Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

ENERGONETIJELILIK BIZE NÄME BERIP BILER

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.40 (5 Ses)

energonetijelilikEnergonetijelilik – bu energiýa serişdeleriniň ähli görnüşleriniň rejeli peýdalanylmagy. Başga sözler bilen aýdylanda, bu energiýanyň peýdaly harçlanmagydyr. Biziň döwrümiziň esasy energiýa çeşmesi elektrik togy we gaz bolup durýar. Türkmenistanyň islendik kysymly jaýlarynda we binalaryda elektrik togy we köpüsinde gaz hem bardyr.

Gyrgyzystanda 2002-nji ýyldan bäri "Unison Grup" jemgyýetçilik gaznasy işjeň hereket edýär. Gurama tebigaty goramagyň çäklerinde ýaşyl ykdysadyýeti gurmak, adam maýasyny ýokarlandyrmak, şeýle hem ýurduň durnukly ösüşine ýardam bermek ugrunda jemgyýet we hökümet bilen bilelikde iş alyp barýar. Gyrgyzystanda eýýäm birnäçe ýyl bäri beýleki gurluşyk-tehniki kadalaryndan başga-da energonetijelilik kadalary boýunça hem täze binalar gurulýar. Men biziň ýurdumyzda hem şeýle jemgyýetçilik guramasynyň döremegini isleýärin.

Energonetijeliligiň kadasy – umuman aýdylanda bu ähli gurulmaly binalaryň energonetijeli bolmagyny talap edýän resminamadyr. Bütindünýä ekologiýa fondunyň we BMG-nyň goldamagy bilen, 2012-nji ýyldan başlap biziň ýurdumyzda "Türkmenistanyň bina gurluşygynda energonetijeliligi özgertmek" hakynda taslama ýola goýuldy.Bu taslamanyň maksady az energiýa ulanyp, parnik gazlarynyň atmosfera goşulmagyny azaltmakdyr.

Meniň pikirimçe biziň saglygymyz we biziň geljekki nesillerimiziň saglygy energonetijelilige baglydyr. Ekologik meseleler häzirki zaman jemgyýetiniň esasy meselesi bolup durýar. Parnik gazlarynyň atmosfera ýaýramagy howanyň we topragyň hilini zaýalaýar. Bularyň ählisi global maýylganlyga we tebigatdaky deňagramlylygyň bozulmagyna getirýär. Mundan diňe bir adamlar däl, eýsem ähli janly-jandarlar zyýan çekýär.

Her birimiz energiýanyň peýdaly ulanylmagyny gazanyp bileris. Energiýany netijeli peýdalanmagyň birnäçe usullary bar:

↪ Biz energiýany näçe az sarp etsek, elektrik toguna we gaza şonça az töleýäris. Hasaplamalar energionetijeli jaýlaryň ýylda ortaça 13% we ondan köp energiýany tygşytlap biljekdigini görkezýär.

↪ Eger şäherlerimizde jaýlaryň köpüsi ýyladyşyň, wentilýasiýanyň, kondisionirlemegiň energonetijeli ulgamlaryny, ýagtylykdiodly çyralaryny ulansa, onda binalaryň elektrik sarp etmesi birnäçe esse azalar. Şeýle ýagdaýda birnäçe elektrik stansiýalaryň işlemegi gerek hem bolmaz. Bu bolsa, atmosfera parnik gazlarynyň garylmagyny azaldar.

↪ Energiýany tygşytlamagyň ýene bir usuly täzelenýän energiýa çeşmelerini ulanmakdyr. Gün ýagtylygynyň energiýasy hem täzelenýän energiýa çeşmesine girýär. Bu energiýa arassa energiýadyr we onuň atmosfera hiç hili zyňyndylary ýokdur. Meniň çaklamalaryma görä, Türkmenistanda ýylda 300 günläp gün şöhle saçýar. Howluly jaýlar ýurdumyzdaky ähli jaýlaryň esasy bölegini tutýar we eger bu jaýlaryň üçeklerinde 4 kilowatt gün panelleri gurnalsa, onda bu ulgam ýylda 5607 kilowatt sagat energiýa işläp çykarar. Netijede şäher torundan elektrik energiýanyň sarp edilmegi ortaça 16% azalar.

↪ Tejribe binalaryň örtüginiň dogry izolýasiýasynyň energiýany ähmiýetli saklamaga kömek edýändigini görkezýär. Tehniki taýdan dogry izolirlenen binalaryň üçegi, pollary, daşky diwarlary we penjireleri jaýyň içindäki temperaturany netijeli saklaýar. Bularyň hemmesi ýyladyş we kondisionirleme ulgamynyň işini ortaça 25-30% ýeňledýär. Munuň üçin täze bina gurlanda ýa-da eýýäm bar bolan bina abatlanylanda, az ýylylyk geçirijiligi bolan izolýasiýa materiallaryny saýlamak gerekdir.

↪ Awtomatik dolandyryşly energiýa hem islendik binanyň energiýa ulanyşyny azaltmak üçin netijeli usuldyr. Binalarda awtomatika ulgamy ýagtylandyryş, ýyladyş we kondisionirleme ulgamlaryny tertip boýunça öçürýär. Binanyň ilatlylygyna görä işleýän awtomatika ulgamlary hem bar. Olar diňe jaýda adamlar barka işleýärýer we adam ýokka işlemegini bes edýärler.

↪ Enjam energonetijeliligiň möhüm bölegi bolup durýar. Ýyladyş, wentilýasiýa we kondisionirleme ulgamlary saýlananda, şeýle hem ýagtylandyryş gurluşlary saýlananda energonetijelilik bahalandyrmasyna üns bermek gerekdir. Bahalandyrma A-dan G-e çenli bolup, "A" has energonetijeli "G" az energonetijeli manyny berýär.

Bu usullaryň ählisi bize energiýany tygşytly ulanmaga kömek eder. Energonetijelilikde iň esasy zat – bu diňe biziň çykdajylarymyzyň azalmagy bolman, eýsem ekologiýanyň we geljekki nesillerimiziň saglygynyň goralmagydyr.

A Siz energonetijelilige nähili garaýarsyňyz?

  • 193 gezek okalan
Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location