Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

AGYRYLY AÝBAŞYNYŇ AGYRYLY BAHASY

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.57 (7 Ses)

lyatifa

Gyzlar belli bir ýaşa ýetensoňlar, isleseler-islemeseler aýbaşylary başlaýar. Ol indiki 30-40 ýylyň dowamynda her aý gelip durýar. Şeýlelikde olar her aýda aýbaşy serişdeleri üçin çykdajy etmeli bolýarlar. Emma aýbaşy serişdeleri her bir gyz-gelne elýeterlimikä? Men bu gyzyklanmamy kanagatlandyrmak isledim.

Men her bir gelin-gyzyň aýbaşy möwsüminde ulanylýan elýeterli prokladkalara we şahsy arassaçylyk serişdelerine hukugynyň bolmalydygyna ynanýaryn. Bu zenanyň saglygyna güwä geçýär we jemgyýetiň sagdyn ösüşini görkezýär.
Türkmenistanda garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soňra gelin-gyzlar öýde ýasalýan mata-marlyklardan daşlaşyp, import edilýän prokladkalary ulanyp başladylar. "Always" markaly prokladkalar beýleki markalar gelmezden öň iň gowy hasap edilýärdi. Emma olar örän gymmatdy (5 müň manat). Meniň ejem aýda 500 müň manat aýlyk alýardy. Bir gap prokladka onuň aýlyk gazanjynyň 5% barabardy.

Bu gün birnäçe görnüşli prokladkalar ýurdumyzyň öz içinde öndürilýär. Ýöne olaryň elýeterliligi we rahatlygy nähilikä? Bazar-dükanlarda satylýan türkmen prokladkalarynyň bahalary:

↪ Ak Bulut – 9.10 manat

↪ Latif – 14.80 manat

Olaryň bahalary we hilleri import edilýän türk we eýran prokladkalaryndan känbir tapawut etmeýär:

↪ Comfort – 12 manat

↪ My Lady – 10 manat

↪ Perfect – 10.50 manat

↪ Diana – 11.50 manat

Näme üçin türkmen prokladkalary beýle gymmat? Munuň esasy sebäbi olary ýasamak üçin zerur bolan çyg mallaryň daşary ýurtlardan getirilmegi bolup biler. Netijede ýerli önümiň bahasy elýeterli bolman, hatda import edilen önümden hem gymmat bolup bilýär.

Indi bolsa Türkmenistanda aýbaşynyň bahasyny hasaplalyň. Aýbaşy ortaça 4-7 gün dowam edýär. Aýbaşynyň her gününde 5 töweregi prokladka ulanylýar. Adaty prokladkalaryň bir gabynda 8-12 prokladka bolýar. Ak Buludyň bir gabynyň içinde 8 sanysy bar. 4-5 günlük aýbaşy üçin azyndan 3 gap Ak Bulut gerek bolýar. Bu bolsa aýda 45.5 manat çykdajy bolýar. Latifiň bir gabynda 10 prokladka bar. Latif ulansaň aýbaşyň üçin aýda 29.6 manat çykdajy çykýar. Eger maşgalada birden köp gelin-gyz bolsa, onda çykdajy 150 manada baryp ýetýär.

Eger siz şäherde 4-5 adamly maşgalada ýaşaýan bolsaňyz we her adam 2,000 manada golaý aýlyk alýan bolsa, onda 150-200 manat kän agram salmaýar. Emma, eger siziň maşgalaňyzda diňe 2 adam işleýän bolsa we beýleki iki adam çaga ýa ýetginjek bolsa, onda 150-200 manatlyk prokladka maşgalanyň aýlyk girdejisiniň 5% alýar.

Dünýäniň dürli ýerlerinde gyzlaryň elýeterli arassaçylyk serişdelerine hukuk gazanmagyny öňe sürmek we aýbaşy bilen baglanyşykly nädogry düşünjeleri we gürrüňleri bes etmek ugrunda hereketler alnyp barylýar. Meselem, Kanadada okuwçy gyzlara prokladkalar mugt berilýär. Hindistanda we Gazagystanda prokladkalar ýerli şereketler tarapyndan öndürilýär we import edilýänlerden has arzan baha satylýar.

Makalada beýan edilýän pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişlidir. Makaladaky pikirler redaksiýanyň garaýyşlaryna gabat gelmän biler.

Awtor: Aýperi Söýmeniýewa

  • 1856 gezek okalan