel galareýaňa ýerleşdirilýär. Bu aýratynlygy WhatsApp sazlamalaryna girip öçürip bolýar. Signal bolsa, kiberhowpsuzlygy hünärmenleri tarapyndan ynanylýan iň gowy app bolup, ugradylýan materiallaryň belli bir wagtdan soňra öz-özüni ýok etme aýratynlygyny hödürleýär.

◊ Sosial saýtlaryňy ýapyk sakla. Sosial saýtlar ulanyjylara hasaplaryny açyk (public) ýa-da ýapyk (private) saklamaga hukuk berýärler. Eger seniň sahypaň açyk bolsa, seniň post edýän zatlaryňy hemmeler görüp bilýär. Açyk sahypalar trollaryň hüjüm etmek üçin iň köp nyşana alýan ýerleridir. Emma sahypaň ýapyk bolsa, onda sahypaňdaky zatlary diňe seniň yzarlaýjylaryň görüp bilýärler. Hut şonuň üçinem, yzarlaýjylaryň hem tanyş we ynamdar adamlardygyna güwä geçmek möhümdir.

Sosial saýtlarda suratyň senden birugsat ulanylsa näme etmeli?

Sosial saýtlar ulanyjylaryna ýerliksiz, bikanun postlary we spam sahypalary şikaýat etmäge hukuk berýärler. Eger-de sen öz suratyň ýa postuň senden birugsat ulanylandygyny görseň, ol postuň üstüne basyp "şikaýat et" warianty saýlap, şikaýat edip bilersiň. Spam sahypalaryny hem edil şu şekilde sahypanyň üstüne baryp, şikaýat edip bolýar. Sosial saýtyň degişli işgärleri şikaýat edilen postlaryň we sahypalaryň bikanundygyny anyklap, olary pozup aýyrýarlar.

Awtor: Güller Jumaýewa

  • 2988 gezek okalan