Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

TÜRKMEN KAKALARY MAŞGALANY MEÝILLEŞDIRMÄGE NÄHILI GATNAŞÝARLAR?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

masgala meyil kakaMen lukman höküminde öz işimde çaga dogmagy meýilleşdirme meselesine hemişe iki adamynyň – aýalyň we erkegiň deň derejede gatnaşmalydygy we jogapkärli bolmalydygy barada belläp geçýärin. Ýöne men hakykat ýüzünde çagany meýilleşdirme, göwrelilik döwründe ýüze çykýan meseleleri çözme, emosional sarsgylary ýeňip geçme aýallaryň "hormatly paýyna" düşýär diýip hasaplaýaryn.

Maşgalany meýilleşdirmek – bu çagalaryň sanyny, göwrelilikleriň arasyny kesgitlemekdir. Şeýle hem bu düşünje ulanyljak kontraseptiw serişdelerini hem saýlamagy öz içine alýandyr.

Köplenç zenanlarymyzyňň özleri maşgala üçin şeýle wajyp soragda çözgüt çykaryjy, maşgalada çaga sanyny kesgitleýji, nobatdaky göwreliligi meýilleşdiriji adam höküminde çykyş etmäge çalyşýarlar.

Öz dördünji göwreliligi sebäpli hasaba durup, gözegçilige gelen meniň pasiýentim Annagül şeýle gürrüň berýär:

"Biz adamym bilen üç çaga edinip nokat goýmagy ýüregimize düwdük. Ýöne soňabaka mende gyzyma taý edesim gelip, göwreli bolma islegi döredi. Adamym buny oňlamady. Ýöne göwreli bolup, azap görüp dogýan meniň özüm ahyryn. Kiçijik çagany görse adamym hem hemme zada razy bolar..."

Gynansakda, maşgalany meýilleşdirmek, çaga etmek meselesinde biz, aýallar köplenç erkek adamlara "tohumlandyryjy", "tohum atyjy" höküminde seredip, olaryň soňky gatnaşygyny, isleglerini kän bir hasaba hem almaýarys.

Üçünji göwreliligini aýyrtmak üçin gelen Jamal öz gynanjyny gizlemeýär:

"Biz adamym bilen iki çaga etmegi ýüregimize düwdük. Men göwrelilikden goranýardym. Çagalarymyz indi ulaldy – biri 10, beýlekisi 8 ýaşynda. Ýene bir çaga etmegi ýüregime düwüp, goranmagymy bes etdim. Ýöne meniň üçünji göwreliligim adamymy begendirmedi. Ol meniň abort etdirmegimi isleýär. Men bolsam gorkýaryn."

Göwrelilikden goranmak meselelerinde, serişdeleri saýlap almakda erkek adamlar ol diýen gyzyklanma bildirmeýärler. Kontraseptiw serişdeleri saýlama aýallaryň çözgüdi hasaplanýar. Häzir erkek adamlar üçin ulanmaga niýetlenen kontraseptiw usullaryň diňe ikisi bellidir – prezerwatiwler we hirurgiki (tohum getiriji kanaly kesmek) usul. Erkek adamlaryň aglaba bölegi prezerwatiwleri oňaýsyz, duýujylygy peseldýän serişde hasaplaýarlar. Hirurgiki usuly ulanma bolsa gorky döredýär.

Abort etdirmäge hyýallanýan Maýa şeýle gürrüň berýär:

"Meniň iki çagam bar. Dört ýyllap spiral goýduryp gezdim. Soň aýbaşym bozulyp, spirali aýyrtmaly boldum. Bejergi alýançam adamyma prezerwatiw ulanmagy haýyş etsemde, ol oňlamady. Özümçe goransamda, ynha indi aborta gitmeli bolýaryn."

Maşgalany meýilleşdirmek meselelerine erkek adamynyň hem jogapkärli gatnaşmagynyň wajypdygyny her bir durmuş gurýan zenan bilse, her bir öýlenýän ýigit bolsa bildirilýän talaplara düşünse köp kynçylyklaryň çözgüdine ýetip bolardy.

Maşgalany meýilleşdirmäge erkek adamlar düşünjeli, jogapkärli gatnaşanda:

↪ Olar aýal bilen oňaýly kontraseptiw usulyny saýlaýarlar we ulanýarlar;

↪ Olar abort we onuň howply taraplary barada habardar bolup, aýaly ondan goramaga çemeleşýärler;

↪ Göwreliligi meýilleşdirmezden öň diňe bir aýalyň saglygyny däl-de, öz saglygyny hem berkitmäge çalyşýarlar;

↪ Göwrelilik döwründe döreýän kynçylyklary çözmekde, ýeňip geçmekde aýala fiziki we maddy kömek berýärler;

↪ Göwrelilik we dogrumdan soňky döwürde emosional goldawy bildirýärler;

↪ Çaga dogandan soňky döwür çagany idetmäge, terbiýelemäge höwesli we düşünjeli gatnaşýarlar;

↪ Aýaly bilen emosional ysnyşyk güýçli bolup, ol maşgalanyň berkemegine getirýär.

Aýalyň göwreliligi göterip, çaga dogurýandygyna garamazdan, çagany meýilleşdirmäge, olaryň sanyny we göwrelilikleriň arasyndaky wagty kesgitlemäge erkek adamyň hem gatnaşmagyna mümkinçilik berilse, onuň çagalaryň soňky durmuşyna, terbiýesine hem ünsli gatnaşjagy ikuçsyzdyr.

Makalada beýan edilýän pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişlidir. Makaladaky pikirler redaksiýanyň garaýyşlaryna gabat gelmän biler.

Baýramgül Hanowa

  • 508 gezek okalan