Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

TÜRKMENISTANDA ZIBILDEN NÄME EDILÝÄR?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.75 (4 Ses)

zirzibil name edilyarSen gündelik näçeräk zibil zyňýarsyň? Goňşularyň näçeräk zyňýar? Tutuş şäheriňki nähili?

Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky Gurşaw Maksatnamasy we Zoý Ekologiýa Birleşigi tarapyndan hödürlenen "Merkezi Aziýada Sebitleýin Galyndy Dolandyryş Barlagy We Çaklamasyna" görä, 2017-nji ýylda Türkmenistanda biz 0.5-1 million tonna golaý zibil zyňypdyrys. Aşgabatdaky gaty durmuş galyndylary dökülýän ýere her ýyl 200 müň tonna galyndy dökülýär (44-nji sahypa). Eger bir düýäniň agramy 500-800 kg aralygynda bolsa, onda biziň her ýylky döredýän zir-zibillerimiz 1-2 million düýäniň agramyna deňdir. Türkmenistandaky zir-zibilleriň ählisi diýen ýaly zir-zibil dökülýän ýerlere zyňylýar.

↪ "Merkezi Aziýanyň käbir şäherlerinde ýaşaýyş ýerleriniň giňäp ulalmagynyň netijesinde olar gaty durmuş galyndylary dökülýän ýerlere örän ýakyn gelipdirler. Bu bolsa ýaşaýjylaryň saglygyna howp salýar" (62-nji sahypa).

↪ Şeýle-de, Merkezi Aziýa sebitinde "zyýanly senagat galyndylarynyň gömülen ýerleriniň ýakynyndaky meýdanlarda mallaryny otladýan we ol ýerdäki suw çeşmelerinden suw içýän ýaşaýjylar özleriniň zäherlenip biljekdiklerini bilmeýärler" (8-nji sahypa).

↪ Merkezi Aziýanyň ýurtlarynda we şäherlerinde zir-zibiller diňe buldozerler bilen aýrylýar, emma ortaky gatlaklar we gaz çykaryş ýollary ýazylyp bilmeýärler. Bu bolsa köplenç zäherli maddalaryň bölünip çykmagy bilen zir-zibiliň ýuwaşşadan çüýremegine we ýerasty suwuň hapalanmagyna sebäp bolýar (18-nji sahypa).

Şol bir wagtda hem, Barlagda ýurdumyzda rezini, metaly we nebit galyndylaryny gaýtadan işlemek üçin mümkinçilikleriň bardygy aýdylýar. Aşgabadyň golaýynda lukmançylyk galyndylaryny hem öz içine alýan, galyndylary gaýtadan işleýän zawod gurlan. Türkmenistan nebitgaz senagatynda ulanylýan himikatlar bilen işlemegiň ýollaryny kämilleşdirdi we ýod hem-de bromid önümçiliginde bölünip çykýan radioaktiw galyndylary gömmekde gowy netijeleri gazandy. Türkmenistan galyndylaryň daşky gurşawa ýaramaz täsirini azaltmak maksady bilen täze kanunlary kabul etdi (44-nji sahypa).

Türkmenistanyň Statistika Baradaky Döwlet Komitetiniň maglumatlaryna görä, häzire çenli Türkmenistanda düzüminde simap saklaýjy galyndylar (lýuminessent çyralar, dürli enjamlar, termometrler, batareýler, akkumulýatorlar) gaýtadan ulanylmaýar. Gynansakda, şular ýaly örän zäherli galyndylar hojalyk zibilleri bilen birlikde daşary zyňylýar.

Şeýle-de, Türkmenistanda zibili ýakmak däbi hem ýöredilýär. Zibil ýakylanda dürli möçberdäki himikatlar bölünip çykýarlar we atmosfera ýaýraýarlar. Bu bölünip çykýan howa hapalaýjy himikatlaryň düzümine girýän agyr metallar we dioksinler rak keseline, önelgesizlige, we allergiýalara sebäp bolup bilýärler. Dioksiniň iň zäherli görnüşler (THDD – 2,3,7,8) köplenç alakalary zäherleýän strihnin awusyndan hem 500 esse zäherlidir (10-njy sahypa).

Galyndylar bilen iş salyşmagyň howpsuz ýoly olary gaýtadan işlemekdir. Galyndyny gaýtadan işleýän ulgamda galyndy dürli toparlara bölünip, ondan täze zatlar ýasalýar. Barlagyň Türkmenistana degişli bölüminde ýurdumyzda heniz galyndylary aýralaýjy ulgamynyň ýola goýulmandygy aýdylýar. Şeýle-de, kagyzy, aýnany, plastikany, we iýmit galyndylaryny gaýtadan işleýän resmi däl shemalaryň bardygy agzalýar. Munuň netijesinde halkyň galyndylaryny ýygnamak işleri barha gowulaşýar. Emma heniz hem, ähli galyndylaryň diňe 1%-i gaýtadan işlenilýär. Elektron galyndylary, maşynlar we köne maşynlar hiç hili gaýtadan işlenilmeýär. Iň möhüm ýeri bolsa, hasabatda raýatlaryň galyndy dolandyrylyşygy babatdaky biliminiň pesdigi bellenilýär (41-nji sahypa).

Meselem, goňşymyz Gazagystan Nur-Soltan şäherinde 2019-njy ýylda gaty durmuş galyndylaryny aýralap ýygnamagy we iýmit galyndylaryny gaýtadan işlemegi ýola goýmak ugrunda pilot taslamany başlatdy. Energiýa Ministrliginiň maglumatlaryna görä, ýurtda galyndyny aýralaýan we gaýtadan işleýän 130 kärhana hereket edýär. Olar dürli görnüşli önümleriň 20-ä golaýyny öndürýärler. Gyrgyzystanda bolsa, "3 Çaka" ýaly, zibili gaýtadan işlemegi öwredýän işjeň jemgyýetçilik guramasy bar.

Aýralamak we gaýtadan işlemek diňe zir-zibil dökülýän ýerlere gidýän galyndylary, zibil meýdanlaryny, suwumyzy, topragymyzy, we howamyzy zäherleýän zäherli maddalary azaltman, eýsem täze iş ýerlerini döredip, energiýany we býujeti tygşytlaýar. Dünýäde eýýäm zibil dökülýän ýerlerden we zibil ýakmakdan boýun gaçyryp, ähli zibillerini gaýtadan işleýän şäherlerdir ýurtlar bar. Onda biz nämä garaşýarys?

Annagül Seýidowa

  • 725 gezek okalan