Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

HEÝ, GOOGLE, MAŇA DÜŞÜNÝÄRMIŇ?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (6 Ses)

google dusunyarmi21-nji fewral Halkara Ene Dili Güni. Bu mynasybetli Saglyk türkmen internedi bilen gyzyklanýan we ony ýakyndan synlap gelýän Batyr atly hünärmen we synçy bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Saglyk: Ludwig Wittgenstein "Dilimiň çägi dünýämiň çägidir" diýip belleýär. Wittgensteiniň bu jümlesini häzirki döwre kybap getirmek üçin diňe ýekeje söz goşmak ýeterlik "Internetdäki dilimiň çägi dünýämiň çägidir". Biz "internetde türkmen dili bar" diýip bilýärismi? Türkmen dilinde gürleýänleriň näçe göterimi internet ulanýar?

Batyr: Bir milliondan gowrak türkmenistanly internet ulanýar, emma türkmen dilindäki websaýtlaryň sany welin birnäçe ýüzden geçmeýär. Çünki internet ulanýan türkmenleriň köpüsi diňe birki sanjak mobil programmasyny (IMO, Instagram we ş.m.) ulanýarlar. Olaryň köpüsi hatda browzeriň nämedigini hem bilmeýärler we internet diňe birnäçe programmadan düzülendir öýdýärler. Internetden doly baş çykarýan türkmenler bolsa ony türkmen dilinde ulanmaýarlar. Şeýdip şol bir halka aýlanyp dur: türkmen ulanyjylarynyň sany az bolany üçin internetde türkmençe material hem az, şonuň üçin türkmenleriň köpüsi internedi başga dillerde ulanýarlar we türkmençe material döretmeýärler. Bu halkanyň üzülmegi üçin nähilidir bir reforma geçirmek zerur.

Saglyk: Google türkmen dilini tanaýarmy?

Batyr: Ýok, Google türkmen dilini tanamaýar. Googleda gözleg edeniňde ol diňe seniň gözleýän sözüň Googlyň sahypalaryndaky sözlere meňzeş bolsa netije görkezýär. Bolmasa Google seniň türkmençe ýazan soragyňa beýleki dillere düşünişi ýaly düşünmeýär.

Saglyk: Google Terjimeçide (Google Translate) türkmen dili barmy? Näme üçin?

Batyr: Ýok. Google öz terjimeçisini türgenleşdirmek üçin maşyn öwrenişinden (iňlisçe: machine learning) peýdalanýar. Onuň üçin bolsa örän köp maglumat gerek. Diýjek bolýanym, türkmen diliniň Google Terjimeçide işlemegi üçin millionlarça sahypalyk türkmençe maglumat gerek. Internetde türkmençe sahypalaryň azdygy sebäpli, häzirki wagtda Google türkmen dilini öz terjimeçisine goşup bilmeýär. Google Terjimeçide gazak, özbek, gyrgyz dilleri görünýär, emma men ol dilleriň terjime edilişiniň hili barada hiç zat diýip biljek däl. Ýöne olaryň diňe şotaýda bolmasy hem olary türkmen dilinden öňde goýýar.

Saglyk: Öz diliň Google Terjimeçä goşulmasy üçin näme etmeli?

Batyr: Internetde türkmençe materialyň juda azdygy üçin, başga dillerdäki maglumatlary türkmençä öwrüp internede goýup bolar. Emma bu hem aňsat iş däl. Ýakyn wagta çenli türkmen diliniň ýazuwyny barlaýjy gurallar hem ýokdy. Bu bolsa türkmen dilinde dogry ýazmagy has hem kynlaşdyrýardy.

Saglyk: Wikipediýada türkmençe sahypalar/makalalar barmy? Olar näçe sany? Olary gyrgyz we özbek dillerindäkiler bilen deňeşdirip bilersiňizmi?

Batyr: Hawa, Wikipediýanyň hasabatyna görä, ol ýerde türkmen dilinde 5,647 makala bar. Gazak dilindäki makalalaryň sany 226,101, özbek dilindäkiler 133,224, we gyrgyz dilindäkiler 79,843.

Saglyk: Andras Kornai "Sanly Diliň Ölümi" (Digital Language Death) atly ylmy ýazgysynda "häzirki döwürde ulanylýan dilleriň 95% hiç haçan internetde ýol almaz" diýip çaklaýar. Siziň pikiriňizçe türkmen diline şol 95%-e girmek howpy abanýarmy? Näme üçin?

Batyr: Bu gaty mümkin. Edil uly söwda merkezleriniň kiçi dükanlary ýok edişi ýaly, internetdäki uly diller kiçi dilleri aradan aýrar. Adamlar ýörite uly söwda merkezlerine gitmegi saýlaýarlar, çünki olarda has köp dükan bar we söwda etmek has oňaýly. Edil diller bilen hem şeýle: Kiçi dillerde döredilýän materiallaryň (ýazgy, audio ýa wideo) azdygy sebäpli adamlar olardan çetleşip, has köp sanly material hödürleýän uly dillere ýakynlaşýarlar.

Saglyk: Häzirki wagtda internetde türkmen dilinde nähili uly göwrümli çeşmeler we sözlükler bar?

Batyr: Men "Enedilim", "AjapSözlük", "Ýazuw" ýaly sözlükleri we ýazuw gurallaryny maslahat bermek isleýärin. Türkmen dilinde websaýt kän däl, şonuň üçin islendik türkmençe websaýt gymmatly çeşmä öwrülýärmikä diýýärin.

Saglyk: Biziň her birimiz dilimiziň online statusyny beýgeltmek üçin näme edip bileris?

Batyr: Dörediň! Googly öz terjimeçisine türkmen dilini goşmaga ýa-da Microsoft ýa Apple şereketlerini öz operasion ulgamlaryna türkmen dilini salmaga mejbur edip bolmaýar. Biziň bar edip biljegimiz türkmen dilinde online material döretmegi dowam etmek. Näçe material köpelse, şonça-da tiz wagtdan dilimiz internetde ýol alyp başlar.

Saglyk: Söhbetdeşlik üçin köp sag boluň! Saglykda görşeli!

  • 991 gezek okalan